TM HYZMAT BILMELI
Ölümden halas eden nika ýüzük


Ölümden halas eden nika ýüzük

(Durmuşda bolan waka)
(1-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Renimasiýanyň işiginde iki ýana alakjap ýören Nurjahanyň, indi kime ýüz tutjagyn bilmän, ýene renimatolog lukmanyň işigin kakdy Täzelikde işe başlan lukman Nurjahany görüp gapdalynda duran otyrgyça geçmegini aýtdy. Otyrgyça geçen Nurjahan aglap başlady. Lukman ýerinden turyp stakana suw guýyp berdide
-Jigim köşeş, bizem elimizde gelenin etýas, ýöne oňa gerek şo dermany welin hökman tapmaly, ol bolmasa hassa heläk bolmagy mümkin
-lukmanjan elimde uçymda hiç zadym ýok, barjasyn hem agşamdan bäri däri dermana gitdi.
Bärde arkamyzy direjek hossar hem ýoga, häzir doganym ýetip gelýar.
Ol taksi bilen gelýança hem azyndan 4-5 sagat gerek, egerde öziňizde bar bolsa uryň, men doganym puly getirdigi, tölegin geçjek
-jigim senem düşün hassahana goýberilýan bar dermanlary baş lukmanyň kömegi bilen, baryn mugt etdik, barça dermanlarmyzy etdik, ýenede eger şu hassahanada bolsa hökman ederis biz hassany kyn ýagdaýda goýamyzok, bäri agyr keseller bölümi, başga bölümler tölegli bolsada agyr keseller bölümi tölegsiz, bar dowlet tarapyn berilýän ähli dermanlary hem hassalara ulanýas.
Sizem düşüniň bir alajyn edip merkezi dermanhana bar we alyp gel -bor lukman hany men doganym nira ýetdika bileýin
-hany tizleşiň naçe tiz bolsa şonça-da gowy
Nurjahan daş çykdy. Renimasiýaň daş ýüzinde diwara arkasyn berip, eli bilen maňlaýyn tutyp aglady........

Nurjahan Ahmet bilen Balkan welaýatyna gullyk borjyny ýerine ýetirmäge giden jigsiniň harby kasamy kabul etmeli güni, onyň yzyndan gidende şol harby bölümde tanşypdy
Ol şol günden soň gepleşip bir birini sulhy alyp, goşlaryn birikdirmeli diýip maslahat edip hossarlaryna pikirleri aýdanlarynda, iki gapdal hem ýaşlaryň söýgüsiniň öňinde badak salyp durman razy boldylar
Aralary daş, welaýatlary aýra hem bolsa yurdyň içinde ýakyn daşy bolmaz, naçe daş bolandada gatnaşjak adam daş ýoly ýakyn etýar, naçe ýakyn bolaýsyn gatnaşmajak adam ýakyn yoly hem daş bolýandyr diýip Nurjahanyň ene atasy, esasy ýaşlar göwnese bize bolýa, nirede bolsada aglamasa bor diýip razylyk berdiler Toýlary hem uzaklaşdyrylman boldy
Toýdan soň Nurjahan Ahmetiň iş ýerine döwlet tarapyn jaý berilýanjä kireýne otag alyp, onyň ýanyna gitdi

Bu gün Ahmetiň doglan günidi. Nurjahan ir säherden ony muny bişirip agşama jüýjeli palow bişirip, gapdallaryndaky magazinden palowyň ýanyndan iýer ýaly konserwirlenen hyýar pomidor ýapylan bir banka, we taýýar käşir işdäaçar hem alyp geldi
Ahmet işden gelse saçak giňden bezelen, ortada süýjüde tort, saçagyň üstünde diliň geplän zadynyň barsy bardy. Ol işden gelende
-Ahmet doglan güniň gutly bolsun, nahar taýýar geç hany
-jana ezizim gelin diýip şuňa aýdaýsaň, diýip Nurjahanyň ýaňagyndan taýly gezek öpüp ýuwajadan pyşyrdady “täze ýyl doglan günümde şu saçagyň üstündäki zatlar owadanja bolyp durman, akan dökän, dyr bulaşyk bolyp, ýüzi gözi şokolat bilen çyrşalan bir oglanjyk ýa gyzjagaz maňa sowgat et ”
Nurjahan ýylgyrdy
-Agzyňdan Allajan eştsindä hernä
-guý onda palowyň, jüýjeli palow nesip edenden bileje iýeli
Nurjahan nahar guýyp Ahmet bilen nahar edindi
Aradan iki sagat geçmänkä birden Ahmet içini tutyp gaýtaryp başlady
-Nurjahan o ýapylan bankadaky hyýar pomidory gowy görüp iýdimdä welin ýakmady öýtýan
-tiz kömegi çagyraýynmy ýa
-hany azajyk çydajak bolyp göreýin, aýrylmazmyka
Ýene bir sagat töweregi geçýançä Ahmet naçe çydajak bolsada bolmady. Ol ahyr Nurjahan çagyraýmasak köriçege bolaýmasyn, oda içde ýarylaýsa nä bolar
-Ahmet menä çagyrjak gorkýan, diýdide tiz kömegi çagyrdy
Tiz kömek gelen badyna, Ahmeti göni hassahana alyp gaýtdylar. Hassahana gelensoň Ahmet özinden gitdi, ony agyr keseller bölümine ýerleşdirdiler. Nurjahany welin ýanyna salmadylar. Aradan bir iki sagat geçdi, her 5-10 minutdan ýagdaýy nähilikä diýip sorap nobatçy lukmany hem gününe goýmady. Aradan 4 sagat geçenden soň Ahmet özine geldi. Ol çalaja iňledi. Nurjahany welin görmäge ruhsat bermediler
Nurjahan bolsa aglap şol agyr bolansoň maňa aýtmajak bolýaňyz diýip lukmana gygyryp hem gaýtdy
Lukman bolsa nasagy binjalyk etmeli däl agyr bolsa onyň ýagdaýy gaty agyr diýip duýdyrýas. Siziň hassaňyz bolsa özine geldi. Indi gorkara zat ýok diýip köşeşdirdi........

Nurjahan renimasiýaň daş ýüzündäki diwara arkasyn berip maňlaýyn tutyp aglap otyrşyna ýanyna gelen yigdekçäni aňşyrmady we ol ýigdekçe Nurjahana -salam dogan siz näme beýle aglaýaňyz, hassaňyz özine geldi ahyry, ana biz tutyş hossarlarmyz bolyp 4 günden bäri şu ýerde, heniz hem özüne gelenok, şükür ediň, siziň iki ýana ylgaşlap ýöreniň görüp ýanyňyza gaýdanymy özümem duýmadym sizde dogan garyndaş yokmy, nämeüçin bu agyr keseller bölüminiň işiginde siz ýeke
-wah dogan barla, ýöne uzakda, edil beýle bolar öýdemok, olar hem gelmeli
-aglamaň onda
wah aglajak dälde, ýöne pulym yok bir sany ýekeje damja ukol barmyş şo bolsa has hem gowy bolýa diýdi, oda bärde yok, merkezi dermanhana gidip alyp gelmeli, näme o tayyk baranyň bilen tanyş zadym däla ýazdyryp alar ýaly, nagt pulyn tölemeli
-siz sesiňizi goýyň men talyp hakym ýaňja alyp gaýdym, şuny siz alyň, doganyňyz geler welin berersiňizdä, bizem şu ýerde otyrys, adym hem Şatlyk Şatlygyň uzadan pulyna seredip duran Nurjahan puly aljagyn almajagyn bilmän seredip durdy, nätanyş ýigdekçeden onça pul almaga çekindi we -Şatlyk puluň şu wagt maňa gaty zerur, siz şuny alyň, soň pulyňyzy alaýyn, bolmasa alyp biljek däl, maňlaýymda näme bolsa görerindä, diýip elindäki nika ýüzügin çykaryp uzatdy
-yok men siziň nika ýüzüňizi alyp bilmenä
-şuny alyň häzir pul geldigi men ýüzügim alyp pulyňyzy berip gaýdaryn Şatlyk nika ýüzügi almasa Nurjahanyň puly almajagyn bilip, nika ýüzügi alyp barmaklarynyň gabat gelenine dakyp goýberdi
Nurjahan ýylgyrdy
-siziňä bir kemiňiz nika ýüzük ekeni
-aý ýokla men entek okuwym dynmaly, toýa welin heniz irräk, diýip Şatlyk hem ýylgyrdy
Nurjahan Şatlyk ýylgyranda bu ýigdekçäň beýleki ýigitlerden tapawutly, onyň dodagy “towşan dodak ”diýilýan dodagyna seredip, puly alyp merkezi dermanhana gitdi. Dermanhanadan gelýança dogany ene atasy, gaýyn enesi gaýyn atasy, hossarlary bary gelipdir.
Ol olar bilen çalak çulak salamlaşyp dermany bermek üçin lukmanyň ýanyna gitdi Dermany getiren badyna derrew lukman damjany damaryna çatdy we -40-45 minit garaşyň, alsyn damjasyn, soň özümiz çagyrarys we ýanyna girmäge ruhsat bererin
Nurjahan azajyk köşeşip daş çykdy we daşarda duran hossarlaryny täzeden gujaklap aglap salamlaşdy....

Dowamy bar...


Okaldy: 585. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 Aynur

Gaty gowy eken👍
06.05.19 20:42
 Gurban

Durmuşda polisýa bilen lukmana günüñ düşmesin diýleni..gaty gowy
18.02.19 13:39
 Ahmedik

Salam hormatly admin we agzalar! Shular yaly manyly eserlerinizin howri kop bolsun!
18.02.19 03:31

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak