TM HYZMAT BILMELI
Soňky duşuşyk 5


Soňky duşuşyk 5

Wepa:
- Dost bir sorag bar. Haçan tapyp ýetişdiň muny. Adyna Şirin diýdiňmi?

- Men bir hepdä golaý mundan öň duşdum oňa.

Wepa:
- Bäähh ýaman çaltaý sen, şul salyma nädip ýakyn bolduň oň bilen. Näme bolsa-da malodes senä dost! Gutlaýas bizä.

- Howwa Gutlaýas. Hudaýjan şunnndan bir bagt tapgaýsyňda dost. - diýip, Parahat Ahmedi gutlady we oň elini gysdy.

- Sagboluň dostlar. Çary bilen Mered-de bu gürrüňleriň baryny ýetiriň. Indi gowy edip bir töwür edeliň. - diýip, Ahmet oturanlara aýtdy.

- Howwa. Gowy edip ämin edeli indi. Hany Wepa sen oka. Seň kakaň haja gidip gelen. - diýip, ýene-de Parahat gürledi.

- Aý okawerseňizlä özüňiz. Guwanç okasyn Guwanç. - diýip, Wepa ýuwaşlyk bilen gürledi.

- Ýokhow. Okawer sen. - diýip, dostlary Wepadan haýyş edýärdiler.

- Bolýa onda. Eý bar Hudaýa, eý Hudaýa, eý bar Hudaýa etjek işlerimizi köp görme. Bu işde özüň bize goldaw bol, ynsapdanam, imandanam aýyrma Allahym, Şu oturan ýigitleriň hiç birine harlygy görkezme, bizleri hiç kimiň öňünde çökdürme Allam, öýümizi, ýakynlarymyzy, maşgalamyzy özüň penahyňda sakla. Bizi dogry ýoldan azzdyrma Allam. Amin! - diýip, Wepa töweri okady.

- Äämin...

- Bolýar onda Ahmet sag-aman bol.

- Duşuşarys ertir nesip bolsa - diýip, Ahmet bular bilen hoşlaşdy we ýola ugrady.

- Tüweleme nastroýeniýesi-ä gowy. - diýip, Parahat Ahmet gidenden soň oglanlara gürledi.

Guwanç:
- Howwa tüweleme oňat. Nnädip gezdooww şol gyz diýip,

Bäşim:
- Ol gyz bolsada samsykdow. Ýöne garaz, şoňa baglanyp galypdy-da Ahmedem.

Wepa:
- Muňa söýgi diýilýär ýaranlar!

Guwanç:
- Söýgi bomoww ondanam bir? Eger söýýän bolsa Jemile soňuna çenli gezerdi.

- Hany goýuňow ýigitler Ahmediň arkasyndan gepini edýän ýaly bolaýmalyň. - diýip, Parahat oglanlara aýtdy.

- Ýokhow beýle zat etjek bolamyzogow. Biz näçe wagtdan bäri dost? Şu wagta çenli birimiz, birimiziň arkamyzdan gepimizi etdikmi. Ýöne häki bir Jemiläň samsykdygyny, Ahmediňem şol zerarly kösenendigini aýdyp otyrys. Bolany - diýip, Bäşim aýtdy.

Ahmet ýene-de Şirin bilen duşuşdy. Oňa dostlary bilen edilen maslahaty aýdyp berdi. Ençe wagt ötenden soň. Ahmet Jemile bilen duşuşmagy pikir etdi. Bul wagta gelip ýigitleriň işleri hem ugrugupdy. Şirin hem Ahmediň durmuşundan gowy orun alypdy. Ahmediň Jemile bilen duşuşmak islegi oňa özüniň bagtlydygyny aýtmakdy. Belli bir derejede ondan ar almakdy. Telefonyny jübüsinden çykaryp oňa jaň aýlady.

JAŇ GOÝBERILDI ýene-de jaň wagty bilen alynanokdy. Ol ikinji gezek jaň aýlady. Bul sapar bolsa Jemile aldy.

- Salam Jemile men bu. Tanadyňmy Ahmet men Ahmet.

- Hmm tanadym salam. Näme gerek saňa?

- Gerek zadym ýok. Hudaýa Şükür meň ähhhli zadym bar!

- Onda näme jaň aýlaýaň nomeriňem-ä öňki däl.

- Mende özgermeler kän boldy. Indi hatda nomerim hem başga.

- Bolll näme diýjek bolsaň diý.

- Diýmeli zatlam bar howwa. Ýöne telefonda däl. Biz duşuşyp bilmerismi? Garşy bolmasaň ertir azanda sagat 6da saglyk ýolunda.

- Hmm bor baraýaryn.

- Bu soňky bolsada razy men Jemile, razy men.

Jemile onuň soňky gepine jogap bermäni jaňy öçürdi.

Ertesi irdenem Ahmet saglyk ýoluna baryp durdy. Jemile bu ýere gijigip bardy. Oňa belki bu ýere gelmek aňsat düşen däldir.

- Salam Jemile geldiňmi?

- Salam. Gel diýseň gelmeli borda. Halys etdiňlä adamy ýogsam.

- Mmm halys boldum diýsene? Indi sen halys bolma ýagşymy. Çünki mundan soň meni görjek gümanyň ýok.

Jemile:
- Hany gepledä gepiň bolsa.

Ahmet:
- Seret günüň dogşama bu gün başgaça.

Jemile:
- Aý senemä näme indi meni günüň dogşyny suratlandyrmak üçin çagyrdyňmy ýanyňa? Eger beýle bolsa.

- Eger beýle bolsa gitjek şeýlemi? Mertlik edip gelipsiň indem sözlerimi diňle beýdip durmany.

- Näme diýýäňaý sen.

- Gelipsiň mertlik edip diýýän.

- Bol çalt aýt gepiňi. Durjak däl sen bilen men.

Ahmet:
- "Günüň dogşyny suratlandyrmak üçin çagyrdyňmy meni" diýdiň ýaňy. Howwa şoň üçin çagyrdym. Emma ol gün alnymdaky däl. Kalbymdaky gün.

Jemile
- Bähh.

- Men bir gyz bilen tanyş boldum. Onuň ady Şirin. Ol maňa seniň bermedik bagtyňy berdi. Sen düşünýäňmi şuňa. Men häzir oň bile. Ol şeýle bir gyz, görüp dursam hakyky perişde şol ekeni asyl.
Men oňa bir aýa golaý mundan öň sataşdym. Ol maňa seniň bir ýylda beren mähriňi berdi.

Jemile:
- O nähili gyz ekeni bir aýa ýetmäni perişde bolaýar ýaly.

Ahmet:
- Sen ol hakda erbet söz aýtma. Muňa miltem etme.

Jemile:
- Erbet söz eşitmejek bolsaň maňa bu zatlary nämä aýdýaň? Nämä çagyrdyňň meni bärikk?

Ahmet:
- Soňky gezek duşuşyp gürleşmek üçin. We sensiz gezip bilýänimi, sensiz ýaşap bilýänimi aýtmak üçin. Men ikiňizi deňeşdirip gördüm. Onda sende ýok zatlaryň bary bar. Howwa ol beýik. - diýip, Ahmet sport lybasynyň zamogyny aşagrak düşürdi. We ylgamaga taýýarlanyp başlady.

- Şeýle diýsene asyl. - diýip, agyr ýüzli Jemile oňa gürledi.

- Howwa şeýle. Bäh men seniň nämäň üçin şonça wagt yzyňda zar boldumkamaý? Jyn urmuş. Häzir şol günlerimi oýlasam özüm özüme gaharym gelýär. Hemem gülküm tutýar. Özi bara senden ençe öň aýrylmaly ekenim. Sebäbi yzyňda entänime degýän zadyň ýokdy hiç. Şol ýüzüň agyrlaşandan soň hiç üýtgemediň, üýgemediň näme etsemde. Senden dynanyma ýüzdemüň şükür edýän indi.

Jemile:
- Ahmet sen samsykmow? Şunça gün söýgimizi mukaddeslik diýip gezerdiň. Indem gereksiz boldy hä, hä?

- Goý Jemile. Söýgiden, mukaddeslikden sen gürleme, kim gürlese hem. Sen beý diýmekden utan gaýtam. Söýgimizi harlan oňa gadyrsyz çemeleşen sen ahyryn! Meni taşlanam sen. Muny tassyk etjekler kän. Menä söýgümüzi saklajakdym.

Jemile dymyp gürlemäge söz tapmady.

- Bolýa onda hoş wagtyň menä gitjek. Saňa hem bagt dilejek. Näme edeýin özüň deýin bolup. - diýip, Ahmet Jemile bilen hoşlaşdy we saglyk ýolunyň basgançagyndan aşak ylgap gaýtdy. Jemile bolsa oň arkasyndan seredip galdy. Indi ol gaýtam Ahmedi özüne gerek ýaly duýýardy, dodagyny dişläp galdy ol. Ahmedem soňky gezek duşuşdy Jemile bilen. Wagt geçdi Ahmediň we Şiriniň we egindeş dostlarynyň durmuşlary hasam nurana boldy. Jemilä bolsa oň joralary Ahmet ýaly ýigitden ýüz öwürmeli däldigini aýtdylar, aýdýardylar. Onuň Ahmediň göwnüni ýykandygyny, söýgüsini harlandygyny joralary hem ýazgardylar.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.3/5 (9 baha berildi berildi)


Okaldy: 363. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 Ayka Aysoltan

Gowy bolaypdyr Jemila 🖒👍dine ozuni bagytly edjeklen yanynda bolmaly Ahmet gutlayan ayramasynlar sizi
18.05.19 11:17
 Milashka

Gaty gowy soyyanlerinizin gadyryny bilin sizem olary haçan yitirip haçan mataç boljagynyzy bilip bilmersiniz
12.05.19 10:51
 G G

gyzykly hem manyly hekaýalaňňyz size elmydama üstünlik getirsin
10.05.19 00:50
 Nesibe

Sagbolun oran gowy hekaya "Söýülýän mahalyňyz gadyry biliň"Yenede gyzykly hekayalara garaşyas ustunlik👏
08.05.19 18:05
 jemka

Yzy hacan
07.05.19 20:06
 Harper

Hekaýada dogry aýdylýar öz sarpañy özüñ belent tutmaly. Gyzykly hekaýa
07.05.19 17:32
 Harper

Hekaýa tamamlanaýdy öýtýän
07.05.19 17:28
 Meýrem

Gaty gowy hekaya
07.05.19 09:31
 Guwanch

Gowy Dowamy hacan
07.05.19 04:17

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak