TM HYZMAT BILMELI
Nesibede bolmasa bolmajagy eken 7


Meniň ilkinji hekeýam

Durmuşdan alynan

Nesibede bolmasa bolmajagy eken
Jemleýji Bölüm

---Eje Maral şeýdiýýä welin näme
etsek gowy bolar
---Oglum menä bilemok entäk belli zadam ýok diýipdirä bar diýseň men bararyn oglum. Ejemin bu sözi meni rahatlandyrdy. Ertesi men mekdebe baryp Marala ähli zady bolşi ýaly aýtdym. Maral
---Kakajan menem ejem sözü açsa aýdaryn diýdi. Okuwy gutarmagyma 1hepde galypdy okuwçylaryň
hemmesiniňemmesiniň ýüzü salykdy. Meniňem bar pikirim Maraldy okuwy gutaryp enem atamy ugradaýsamykam birhili göwnümde çyglyk bardy. gaty binjalyk bolýadym. Göz açyp ýumasy salymda 1heppdede geçdi. Ertir soňky jaňdy Herkim taýynlyk görselerem ýüzleri salykdy. 10Ýyllap bile okan oglan gyzlaň bn aýra düşmek kimisi Watan gullygyna gider kimisi ýokary okuw jaýyna
Gyzlar bolsa durmuş gurarlar käsi bolsa ýokarky okuw jaýyna girerlerler. Ine saňky jaň dabaraly ýagdaýda jaň kakyldy.Kimiň gözü ýaşly kimiň gözi begençli meň bolsa bar pikirim Maraldy.Mugallymlar bn sagbollaşdyk ine şeýdibem okuwy gutardyk. Egzaminlerem başlandy soňra men Ýazgeldä
---Ýazgeldi Aýşada aýdaý Maral şu klasa gelip gidäýsin
---Bolýa Kakajan häzir aýtjak bolaryn. Birsalym garaşamsoň Aýşat bn Maral geldi Aýşat öňkileri ýaly men gelýän diýip bahana tapyp gitdi. sorňa men Marala
---Maral ine okuwam gutardy görüşmämizem kyn bolar az salymdan watan gullygyna da giderin. Maralyň gözü ýaşardy we ulydan demini aldy.
---Maral aglama nesip bolsa watan gullygyn dynyp seni gelin edip alaryn diýsem ýylgyrdy.Ýöne meň içimdede hasrat gopýady .
Maraly görüp bilmejegime egzaminler tamamlandy herkim öz ýolyna Günler aýlar geçip durdy biz Maral bn arasynda şol öňki ýerde duşulýadyk. Hatam indi menä Ýazgeldä Ýazgeldem Aýşada Aýşadam Maral berýädi. Güýz paslydy bir gün öýe gelsem Ejem ---Kakajan oglum saňa hat gelipdir menä açybam görmedim. Men Hat Maraldan gelendir öýdip ylgap baryp haty açsam Watan gullygyna çagyrlyş hatydy ýene 20 günden men Watan gullygyna gitmelidim. Agşam düşüp düşmänkä Ýazgeldilere bardym we Marala ýazan hatymy gowşyrdym.we derrew öýe gaýtdym men birzada binjalykdym. Ertesi agşam şo öňki ýerde Maral bn duşuşdym Men oňa watan gullygyna gitýändigimi we 18 gün galanyny aýtdym. Maral şeýle göz ýaş dökdi welin ýüregim gyýym gyýym boldy zordan köşeşdirdim Maraly
---Maňa garaşarmyň diýsem
---Garaşaryn saňa gelýänçäň
---maral maňa hat ýazyp dur ýazan hatyňy Aýşada Aýşadyň özi Ýazgeldä gowşyrar.
---Bolýa hökmam ýazaryn senem hökmän ýazyp durgyn sensiz ýüregimä gysar
---Gyssyrma Maralym hä diýmän geçer 2ýylam
Doldyramda ýaňy on sekiz ýaşym
Watan gullygyna gitmeli boldum
Gelerin garaşgyn ak bagt guşum
Diýip aýralyga dözmeli boldum
18 günem geçdi.
Bu gün men watan gullygyna gitýärin. Wakzala gelsem Aýşat Ýazgeldi Maral hem gelipdir.Maralyň gözü gözýaşa bürendi.Enem atam bn soňra bolsa Aýşat Ýazgeldi bn soňynada Maralym bn
---Gülüm gamlanma hat ýazyp duraryn senem hatlaryň kem etmegin. Maral zordan sagaman gidip gel garaşaryn diýdi poýuz ugrady.Ine Mary welaýatyna Harby gulluga geldik görmedik ýerlerim owadan ýerleri bar eken. Şeýdip Gullyga başlady köp zady öwrenýädik. Soňra öýmize we Maral hat ýazdym. 10Günden soň maňa hat geldipdir. Öýmizden gelipdir hemme zat gowyçylyk janlary sag aman .
Ýöne Maraldan hat gelenokdy. Soňra harby kasamy kabul etdi bizi bölümçelere böldiler. We bir gün okuw sapagy geçip otyrkak bir esgerimiz maňa hat gelenini aýtdy meb öýden gelendir öýdüp öz ýanymdan pikir etdim. Okuw gutaransoň haty okasam Mähribanymdan gelipdir.Hatynda"Salam gowmy ýagdaýlaň janyň sagmy sem ýazan hatyň täzelikde geldi maňa menem gowy alada etme seni göresim gelýä ýazan hatyňy bagryma basyp ýatyp galýan nesip bolsa gelersiň menem seňki
bolaryn Ýüregim bn söýýän diýip hatyn jemläpdir"Bu haty okap begenjime ýanymdaky esgeri gujaklapdyryn.Günler geçip durdy öýdenem Maraldanam hat gelip durdy .Şeýdip bir ýyl 6 aýymy geçirdim. 1aý bäri Maraldan hat gelenokdy 2aý boldy Maraldan hat ýok ahyr özüm ýene Ýazgeldä hat ýazdym hatymda"Ýazgeldi gowmy ýagdaýlaň öý içer obalaram saglykmy meň Maral ýazýan hatlarymy marala berýäňmi Maraldan hat gelenokla welin
Ýazgeli orta mekdebi tamamlap ýokary okuw jaýyna giripdi.1Aýdan öýden hat gelipdi meniň gaýtmagymada 2aý galypdy. Hatynda"Oglum gowmy ýagdaýlaň sagaman gulluk edip ýörmiň oglum Maraly alyp bilmedik olaň ejesi kakasy öz garyndaşlaryn berjekdigini aýtdylar. Aýşat klasdaşyň aýtdy Maral guda geldiler diýip şo günü menem gitsem meniň sözüimi almadylar.Soňam birki gezek giditdim sözüm alynmady oglum Maralyň özü hem näme etjegini bilenokdy Ejeň kakaň ýüzüne gelip bilmädir
Oglum gynanma "NESIBÄŇDE BOLMASA BOLMAJAGY EKEN" gynanma söýen ýaryňy alyp bilmedik başyňy dik tut jan oglum bu sözleri okaýançam hatyň ýarysy öl bolupdy. Gözýaşlarymy saklap bilmedim Näme etjegimi bilemokdym. Maralyň günäsi ýokdy Ejesiniň kakasynyň ýüzüne geljek gyz däldi ony bilýädim.Ýanymdaky esger dosdym göwinlik berip boljak işe çäre ýok belki gowysy bolsun näme etjegimi bilemokdym Garaşaryn diýip wada beripdiň
Senden başga ýar bolaryn diýipdiň
Gidemden soň özgäň ýary bolupsyň
Seň üçin hasratlar çekmeli boldum

Ýadyňdamy sen meniňki diýenim
Janym diýip jandan eziz görenim
Durmuş gurdam diýip arzyw edenim
Bu gün arzuwymdan geçmeli boldum
Ine bu gün öýe gaýtýan Watan gullygyn dynyp öňümde näme bardygyny bilemokdym. Ine maşynly signal sesli howlymyza girdim. Ejem kakam bn görüşdim.
Ejemjanyň gözü ýaşlydy bilýänl o göz ýaşyň gynanç gözýaşydygyna obada birzadym kem ýalydy
Watan gullygyn ýerine ýetirip
sagaman öz ojagyma dolanyp
Seň ýoklygyň ýürek bagrym dilip
Ýoklygyňa çydap gezmeli boldum.
Ertir meniňä üýşmelegim gullukdan gelenimiň. Maralaň gaýdyp gelýän ekeni. Ertesi üýşmeleňi sowup Ýazgeldilere birsalym gideýin diýip barýarkam öňümden.Maral bn ejesi bir ýerden gelýädiler men diňe başymy atyp salam berdim.
Ençe ençe arzuwlara çümüpdik
Özge ýara ýar bolmarys diýipdik
Göz bollimi dil bollimi bilmedik
Özge ýara gelin bolup gidipsiň

Şondan gaýdyşyma Ýazgeldilere barman hemişeki duşuşýan ýermize bardym agşama çenli aglap aglap otyrdym elimden gelýän zat ýok."NESIBEDE BOLMASA BOLMAJAGY EKEN" näçe söýseňen ugryna özüň pida etseňem bolanok eken
Nädip dözdüň indi meniň halyma
Duşup bilmedim söýgüli ýaryma
Gynanyp agladym çöküp dyzyma
Eziz ýarym menden alan durmuşym

Awtory:Annagurbanow Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.4/5 (20 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(15)



 karkara

Gaty gynançly hekaýa soňky ýazjak hekaýalaryň gyzykly bolmagyny arzuw edýäris.
13.05.19 14:06
 Anonimus

gaty gowy hekaya eken ,yone biraz gynançly
06.05.19 13:57
 Nesibe

Hekaýa diýeniň şular ýaly bolsunda😢....Gaty gowy welin gynançlam maňlaýda bul üstünlik ýaranyňyz bolsun!👍
03.05.19 11:12
 Nesibe

Hekaýa diýeniň şular ýaly bolsunda😢....Gaty gowy welin gynançlam maňlaýda bul üstünlik ýaranyňyz bolsun!👍
03.05.19 11:11
 kerwen

Dostlar nadip 5yyldyz bermeli sony aydayynda
24.04.19 10:10
 kerwen

Gaty gowy hekaya cyndanam nesibande bolmasa bolanok eken
24.04.19 05:12
 Jennet

Hakyky Nesibande bolmasa bolanok. Gaty gowy hekaya
18.04.19 09:50
 Ms Angel

Gynancly waka.Yöne näme yazyanyñyza seredip onsan yazsañyz gowy bolar: " Senden başga ýar bolaryn diýipdiñ" shu setirde öte yalñyshlyk.Yöne gowy okayanlar düzedip okayandyr
14.04.19 02:13
 Anonimus

Hekaya gowy yone her sapar sony gynancly hekaya yazyanyz
21.03.19 14:30
 jem_l

gutlaýan gaty gowy..
21.03.19 10:23
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 15-6

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak