TM HYZMAT BILMELI
Soňky duşuşyk 2


Soňky duşuşyk 2

Olar hoşlaşdy. Bir alaç edip Ahmet telefona onuň suratyny aldy. Bildirmäni aldy muny. Gyza öz ýaşaýan öýlerine tarap gitdi. Ahmet bolsa bir az onuň yzyndan garap durup, hiç ýere gitmedi. Gyz gözden ýiten soň ol köçede taksi saklap öýüne ugrady. Öýüňe baryp ata-enesi bilen oturup gürleşdi. Olar ogluna gynýardylar. Ogly durmuş hakda bularyň ýanynda o diýen dil ýarmazdy. Ýogsa olar Ahmediň şu günleriniň kynçylykly geçýändiginden, onuň özüni keýpsiz duýýandygyndan howatyr edýärdiler. Ahmet soňra öz otagyna girip gitdi. Onuň otagynda stoluň üstünde Jemile bilen düşen suratlary ýaýygly durdy. Mundan başgada oň bilen bile alan sowgatlary, eşikleri, garaz only durmuşy ýatladýan ähli zatlar ýaýradylgy ýatyrdy. Ahmet bu zatlardan teselli gözleýärdi. Şol sebäpli o zatlary daşyna gurşap goýupdy. Olary ýene-de eline aldy. Soňam telefonyny eline alyp Jemilä jaň aýlamagy isledi.

- Jaň edeýinlä, hany almazmyka jaňymy. Gel gowsy goýaýyn şuny. - diýen pikirleri kellesinde aýlap jaň aýlamak pikrinden dändi. Ýene bir günem geçdi. Ertesi säherde Ahmet ukydan turanda geçen günlerinden başgaça halatda turdy. Özüni gowy duýdy. Ol Namaz okamazdy. Namaz okaýan adam däldi. Eger ol namaz okanynda durmuşda we söýgüde beýle sersan sergezdan bolmazdy.

- Düýnki gyzy bugünem görüp bilermikäm hany şu wagttt, azanlygyna duşuşyp bolaýsady oň bilen. Häzir köçä çykaýynda taksi tutup onuň öýi tarapa gideýin. Belki ony öz köçesinde taparyn - diýip, Ahmet köçeden bir ulagy tutup göni düýnki oturan ýerlerine bardy. Garaşdy biraz. Pikir edişi ýaly hem ol gyz bu ýerde oňa sataşdy.

- Salam - diýip, Ahmet Şirin onuň ýanyna gelensoň oňa habar gaty

- Hi - diýip, Şirin içini çekdi.

- Näme gorkaýdyňyzmy?

- Sizmi salam. Aý howwa tisgindirdiňiz özä.

- Bagyşlaň beýtjek men bolmandym

- Hmm ýok. Gaty bolan zat ýokla. Azan bilen bu ýerde näme edip ýörsüňiz?

- Aý ýöne şu ýana ýolum düşdi, onsoň size duşmak isledim.

- Maňa duşmak islediňiz?

- Howwa şeýle.

- Menä görşüňiz ýaly gaty gyssag. Işe howlugýan. Ana awtobusamam geldi.

- Howwa geldi. Ýörüň onda biziň ýolumyz bir ýaly. Olar awtobusa münüp gitdiler. Ýolda olar gürleşdiler, hal ýagdaý soraşdylar.

- Neme Şirin!

- Diňleýän howwa. Ýogsa-da meň adymy siz nirden bilýäňiz?

- Adyňyzy düýn eşitdim. Awtobusda joralarňyz tutan mahaly. Meň adym-a Ahmetdir.

- Joralarym tutýarka diýseňizlä! Onda başga geplerini hem eşidensiňiz olaryň?

- Howwa. Siziňkini hem.

- Şeýlemi asyl. Onnoň men näme diýipdirin?

- Sizmi? Siz men tarapa kän bir seretmeli däldigini hemem joralaryňyza gülüşmeli däldiklerini aýtdyňyz.

- Hmm şeýlemi. - diýip, Şirin gürledi we ol agraslyk bilen ýylgyryp goýdy. Onuň keşbi agrasdy. Onda kişä kömek bermek islegi. Birine howandarlyk etmek niýeti bardy. Daşyndan görseňem ol hut haraý tapaýjak ynsanyňa meňzäääp durdy.

- Bolýa men şu ýerde düşeýin işime barmaly. - diýip, Şirin awtobusuň duran ýerinde düşüp galdy. Onuň yzyndan Ahmet ýene seredip galyberdi.

- Telefon nomerini hem alyp bilmedim. Aý borda nesip bolsa ýeneki gezek alaýaryn.

Ahmediň kalbyna bu gyz ymykly giripdi. Olar ýene yzly, yzyna diýen ýaly duşuşdylar. Boş wagty bolduklaryndan. Gürleşdiler. Ençe ýakyn hem bolup galdylar. Bu wagta çen Jemile hem Ahmedi pikire çümdürmesini goýupdy. Olam indi Ahmedi gyzyklandyranokdy. Ahmet oýlamazdy ol hakynda,kösenmezdi.

- Bäh saçlaram-a ösüp gidipdir. Darasamam tertibe getirip boljak däl buny. Gowsy goowyy edip bejerdeýin men muny. Şirin görse oň ýanynda kelle perşan bolup durmasyn. - diýip, aýnada öz sypatyna seredip duran Ahmet dellekhana gitmekligi ýüregine düwdi. Ol dellekhana baryp ýetdi.

- Essalamwaleýum - diýdi-de serteraçhananyň gapysyndan girdi.

- Waleýkumessalam geliň, geliň. Häzir şuny bolaýyn oňa çenli şutaýda garaşaýyň 5 minut - diýip, bir müşderiniň saçyny bejerip duran ussa Ahmet bilen salamlaşyp oňa otagyň töründäki boş oturgyjy görkezdi.

- Bor dost nemedweriň arkaýyn. Howlukmajym ýok. - diýip, Ahmet sypaýyçylyk bilen ussa jogap berdi we onuň görkezen ýerinde ýerleşip oturdy. Ol telefony açyp Şiriniň suratyna seredip oturardy. Kän wagt geçmänkäde:

- Geliň agam boşadym men ynha - diýip, dellekçi ony ýanyna çagyrdy.

- Hää bolduňyzmy? Ýagşy - diýidi-de, Ahmet ýerinden turup dellekçiň eliniň aşagyna geçip oturdy.



- Hany agam nähili edip bejereýin.

- Aý özüň bilýäň dost. Gowy edip tekizle şuny.

- Mmm onda häzir bett edip berýän muny agam Bismillahirrahmanirrahim! - diýdi-de ýaşyrak ýigidekje işe başlady.

Dowamy bar...


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (13 baha berildi berildi)


Okaldy: 596. Şü gün okaldy: 7


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(12)



 Lili

Hm
14.07.19 12:58
 Anonimus

Gowy eken
12.06.19 16:44
 Anonimus

Gowy eken
12.06.19 16:44
 Guwanch

Soz yok Gowy eken
06.05.19 11:06
 jemka

Gaty bir gyzykly dal
02.05.19 22:11
 Abdyrahym..

3-njinem goyayynda gayrat edip gyzykly gordum
02.05.19 10:45
 Harper

Aý bu hem erbet däl... Ýöne menä manylyrak hekaýa gara$ypdym.
02.05.19 08:16
 KZ

dowamyna garasyas, durmusda bolup biljek zat
01.05.19 12:12
 Abdyrahym..

gaty gowy eken dogrymy aytsam calaja men durmushuma gawat gelya
01.05.19 08:30
 Meýrem

Oran gowy eken dowamyna garasyan
01.05.19 07:44
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 12-3

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak