TM HYZMAT BILMELI
Nesibede bolmasa bolmajagy eken 6


Meniň ilkinji hekeýam

Durmuşdan alynan

Nesibede bolmasa bolmajagy eken
6nji-Bölüm

Maral ýagdaýlaň gowmy näçe wagt bäri haty bermäň alajyny tapman ahyr şu gün nesibe boldy seni seýle bir göresim gelýä şu gün agşam obaň çetindindäki uly bagyň ýanyna baraýda men garaşarym eger gelip bilmeseň düşünerin.Men sagat agşamlyk 10da bararyn şotak. Uly bag diýilýäni obaň çetinde men kiçikämem bardy uly tut agajy uly bag diýseň obada bilmeýän ýokdy. Men bellenilen ýere baryp epesli garaşdym wagt gaty giç bolupdy.
indi gelmez diýem umyt bn bilen ýöräp başladym. Ine maral
---Näme kakajan eýýäm umydyň üzäýdiňmi diýen sözüne birhili ziňňkildäp gitdim.
---Maralym gijä gallyňla gelmersiň öýdip lapykeç bolup barýadym.
---Seni görmesem bolmaza diýen sözine ýüregim jyzlap gitdi.
---Maral seni halaýanymy indi ejemem bilýä
---wiii aýtdyňmy men Marala şu günki bolam wakany gürrüň berdim olam gülüp hezil etdi Diýýändirler görkli jennetiň hüýri
seň ýanyňda şolam ýönekeý biri
Aşygyň daşyňda ýanyp ýör diri
Ýöne meň halymdan habar ýok saňa
Goýsana Kakajan habarym bolmazmi
---Maral
---How
---Neme
---Aýdyberdä Kakajan
---Nemedä
---bolsana duranyma epesli wagtam bolly
---Maral men seni söýýän Maral meň ýüzüme bakyp mähirli ýylgyrdy aslynda maňa şu jogapdy.
---Maral sen maňa hiç zat aýtjak dälmi
---Näme aýdaýyn kakajan
---Meň aýdan sözüme jogap
Maral sesini çykarman durdy gözlerine bakyp doýup bilemokdym birsalymdan
---Kakajan men gideýin giç bolly wagtam
---Bolýa Maralym haçan görişeris
----Bilmedim men saňa habar ýollaryn
---Bolýa Maral ýöne uzaga çekmegin sensiz bir günüm bir ýyla dönýä şu sözlerden soň Maral kakajana hasam ysnyşypdy
----Bolýa kakajan senem gaýt öýňize alada etmesinler
---Bolýa Maraljan sagbol diýip Maral gözden ýitýänçä seredip durdym şol gün hiç hili gözüme uky gelmedi söýgü şeýle ajaýyp duýgy ekeni. Günler geçip durdy.Maral bn men her hepde diýen ýaly görüşýädik. Eger Maralyň gelip bilmedik günü men hem
düşünmelidim.Aramyz öňkidenem beter ysnyşypdy.Görüp bilmän gaýdan günlerim bolýady şo gün dagy köçesinden 20gezek dagy gatnaýadym. Şeýdip tomusky dynç alyşam soňlanyp barýardy.
Indi biz soňky ýylymyza gadam basmalydyk. Ine okuwymyz hem başlandy.1nji -Sentýabr günidi soňra geçen ýylky klas ýolbaşşymyz başga klasa geçirleni üçin bize täze klas ýolbaşşy bellenildi we biz bn klasda salamlaşyp özüm saýlap sizi oturytjagyny aýtdy alada edip otyrdym.We soňra meni Aýşat bn Ýazgeldinem Maral bn otyrytdy.4ümiziňem ýüzümiz salykdy we ertesi klas ýolbaşymyzyň ýanyna baryp biri birimiz bn oňyşmaýanymyzy aýtdyk we ýerlerimizi çalyşmagyny ahýyşt etdik.Edil diýşimiz ýaly hem boldy Maraly meň ýanyma Aýşadam Ýazgeldiniň ýanyna otyrytdy.
Gülýaly günler aýlanyp durdy men günde Maraly görýän gürleşýän olam meni hemme zat gowydy
Näme okuwyň soňky ýylam gaty çalt geçýär.Bir gün klasda otyrdyk men Marala
---Maral
---How
---Meni seni şeýlebir söýýäm diýsem kakajan yuwaş köpçilikde beýdiýme eşitseler näme
---Eşitseler eşitsinler menä seni söýýän.Maral maňa gaharly seredip samsyk diýdi men bu söze birhili boldum.Soň hiç zat diýmedim sesimem çykarmadym daşyna jaň boldy welin klas ýolbaşymyzyň ýanyma bardym
---Mugallym müňkinmi
---Howwa gel Annagurbanow
---Mugallym maňa rugsat berip bilersiňiz mi birhili kelläň agyrýa welin
---Wiii näme boldy Annagurbanow biri bn gygyryşdyňmy
---Ýokla Mugallym bilemok birden agyryp başlady
---Bolýa gaýdaý birdem ertir halyň bolmasa maňa habar ibergin.
--Bor Mugallym ertir nesip bolsa gelerin.Men klasymyzda hiçkime hat da Ýazgeldä de aýtman öýe gaýtdym.Ýol boýy men ters söz diýdimmikäň diýip pikirlenip gelýädim. Näme eý görýän adamyň birzat diýse saňa üýtgeşik degýä dä öýe gelip eşiklerimi çalşyp naharymam iýmän öz otagyma geçip ýatyp galypdyryn.Tursam ýaňy gün batypdyr.El ýüzümi ýuwyp öýe girsem ejemem nahar taýynlapdyr.
---Gel oglum naharyňy iý günortanam okuwdan ýadap gelip ýatyp galypsyň
---Aý howwa eje azyrak ýadadym.Işdämem ýokdy ýöne onnada ejemiň göwni üçin birki agyz iýmeli boldum.
Birsalymdan öýe Ýazgeldi geldi
---Kakajan otyrmyň gowmy ýagdaýlaň
---Howwa hudaýa şükür gel klasdaş
---Bu gün name okuwdan aýtman gaýdyberipsiňle .
---Aý ýaramadym kelläm agyrdyda gaýdaýdym.
---Men näme üçin gaýdanyňy bilýän seň jogap almadygyň üçin gaýtdyň.
---Sen ony nireden bilýäň.
---Maral Aýşadyň ýanyna baryp aýdypdyr gözüini dollyryp men klasda jogap bermäne utandym birden samsyk sözem dilimden sypdy diýip Aýşada aýdypdyr.
---Wah Ýazgeldi men ondan gaty göremok meň öz soraýşym birhili göwnine degäýdimmikäm diýip otyrn.
---Ýok klasdaş seňkem ýalňşylyrak köpçilikde beýle sorag berme gyz utanar beýtseň.Men Ýazgeldiniň aýdan sözlerine birsalym pikirlendim hasam Maraly gözü ýaşly diýsen sözüne birhili boldum.
Ertesi irden okuwa bardym öňkiler ýaly sapaga başlandy, men Maralyň ýanyna otyryp otyrmankam
--- Maral bagyşla meni
---Ýok Kakajan gaýtam sen meni bagyşla saňa jogap bermedigim üçin we samsyk diýenim üçin
---Birhilirägem boldy Maral köpçilikde soraýşym gaty görme Maralym diýsem mähirli gözleri bn bakyp bolýar diýdi, we men oňa agşam öňki ýerde duşuşaly diýdim
--- Kakajan baryp bilmesem gaty görme ýöne barjak bolaryn diýdi. Men diýilen ýere hemişeki ýaly ir geldim epesli wagt garaşamsoň Maralam geldi.
---Salam kakajan
---Salam Maralym geldiňmi
---howwa garaşdyramok dämi
---Seň üçin bütin ömür garaşaryn. Maral gaty görmeseň birzat sorajak
---Sora arkyn görmerin
---Sen meni söýýäňmi diýip Maralyň elinden tutdym ilkinji gezek Maral ýüzün aşak atyp ýuwaşlyk bn howwa diýdi . Gyzyň eli buz ýaly meniňki bolsa ot ýalydy soňra
---Kakajan men gideýin wagt bir çen bolly
---Bolýa Maralym sagbol ertir okuwa bararsyňa
---Howwa kakajan diýdide gitdi.
Men öýe gelýänçäm öz elime seredip hem gysyp gelýädim gör nähili begençli duýgu.
Şeýdip günler aýlar geçip dur men Marala şeýle öwrenşipdim okuwyňam soňky ýyly bolansoň şeýle tiz geçýädi okuwyň soňkyja aýlarydy klasda otyrdyk Maral maňa naýynjar seretdide
---Kakajan okuwy gutarybam Gullyga gidýärmiň
---okuwy gutaryp az salymdan soň giderin nesip bolsa. Maralyň gözü gaýgylydy
---Näme boldy Maral aladaly görünýäňle
---Sen gullyga gitseň ýüregimä gysar göresim geler
---Maralym gaýgylanma watan öňündäki gullyk borjum ýerine ýetirip gelerin 2ýyldan nesip bolsa soňra da seni gelinim edip alaryn. Maral ulydan demini alyp dymdy. Ine şeýdip okuwyň tamamlanmagyma sanlyja günler galypdy bir günem Maralyň ýüzü şeýle salykdy.
---Maral näme boldy ýüzüň salykla janyň sagmy diýsem
---Kakajan dün ejem hol garyndaşlaň sorapdyr diýdimä
----Howwa
---Şony ýenede sorady gyzym okuwyňam soňlanýa pikiriňi jemleýäňmi diýip. Men Marala ---Bolmasa ejemi ugradaýyn mengoý belläp gaýtsyn diýsem
---Ýok entäk meň özüm gürleşerin ejem bn bolmasa unnoň ugradaý diýip aýdaryn okuwy bir gutaraly entäk.
---Bolýa Maral menem şu gün Ejem bn gürleşip goýaýyn. Men şo gün öýe baryp ejem bn gürleşdim

Dowamy bar

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 3.7/5 (3 baha berildi berildi)


Okaldy: 467. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(4)



 Dilnaza

Gaty gyzykly dowamyna sabyrsyzlyk bn garasyan
23.03.19 22:23
 Arzuw

Yzyny goymak yadynyzdan cykdy oytyan
18.03.19 15:55
 jem_l

Dowamyna sabrsyzlyk bn garasyas.
12.03.19 11:33
 Maral

Gyzykly hem manyly dogamyna garasyas
11.03.19 03:06

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak