TM HYZMAT BILMELI
Owadan gelniň syry


Owadan gelniň syry

Rowaýat.
Köpüň üýşen ýerinde her hili gyzykly gürrüňler, rowaýatlar eşidýärsiň. Bu gezekki gürrüňdeşlik ýylanlar barada boldy. Biri:
— Hazyna nirede gömülen bolsa, ýylan şony saklaýarmyş — diýse, beýlekisi:
— Ýetişen ýylan her hili zada öwrülip bilýärmişin — diýdi. Şonda Akmyrat baba ýylanlar barada eşidenlerinden gürrüň bermäge başlady.
Gadym wagtlarda güýçli awçy ýigit bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Garagumda aw eder eken. Her alaňa, depä, gola, mahlasy, her çöpe çenli belet eken. Bu ýigit çagaka ene-atasyndan ýetim galypdyr. Oňa garyndaşlary hossarçylyk edipdir. Ulalansoň, awçy bolup ýetişipdir. Bahar aýlarynda, çölüň jümmüşinde aw awlap ýörkä, owadan gyza gabat gelipdir. Ýigit edalyk bilen gyza garap:
— Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? — diýýär.
— Men kerwenden galyp azaşdym. Nirä barjagymy bilemok — diýip, gyz näz kereşme bilen ýigide seredipdir.
Gyzyň gözüne gözi düşen ýigidiň yşky göterilipdir:
— Men öýli-işikli däl. Razy bolsaň, birleşäýseň nähili görýäň?!
— Meniň hem başym bogulmadyk. Kysmatdyrda, senem gowy ýigit ekeniň. Giň sährada nirä baraýyn?!. Obaňa elt, nika gyýdyr. Ýöne şertim bar. Şoňa razy bolsaň men razy.
— Aýt şertiňi.
— Aýtsam, sen köpçülik bilen gatnaşyk etme. Awuňy et-de, bileje ýaşaber.
Ýigit içinden oýlanyp: “Öňem köpçülik bilen kän bir gatnaşyp ýöremok. Şu ýekeligimden bile ýaşanym gowy bolar. Nirden Allatagala bu gyzy maňa ýetirdikä” diýýär. Zenan maşgalanyň ýyly sözüne zar ýigit şerte razy boldy. Öz içinden bolsa bir-iki ýyl ýaşaşanymyzdan soň köpçülige-de öwrenişer — diýip oýlandy.
Awçy gyzy obasyna getiripdir. Ýagdaýynyň ýetdiginden goňşylaryna toý berip, hälki gyza öýlenipdir. Şeýle owadan gyzy görenler haýran galypdyrlar. Gözüne gözi düşenler welin, özüni ýitirýän eken. Diýseň owadanmyş.
Ýöne goňşylary bilen gatnaşyyk etmegi hiç halamaýan eken. Wagtyň geçmegi bilen bularyň iki çagasy bolupdyr. Ýigidiň bolsa şol köpçülige gatnaşman, awa gidip ýörşi eken.
Günlerde bir gün ýigidiň garyndaşlaryndan biri aradan çykypdyr. Ýigit gelnine geňeşmän ýas ýerine barypdyr. Ol bir dana ýaşulynyň ýanynda oturmaly bolýar. Ýaşuly:
— Awçy, sen bir hili horlanypsyň. Soňam senden bir hili agyr ys gelýär. Ýylan awlap gowuryp iýip ýören bolma?!.
— Ýaşuly, hiç wagt beýle iş edemok.
— Seniň gelniň gözi ýylanyň gözi ýaly owadanmyş. Özem çölüň jümmüşinde duşuşanmyş diýýärler. Şol dogrumy?
— Dogry.
— Edýän işleri illeriň gelni ýalymy?
— Hawa, maşgala keşginä oňaryp ýör. Bir ogul, bir gyzymyz bar.
Ýaňky ýaşuly awça ogrynça gelniniň hereketlerini, özüni alyp barşyny synlamagy teklip edýär. Bu gürrüňe awçy örän geň galypdyr. Nätjegini bilmändir. Näme-de bolsa ýaşulynyň maslahatyny synlap görmegi maksat edinipdir.
Bir gije uklan bolup ýatypdyr. Ýary gije gelin turupdyr. Adamsyna seredipdir. Görse, äri “uklap” ýatyr. Gelin howlukmaçlyk bilen kündüge suw guýup, gyra çekilipdir. Kündügiň agzyndan ýylan bolup girip, çürnüginden ýüp ýaly süýnüp çykan. Öňküsi ýaly gelin bolup, çagalarynyň ýanyna gelip ýatypdyr. Bu ahwalaty gözi bilen gören äriniň huşy başyndan uçup gidipdir. Şeýle-de bolsa, ýüregi ýerine düşüp, syr bildirmän ýatypdyr. Daň atansoň çaý-nahar edinip, awa gitmek bahanasy bilen öýden ugrapdyr. Dana ýaşulyňka baryp, gören zatlaryny gürrüň beripdir. Ýaşuly:
— Sen agyr derde ýolugypsyň. Indi ol seni alman goýmaz. Näme-de bolsa synanyşjak diýseň bir ýoly bar — diýipdir.
— Maslahat beriň, synanyşjak. Men onuň ýylandygyny gözüm bilen gördüm. —Çarşenbe gijesi öýüň içinde-daşynda suw goýma. Seniň edeniňi bilmesin — diýip, goja öwredipdir.
Awçy şondan soň iki hepde awda bolýar. Öňküsi ýaly bolup öýüne gelýär. Aýaly örän oňat garşylapdyr. Öz syryny äriniň aňandygyny bilmeýär. Ýigit çarşenbe gijesi küýzelerdäki suwy bilgeşleýin dökýär.

Çagalaryny ukladan gelin gijäniň belli bir wagty suwa ýuwunýar we suw içýär eken. Görse hiç ýerde suw ýokmuş. Suw gözläp, wagty bilen tapmandyr. Awçy hem ýüregini bire baglap, ýerinden turupdyr. Gelin ärine:
— Suw ýok. Endamym gatady. Meniň getiren suwlaryma ne döw çaldy?!.
— Küýzelerdäki suwy bilmezlikde dökdüm. Derrew suw getireýin — diýip, äri ugraberipdir.
— Gitme, indi içenimde-de peýdasy ýok — diýip, gelin kem-kemden ýylana öwürlip başlapdyr.
— Men saňa köpçülige barma diýipdim. Etmänsiň. Aramyzdaky syr açyldy. Seň bilen ýaşap biljek däl. Çagalara gowy seret. Şularyň hatyrasy üçin saňa azar bermäýin — diýen wagty ýylana öwürlip, gapydan çykyp gidipdir. Ine, ýylanlar barada şeýleräk rowaýaty eşdipdim. Ol jandarlaryň urlup, öldürilip ýörülen halatlaryna gabat gelip gynanýarsyň. Hudaýyň ýaradan bu jandarlary adamlara zyýan bermän köp peýda getirýär. Şol sebäpden olary ýoklaman, gorap saklamak, tebigatyň deňagramlylygyny üpjün etmek zerurdyr.

Redaktordan: Men TM HYZMAT internet portalynyň redaktory Gurbanmyradow Ahmet. Özüm bilen bagly ýylanlar barada bolup geçen wakalary size ýetiresim gelýär... Meniň çagalyk ýyllarym Baýramaly etrabynyň Täze-Ýol daýhan birleşigine degişli bolan Medeniýet obasynda geçdi. Men ol wagtlar ýatagymyzda 6 sany geçimiz bardy welin, çopanlar bilen bakmaga höwes ederdim, ejem-kakama yrsarap bakmaga giderdim. Çopançylyk — bu aňsat kär ýaly welin, ol hem özboluşlyja kyn eken. Ýa kiçiligimdenmi, nämemi, maňa kyn düşdi.

Mus-mus diýip durman mustafa diýeýin, biderek boş samyrdap oturman tema gaýdyp geleýin, “Ýylana degmeseň, ol saňa degenok eken”. Muňa öz durmuşymda göz ýetirdim. Malda wagtymyz ýylana köp gabat gelerdik, ýöne çopanlaryň görkezmeleri boýunça ýylanlara degmezdik, hemem, olaryň öwredişi boýunça «Ýylançy Çary malyňy çagyr» diýip üç gezek gaýtalardyk. Bu sözleri diýeniň bilen näme bolýanyny anyk bilemok, ýöne gaýtalardyk. Belki sizem bilýän bolmagyňyz hem mümkin, bilmeýän bolmagyňyzam...

Bir gezek näme ederkä? — diýen pikir bilen geçip barýan ýylany dostum bilen kesekledik. Keseklänimize mähetdel, ol bize tarap okduryldy, nämede bolsa “çöregimiz bitin” eken, yzymyzda uly çopan bar eken, bizi şol gorady we wesýet etdi: „Hiç haçan ýylan diýen jandara topulmaň. Ol: «degmedige degmez, degenem öldir». Galan ömrüňize sapak bolsun” — diýipdi. Men şular ýaly wakalary başdan geçirdim, ondan goranmagy başarjak boluň! Ýylanlar — medisinada esasy orny eýeleýär. Medisinany „Ýylansyz” göz öňüne getirmek mümkin däl. Üns beren bolsaňyz, medisina nyşanynda kepjebaşyň suraty, şekili bar. Üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sagboluň.

Soňy.

Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.0/5 (4 baha berildi berildi)


Okaldy: 288. Şü gün okaldy: 28


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 SheydA...

Syryny dine 2 adam bilmeli. 1.Alla; 2.Özüñ🤙ŠiÂ
20.04.19 20:02
 S!A

yagsy soz yylany hininden cykararmys..
16.04.19 17:08
 Merjen Wepa

bizem gyzykly bulduk ellerinize saglik
16.04.19 14:02
 Ahmedik

Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet.
16.04.19 11:29
 Ahmedik

Salam hormatly Gülsoltan. Biziň TM HYZMAT internet portalynda goýýan eserlerimizi halkyň köpçülikleýin söýüp okamagy bizi diýseň begendirýär hemem işlemäge höwes döredýär. Rowaýata beren bahaňyz üçin sizede öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Nesip bolsa halkymyza çeper eserleri, täsinlikleri, geň makalalary, täsirli goşgulary we şm. ýetirip durarys. Sagboluň.
16.04.19 11:27
 Gülsoltan

3 adam bilse syryñ syr bolmayanyna hasam göz yetirdim. Käşgä yashula gulak salmadyk bolsa.....Gaty täsirli rowayat. Redaktora: goyulyan her bir esere sabyrsyzlyk bn garashyas howes bilenem okayas.Kop sag boluñ! Ishiniz ileri!!!
16.04.19 06:24
 jem_l

sagbol".WEPKA"Meni goldanyn ucin
15.04.19 19:18
 WEPKA

Salam Jemal!Dogry aytyan gaty gyzykly!
15.04.19 17:54
 jem_l

gaty gyzykly...
15.04.19 15:00

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak