TM HYZMAT BILMELI
Ölümden halas eden nika ýüzük 2


Ölümden halas eden nika ýüzük

(Durmuşda bolan waka)
(2-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Nurjahan azajyk köşeşip daş çykdy we daşarda duran hossarlaryny täzeden gujaklap aglap salamlaşdy....

Nurjahan birden
-waý maňa pul getirdiňizmi, men puly bir nätanyş ýigitden aldyma
-howwa getirdik, diýip gaýyn atasy puly uzatdy
Nurjahan puly alyp dogany bilen Şatlygyň gözlegine gitdi. Gaýynlary bolsa renimasiýaň daş ýüzinde lukmanyň bejergisiniň netijesine garaşdylar Nurjahan Şatlygyň salgy beren bagynyň aşagyna bardy, görse o taýda Şatlyk ýokdy, ol otyranlardan
-maňa bir ýigdekçe gerekdidä, adymam Şatlyk diýdi, ol niredekä
-bärdä ýok, biziň aramyzda Şatlyk diýip ýigithä ýok diýip bir ýaşulyrak ýaşuly jogap berdi
-ýaňy bir sagat ýarym sagat, men o taýda bagyň aşagyndadyryn, adym hem Şatlykdyryn, ýylgyranda dodagynyň bir gyrasy “towşan dodak”ýaly bildiripjik duran oglandy. Men ondan pul aldym, şu wagt getirdiler, şu puly beräýiňdä şoňa
-ýok gelin, bizde Şatlyk ýok, puly bolsa alyp bilmeris
O barmaga aňyrrajykda otyran bir gelin
-aýu jora bärik gel
-siz tanaýaňyzmy ony
-Ýok tanamok ýöne hassamyz üçin biriki gezek dermanhana ugradyp derman getirdik. Olaryň näsagy ýogaldy ýaňyrak, we alyp gitdiler
-wahey olar nirede ýaşaýarka
=ona bilmedimdä
=men nädip tapyp bilerkäm, ol maňa pul berdä ony bermelä
=indi o içindäki lukmanlardan soraýmasaň, bilmedikdä
=hany sorap göreýin
Nurjahan şeý diýdide yzyna dolandy
Gelip ýagdaýy hossarlaryna aýtdy
=gaýgy etme gelin, yurdyň içinden çykyp gidenoga, oglym sagaman gowy bolsun, özüm elin tapyp tabşyryp gaýdaryn, diýip gaýynatasy Nurjahany köşeşdirdi
Aradan bir sagat geçenden soň Ahmediň bejeriş lukmany daş çykyp
=gözüniz aýdyň çöregi bitin ekeni, hassaňyz özüne geldi, indam ajykýan diýip gygyryp ýatyr, hany iki sanyňyz girip görseňiz görüň, ýagdaýy kadaly şu durşy ýaly oňat bolsa bölüme geçirjek diýdi, onsoň ýanynda biriňiz bolyp bilersiňiz, diýdi
Nurjahan lukmana taňyrýalkasyn berip, düýnki gygyryp gaýdany üçin bagyşlaň diýdi
Lukman bolsa çalaja ýylgyrdyda
=hany onda birňiz görmäge girip bilersiňiz, galanlarňyz äpişge gapdala bar, edil görünmese-de sesini eşdip bilersiňiz
Nurjahan Ahmedi görüp çykdy. Onyň ýagdaýy gowy ýatan ýerinde lukmana bildirmän iýer ýaly bir zat getirsene, diýip ýatyr
=wah gowy bol, soň bar zat hem bişirip berjek diýdi
=bar zat iýer ýaly bolan däldirle, işimä gördi ol iki sany hyýar
=garaş gatyk içseň bolýa diýdi, şu taýdan alyp geleýin, towuk çorba hem çorbasyny ýagsyz edip bişirip iýdirseň bolýa duýdi, soň ejeň dagy öýe gitýar, men gaýnym bilen galýan, seni bölüme geçirenini görman gitjekdäl diýdi
=bolýa, tizrak getir onda
Nurjahan hassahananyň gapdalyndaky dukandan gatyk, sok alyp şepegat uýasyna berip gaýdy...
Ähmediň ýagdaýy gün geldigije gowlaşlardy 13 gün diýlende, ol sagaman ojagyna dolanyp geldi
Ähmediň kakasy Ähmet ölüm ýassygynda ýatyrka hassahana howlygyp gelýarkä ýolda, lukman hekimiň ýolyna bir janly hem aýdypdy
Ahmet öýe gelendensoň ol, janlyny baş saglyk sadaka berip öýine gaýtdylar Sagaman aýak üstüne galan Ahmet işine başlady
Nurjahan Şatlykly wakany Ahmede aýdypdy we Ahmet Nurjahana täze nika ýüzügini alyp berdi
Nurjahan ol nika ýüzügini barmagyna bir deňäp gördüde, ýan gapjygyna salyp goýdy...
Aý gün geçip durdy, Nurjahan nirä gitsede gözi Şatlygyň gözlegindedi, belki bazarda zatda gabat geler diýip, ondan alan pulyny sumkasynyň içki kisesine daşyny elýaglyk bilen dolap gizläp goýdy
Aradan bir ýyl geçdi. Ýöne Şatlykdan hawar hatyr ýokdy. Ol hassahana baryp şol günki aradan çykan üç sany adamyň öý salgysyny alyp, şo boýunça gözlemegi ýüregine düwdi
Ýöne ol salgylardan hem Şatlygy tapyp bilmedi.
Nurjahan şol gün alyjyraňly ýagdaýda wagty dadyna Hydyr ata ýaly ýetişen bu ýigdekçäni gözlemedik ýeri galmady
Ol aralygynda pikir etýardi, ýa Allajan maňa pereişdeleriniň birini kömege ugadaýdymyka, ondada ol nika ýüzügin eline dakda, ruh bolsa daňyp bilmezda, diýip hem pikir etýardi

Aý gün geçip durdy. Günlerde bir gün Ahmet
=Nurjahan işdeş oglanlaryň biri jigsini öýerýar, maşgalaňyz bilen geliň diýdi welin agşamky toý mekanyna maşynly bile baryp gaýdaýaly, işdeş dostymyň özi gelni, sen men. Gelniňi al gelniňiň ýanyna ýoldaş bolar hemde toý görüp gaýdar diýdi
=bor gidaýerin
Agşamlyk toýa bular 4 bolyp gitdiler, işdeşler üçin ýörüte bellenen ýere baryp otyrdylar
Toý başlapdy, ýaşlar özlerine niýetlenen ýerde otyrdylar, toý şaňalaňly gidip durdy
Işdeşlerine söz berildi. Ahmet söz berilişikden soň bir tans edip öýe gaýdaly diýip Nurjahana aýtdy
Toý gutlagy aýdylyp işgärler bolyp tansa başladylar. Nurjahan Ahmediň işdeş dostynyň gelni bir tansyň bir gyradynda el çarpyp durdy. Bolýan zatlara seredä bir ýarym ýyllap gözlap ýören ýigdi bu günki toýyň sebäpkäri bolyp dur. Şatlygy uzak aralykdan tanan Nurjahan sesin çykarman göni ýaşlaryň otyran ýerine ýöredi, muny gören Ahmet hem onyň yzyndan ýöredi
Nurjahan Şatlygyň göni ýanyna baryp sen men yok gujaklady, soň onyň gelnini gujaklady. Şatlyk Nurjanany tanady
Nurjahan Şatlygyň durmyş toýyny, bagt toýyny gutlap, egnindaki kiçijek sumkajygynyň jübüsünden akja elýalyga dolangy duran puly çykaryp berdi we =Şatlykjan, jigimjan meniň dadyma şol gün sen ýetişmedik bolsaň Ahmediň näme boljagy belli däldi, ine buda ýoldaşym Ahmet, pulyňy al taňryýalkasyn jigim bagtyňa guwan, Hydyr ata ýaly dadyma ýetişdiň, Hatym taý ýaly ýüregiň bar eken, tanamadyk adamyňa şonça puly ynandyň, şonda maňa, diýip Şatlygy we gelnini gujaklap pulyny gaýdyp berdi
Şatlyk bolsa ýylgyrypjyk
=seniň nika ýüzügiň dakynyp, muny naçe gezek kejeleşip aglatýadym, buda ynanyp aglaýady Ahyr öýlenmedim diýip ejem dagy gudaçylyga baranda ynanda, diýip gelnine seretdi
Gelni bolsa çalaja ýylgyrypjyk durdy. Bular bir birine mynasypdy, göýä asmandan perişdeler ýere düşen ýalydy
Şatlyk Nurjahanyň nika ýüzügin gaýdaryp berdi. Nurjahan nika ýüzügin alyp barmagyna dakdy we Ahmediň nika ýüzügiň ýok diýip alyp beren, nika ýüzügin kiçijek sumkajygynyň yzky çüwsünden çykaryp Şatlygyň eline dakdy we =bu nika ýüzük seňki, ana nesip etsin, bagtyňa guwan,toýdan soň ýaşlary öz öýine çörege çagyryp, öý salgysyny berip öýlerine gaýdylar...
Nurjahan öýe gelip 1.5 ýyldan bäri pikir edip abat ýatmadygyna nämemi ýada arkasyndaky agyr ýüküni aýyranynamy nämemi, öýe gelip kellesini ýassyga goýandan özini bilmän süýji uka gitdi......

Soňy


Okaldy: 565. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(13)



 Azat

Ýagşylyk ýerde ýatmaýar diýýäler könelerimiz. Şolar ýaly perişde sypat adamlar biziň durmuşumyzda hem gerek-dä.
14.06.19 23:44
 GÜLJAN

Salam Nowcagül menin adym Güljan menin 16 yashly oglan doganynym 2018 de yogally 😭😭😭men doganjanym ucin hekaya duzjek mana komek edip bilermin men hekayamy gijjikge kitap edesim gelya yone ony dine yekeje kitap edip ejeme berjek mana komek edip bilersinizmi hayysh Nowcagul men bn habarlashay 63851819 dine komek edip bilseniz habarlashayyn
04.06.19 23:27
  Karkara

Gaty gyzykly sag Nowçagül ýenede täze-täze ýazjak wakalaryňa garaşýas uzak ýaşa elleriňe saglyk!!!!!!!!!.
13.05.19 20:54
 Altyn

Gaty gowy Satlyk yaly adamlar goy kopelsin.Nowca doganjan sagbol ahli yazyan zatlaryny gowy gorup okayan.Dowamly bolsun.
09.05.19 16:08
 Jennet

Gowy hekaya
18.04.19 13:44
 ayka

Very good
11.04.19 12:12
 2002

Gaty gowy yazylypdyr. Berekella.
25.03.19 20:37
 gozel

Allajan yagshyzadalar kopelsin
08.03.19 23:21
 Gurban

Durmuşda käte şeýlede bolýar.. Ülkämizde Şatlyk ýaly ýigitler köp bolsun.Nowça galamyñ ýiti bolsun. Üstünlik.berrekella
18.02.19 14:06
 Ahmedik

Gaty gowy
18.02.19 03:41
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 13-4

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak