TM HYZMAT BILMELI
Soňky duşuşyk 4


Soňky duşuşyk 4

Häzirki bahadan döwletimiz bize satdy nä? daşary ýurtdaklylara satdy nä. Olaň alýan häzirki bahasyndan tölesek satara bizede. Biz hatda gymmadragam töläp bileris.- diýip öz sözüni dowam edýärdi.

- Howwa bolýa bu. Ýöne haýsy ýurtda egin-eşigiň gowy geçýänini bilmeli. Galyberse şol ýurduň kanunçylygyny hem oňat bilmeli. - diýip, Parahat Ahmediň sözüniň üstüni ýetirdi.

- Howwada aýdýana iş bu diýip, şoň üçin muny ofisalny ýoly goýmaly. Şoň üçin bir-birimiz bilen birleşeli.

- Onsuzam birää biz. Dogry dälmi ýigitler? - diýip, Wepa aýtdy.

- Howwa. Barymyz bir çukura tüýkürsek birzatjyklar artdyryb-aa bilerdik - diýip, Guwanç ynamly gürledi.

Ahmet:
- Gowy bazar-aa hemme ýerde bar. Kipirde bar, Gresýada bar, Italiýada bar, Dubaýda bar.

Guwanç:
- Kipir, Gresiýa Tureski geýimleri geýýän bolaýmasa? Sebäbi bularyň arasy gaty ýakynda.

- Aý bular ýakyn bolsa-da, Türkler bilen kän bir oňşanoklarlaý. Şoň üçin Türk towarlaryny hem kän bir ýurda girizýän däldirlerow. - diýip, Parahat gürledi.

- Şu Kipir bilen Gresiýada gowyja geçer belki. Dubaýdakylaryňam 60% Kitaýski eşikler. Bu bazarda Hytaýlylar öz orunlaryny gowy berkiden - diýip, ýene-de Guwanç gürledi.

Ahmet:
- Saud Arabystanyň bazary hem bar munda-da söwdany ýola salyp bolar.

- Dost Araplar biziňki ýaly rubaşka geýenoklara. Olaňky butaýyň gelýän köýnegä, şoň üçin o ýerde erkek köýnekleri ötmezow. - Diýip, Wepa aýtdy.

Ahmet:
- Ýok biziňki ýaly köýnek otaýda-da geýilýär.

Bäşim: - Ýigitle olaň-a balaklaram ýogoow.

- Hahahaa... - diýşip, Bäşimiň gepine galanlary gülüşdiler.

- Duruňow ýigitler biderek bolmaň. Bize sala salyp otyra bu şoň üçib Ahmedi diňläliňle - diýip, Parahat oturanlara aýtdy.

Guwanç:
- Mmmm, balaklary ýok diýdiňow!

Bäşim:
- Dogryda!

- Onda biz içerden eşik aljak fabrigimize ýörüte Araplar üçin lybas buýrarys. Edil şolaň milli eşiklerini tikidirderis. Hem aýallaryňkyny, hem erkekleriniňkini. Erkekleriniň kellelerine örtýän ýalyklaryny hem şol äheňde dokadarys. Reňki, şekili bilen. Soňam ony Arap ýurtlarynyň baryna çykaryp satarys. Ýörüte Şygar bilen. Meselem: "Araplara Serpaý" diýen Şygar astynda. - diýip, Ahmet özüniň meýilini aýtdy.

- Bolar ýöne şygaryny başgarak etmeli. Sebäbi serpaý satylanok mugt berilýär. - diýip, Parahat Ahmediň sözlerine goçmaça goşdy.

- Gepiň gerdişine görä aýtdym dost - diýip, Ahmet jogap berdi.

- Ýene bir bazaram Gündogar Aziýa döwletleri. Malaýziýa, Singapur, Günorta Koreada bolup barjak. Wetnamam erbet däl. - diýip, Wepa özüniň pikrini bildirdi.

- Dogry aýtýaňyz. Indi buny ymykly öwrenip ýedi ölçäp bir kesip ýola goýalyň! - diýip, Ahmet ýanyndakylara ýüzlenip aýtdy.

- Howwa... girişiweräli indi bu işimize, maslahata etdik. - diýip, Wepa gürledi.

Guwanç:
- Aý, aý dostlar muňa finansama gerek. şuň gürrüňini etmedig-ä how.

- Finans aňsatlaý ideýaň berk bolsa. Her birimiz özümüzdä näçe bolsa orta taşlasak ýeterlik maýa peýda bolýar. - diýip, Wepa aýtdy.

- Menää maşynymy hem satardym -diýip, Parahat gürledi.

Bolýa indi begler. Häzir men turaýyn. . Sizler arkaýyn oturuşdyryweriň - diýip, Ahmet ýigitlerden rugsat sorady.

Guwanç:
- Nä sebäpden turjak bolýaň? Oturywerä:ow!

- Jemile ahyry gelipdirdä. Garaşyp, garaşyp ýene-de garaşyp ahyry gowşupsyňda. Ýüziň, gözüň şadyýan tüwini.

- Aý ýok Jemile däl bu howlugýanym. Şirin bi.

- Ewaý. Başga diýýär. Siz eşitdiňizmi ýigitle. Aý tüweleme. Gözüň aýdyň onda dost. Meni özgerden şol diýsene? - diýip, Parahat Ahmetden sorady.

- Tüweleme. Gowjamy özi täzejäň - diýip, beýlekiler hem Ahmetden soradylar.

- Howwa ol meni galkyndyrdy. Onda birzatlar bar meni gaty çalt maýyl etdi. Eýýäm öwrenişip hem galdym oňa men - diýip, bul hakda Ahmet dostlaryna habar etdi.

- Ýaňy başda aýtmalyda sen şuny. Yşk söwdasyna düşdüm men eýýäm peýda hem gördüm diýip, sen bolsa haryt söwdasyny aýdyp otyň. Bolmaýaňow sen "çyk - çyk" - diýip, oňa Bäşim gülkä salyp sözlerini aýtdy.

Ahmet:
- Gaty görmäň ýigitler. Aýtjakdym ýöne sähel soňrak.

- Bolýa onda bar, bar kän garaşdyrmagam gowy däl. Ýene-de öňkiň ýaly kebap edýän bolamasyn bulam - diýip, Guwanç gepledi.

Dowamy bar...


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (13 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(10)



 Bahar

Basim gaty gowy ad
15.06.19 10:55
 Anonimus

gowy
13.06.19 08:33
 Anonimus

Yzynam goyayynda indi
06.05.19 13:37
 Meýrem

Oran gowy dowamyna garasyan
04.05.19 17:08
 Maral

Dogamyna garasyan esasyja yerlerine
04.05.19 14:08
 Olika

Gaty gowy dowamyna garasyas sabyrsyzlyk bilensmile
04.05.19 09:17
 Nesibe

Eýwai eýýäm ýazyp ýetişipsiňiz.Abdyrahym men ýazaýjakdym ilki bolupsad
03.05.19 21:45
 Nesibe

Eýwai eýýäm ýazyp ýetişipsiňiz.Abdyrahym men ýazaýjakdym ilki bolupsad
03.05.19 21:43
 Nesibe

immmmm gowy welinnnn 😤....Birazajyk ýygnayyn bize esasyja yeri gerek.Manysy ýöne,gowy gowy bolansan sabyrsyzlyk bilen garaşýan garasanlygym sebäplem,1nji men teswir ýazýan şuwagt.Üstünlik ýene garaşýas.Tüweleme umytdan düşme!Biwepa bolan ökünsin ös ýene ös😊
03.05.19 21:40
 Abdyrahym..

Uzagrak yazaýynda gysga eken munynyz
03.05.19 21:30

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak