TM HYZMAT BILMELI
Soňky duşuşyk 3


Soňky duşuşyk 3

Ahmet ýene bir güni Şirin bilen duşuşdy. Duşuşykda ol şeýle diýdi.- Şirinjan men seni halaýan. Birinji görenimde sen meni maýyl edipdiň. Seniň halaşýan ýigidiň zat ýokmy?

- Haladym diýeniň näme bolýagy? Häli bir aý hem ötmed-ä tanyş bolanymyza. Ýok. Halaşýanym ýok.

- Aý näçe wagt geçsede menä baglanyp galdym saňa. Men saňa bir zat aýdaýyn emma meni bagyşla wede gaty görme.

- Toba, aýtda wi, o nämä gaty görermişim?

- Diňle onda. Meniň halaşýanym bardy. Ýöne ol söýgümiziň gadryna ýetmedi. Ol ony harap etdi. Biz oň bilen dört ýyl bile gezdik. Köp wagtymyzy şatlykly geçirerdik. Ýöne soňy bolmady. Ol ýaňky diýşim ýaly hemmesini zaýa etdi. Biz soňky gezek üç hepde ýaly mundan öň gepleşdik. Ol meni terk etdi, men ýöne ondan umydymy üzmezdim. Soň soraşdyryp görsem ol bir ýigidi duşurupdyr. Men muny anykladym. Onuň meň bilen duşuşmaýanynyň sebäbi şul ekeni. Öňler nä sebäpden onuň meň bilen gürleşmeýänine, meň söýgümden ýüz öwürmeginiň sebäbine asla düşünmezdim. Öz özüme kän sorag berdim bu hakda. "Nirde ýalňyşlyk etdim? Nirede kemçilik goýberdim" diýip kän özüme sowal bererdim. Omeni oňa çalşypdyr. Maňa ýöne kyn boldy ony unutmak. Oňa jaň ederdim ol bolsa erbet äheňde gürleşerdi. Ýöne men indi ony dolulygyna unutdym.

- Dogry edýäň Ahmet. Seni söýmese şol kişiden arany açmaly. Seni söýjegiň gadryna ýetmeli. Boş ýere ömrüňi, kalbyňy ýakmaly däl. Degmeýär oňa beýle gurbanlyklar. Soňy netijesiz boş bolýa beýle kör garaýyşlaryň.

- Nälet siňsin şol ýalan duýgylara beslenen ýalan söýgüme. Zordan gutuldym ondan. Men asla beýle girdapdan çykaryn diýip pikirem etmändim. Indi çykdym. Çykdymda dünýäni başgaça görüp başladym...
Jemgyýete hem goşuluşyp barýan Dünýä gözel ekeni.

- Gutlaýan Ahmet. Seniň hasratly dünýäden çykyp, ajaýyp dünýä gireniň bilen, köňlüňiň galkynany bilen.

- Bularyň Sebäpkäri öňi Alladyr. Hemem sensiň. Allam seni maňa duşurdy. Sen meni agyr tümlükden çykaran perişdesiň.

- Sagbol meni beýle sylanyň üçin Ahmet. - diýip, onuň gürrüňüne gulak goýup oturan Şirin Ahmediň mylakatly sözlerine mylaýymlyk jogap berdi.

- Men indi iş gözlejek bolýan. Okapdym men öň Ankarada, emma işsizdim. Kooperatiw söwda meň ugrumam. Ýöne yşk söwdasyna ulaşanym bäri geçen dört ýylym krizisde geçdi. Tasdanam ýaşaýşym defolt boljakdy. Şükür beýle bolmady, seni Hudaýjan kömege goýberdi. Işem Inşallah taparyn.

- Howwa. Nesip bolsa özüňe gowja iş taparsyň.

- Häzir bir pikir geldi kelläme. Men oglanlar, dostlar bilen gepleşip görsem, biziň özümiz ýigitle bilen işjagaz açaýsak. Soňky wagtlar iş tapaýmak hem aňsat däl. Galyberse para hem bermeli. Buda zeper. Şoň üçin özümiz iş açsak wede özümiz kişä iş beriji bolsak diýdim.

- Gaty oňat bolar bula. Dostlaryň bilen geňeşip görüber.

- Şirin sen näme diýýäň muňa?

- Gaty oňat bolar diýýän-ä wii.

- Bolýa, bolýa mähribanym! Sen oňat diýdiňmi diýmek söz ýok. Inşallah bary dürs bolar. Olar söhbetleşip bolanlaryndan soň her haýsy öz ýumuşlary bilen başga, başga tarapa gitdiler. Olara aýrylyşmak ýeňilem bolmady. Ýöne aýrylyşyp işleri bilen meşgul bolmak hökmandy. Ahmet özüniň pikirini dostlaryna aýtmak üçin jaň edip, olary bir ýere ýygnady. Aýdylan kafe onuň dört dosty geldi. Galan iki dosty gelip bilmediler.

- Nähili ýigitler ýygnandyňyzmy? Obşiý ýagdaýlar oňatmy oturyň hany arkaýyn, men çörek-nahar buýurjak. - diýip, Ahmet olar bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşdy.

- Öz ýagdaýlaň oňatmow. Tüweleme üýtgeşme-hä bar sende. - diýip, Parahat diýen dosty Ahmetden habar sorady.

- Ýagdaý güllaý. üýtgeşme bardygy bildirýämi. Howwa şükür bar üýtgeşme.

- Kantowkalaryňam bett edip remontladypsyňoow. - diýip, Bäşim diýen bir dosty Ahmediň bejerlen saçyny öwdi. Az wagtdan bular iýip, içip başladylar. Iýip, içip bolanlaryndan soňam Ahmet şeýle diýdi:

- Dostlar bir zat bilen meşgullanaýsam diýýän menä. Köpden bärem seňkildäp gezdik. Hemem bir gyzyň yzynda gurydan gury tozduk, Indem özümi ele aljak.

Parahat: - Şeýdoooww ýogsam hut pytrap barýaňla. Hany aýt bizden nä kömek. Şu oglanlaň bary starda otyrlar.

- Hany bizem bileli nä maksatla ba? - diýip, Guwanç diýen ýene bir dosty sorag berdi. Başga dostlary hem Ahmediň agzyndan sözüň gaçaryna garaşyp otyrdylar.- Meňki söwda. Meýlim şol. Ugrumam şol.

- Mmm büýä bolýa. Näme bilen söwda etsem diýýäň. Bir zatla daşardan getirip satsam diýýäňmi onsoň.

- Öňi bilenä ýigitle men şu işi jemlenşip etsek diýdim. Sizler oňlasaňyz barymyz birleşip başlasak şu işe.

- Barymyz diýýäňmi? Bolýa bula, nähili ýigitle sizler näme diýýäňiz - diýip, kän gürlemäni oturan Wepa muny makullady.

" Gaty oňat bolýa" - diýip, başgalary hem muny goldadylar.

- Serediň ynha. Men äkelip zatmagy däl-de, daşary ýurda çykaryp satmagy pikir etdim - diýip, Ahmet özüniň planyny aýdyp başlady.

Guwanç: - Hmmm boljak. Sen osoň, sen osoň näme bilen söwda etsek diýýäň.

- Şu wagt kän bir harydam daşaryk çykardanoklar öýdýän! Bolarmyka bu iş - diýip, Parahat gürledi.

- Bolýa, bolýa näme bolmany ilki muny gowyja edip öwrenmeli. Haýsy zadyň söwdasy gowy, haýsy ýurduň bazary gowy - diýip, gatyrak owaz bilen Bäşim aýtdy.

Ahmet: - Biziň tekstil towarlarymyzy daşary ýurtdan köplenç telekeçiler äkitýärler. Olaram öz ýurtlarynda üstüne baha goýup başga telekeçä satýarlar. Onsoň şeýdip, daşary ýurtly adamlaryň egnine biziň eşeklerimiz geýilýänçä bir näçe aldym-satdymlardan ötýär. Şeýdip hem bizden alynan önümler bir entek kişilere girdeýji getrip, onsoň adamlaryň egnine ýetmek üçin magazinlerden orun alýa.

- Hmmm dograý şo... bizden arzana satyn alyp arada pul gazanýanlar bar. - diýip, Guwanç aýtdy

Onsoň Ahmet:
- Howwa duruň indi. Men şol ortadaky peýda görýän biznesmenleriň ýerlerini eýelesek diýýän. Biz öz ýurdumyzdan. Şolaryň hemişeki alýan bahalaryny töläp geýim-gejim alalyň, hemem olary özümiz daşary ýurtlara çykaryp satalyň.

Dowamy bar...


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.0/5 (3 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(11)



 Maya

Okey
13.05.19 12:13
 meylis

hekaya yaman dal
07.05.19 11:15
 gulzada

meniň jigim boldy
07.05.19 11:14
 aygül

men bagтly a sen
07.05.19 11:13
 aygül

uewjhuj
07.05.19 11:10
 jemka

Yzyny goyayynda bahymrak
03.05.19 14:10
 Meýrem

Gowy hekaya dowamyna garasyan!
03.05.19 11:43
 Nesibe

Uzagyrak edip yazsanyz şat bolardyk we gowy hekaya dowamyna garaşýan!😊
03.05.19 09:22
 Maral

Dogamy hacan
03.05.19 04:55
 Abdyrahym..

Gysgalay yaman
02.05.19 19:54
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 11-2

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak