TM HYZMAT BILMELI
Senem şeýle boldyňmy


(Senem şeýle boldyňmy)

Şul şoň gowy görýän kinosydy diýip, şol kinony gaýta-gaýta gördüňmi? Şu tagamy şol halaýady diýip, özüň taýynnlap iýdiňmi? Öýüňe barýan ýol golaýam bolsa, şu ýoldan şol ýöreýädi diýip, şoň ýörän ýolundan ýöräp, öýüňe daşdan aýlanyp gelip gördüňmi? Şul ynsanlar bilen şoň, kän arasy ýokdy diýip, senem şolar bilen gürleşmedik wagtyň boldymy? Ýa bolmasa şoň beren sowgadyny, öýüň bir ýerinde goýan bolsaň,. tapyp, şul sowgady şol gowy görip alandyr diýip,
şol sowgada täzeden begenip gördüňmi? Käteler gijäň ýary oýanyp, jaň ýa-da sms geldimikä diýip, telefonyňa seretdiňmi? Ýa kä wagt el telefonyň jübiňdekä, jaň gelen-de, ýa sms gelen-de, şolmyka diýip, aljyraňly howsalaly telefonyňa seredip gördüňmi? Pessaýja şemal bir atyr(müşk) ysyny burnyňa getirende, "Howwa şul şoň sepinýän atyry" diýip täzeden demiňi içine çekdiňmi? Ykbal öwrimi ters aýlanyp, heriňiz aýry ýollara eltip duşmasaňda, Goý bagtly bolsun mydam, ýylgyryp gezsin diýip, ýagşy dilegde gezdiňmi???

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 5.0/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 446. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(19)



 Bibi

Yok bolup gormedim yeke gezek yurekden soyup gordim yone ol soygi bir yyl son gutardy
11.07.19 13:04
 a

annagurbanow sizin ozuniz bolup gordunizmi,mundan onem sizin yazyan zatlarynyzy okayan gynancly wakalary yazyanyz so zatlar sizin basynyzdan gecdimi ya da okyjylarymyzyn gownune gowy yarar dp yazyanyzmy
08.07.19 23:20
 enesh

Hakyky dogry zatlar yazylan. Soygi seyle bolsa kyn bolya ekenii ozum shayat shona
05.07.19 08:37
 Aziza

Bolup fordum
03.07.19 18:30
 D

Dogry
18.06.19 19:21
 leyli

yok bolup gormedim
10.06.19 09:56
 Gunça

Men hem su zadlan barsam bolup gordim hacanda son ulanyan atyry birden burnym ysyny duyanda sony yatlayardym. Bolmasada ikimizin el tutysyp yoreyan yolumyzda yeke ozm yorap baryan we ony yatlap yuregim gyym gyym bolya biz ikimizi yurek bn soyyardik yone araramyzu gorip dusmanym pozdy. Bir icim yanan zad sony begendirenime bir sotayda olip blmk. Ol dusmanmam oz yakyn dogan garyndaslan . O gozin bu gozune diyip yone yerden aytmandyrlar. Ai name durmys dowam edyar menem sol dunyeden doyup gezip yorn kitap in yakyn hossarym we maslahtcym bolup galdy
04.06.19 22:08
 Merŷem

Bolup gördüm bile bagtam gurduk 10 ŷyldan soñ ölli o söŷgi
26.05.19 02:21
 Nesibe

menem bolup görmedim bolmagam islämok söýeňden soň gowyşmak bir gowy zat gowyşmadyklarada Alla Kuwwat bersin.Gyzykly Annagurbanow sizin her bir ýazýan manyly sözleriňizde hekaýadyr gosgylarynyzda tuys yuregim bn okayaryn isiniz onuna bolsun Ustunlik
03.05.19 18:14
 Anonimus

Yok. Bolup gormedim
26.04.19 21:59
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 19-10

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak