TM HYZMAT BILMELI
Soňky duşuşyk


Soňky duşuşyk

Ahmet her zat etse-de, ynjalyp bilenokdy. Onuň küýseýäni Jemiledi, oň bilen duşuşyp, gürleşmek isleýärdi. Ahmet muň üçin Jemilä jaň aýlady. Jaň gidip ugrady... Entegä telefon alynmady. Belki-de ýigidiň nomeridigini bilip, gyzyň ýene-de tekepbirligi tutandyr? Ýa hakykatdanam telefon, Jemiläniň jaňa jogap berip bilmejek derejesinde ondan uzakda-dyr? Jaň kesildi Jemile jogap bermedi. Howwa ýagdaý şeýleräk-di. Ahmediň soňky döwürleri Jemile bilen duşuşmasy barha kynlaşýardy. Hatda telefonda hem oňly gürleşip bilmezdi. Sebäbi Ahmetden jaň geldigi, Jemile ony almazdy. Alsa-da sowuk-sala gürleşerdi goýardy. Ahmet bitakat bolup durşyna ýene-de: "ol şu sapar jaňymy alar, hökman alar meni düşüner, razy bolar duşuşmaga" diýen umyt bilen Jemilä jaň aýlady. Jaň gidip ugrady. Bu sapar Jemile jaňyny aldy.

- Aldyňaý ahyry! Jemile salam, özüňmi bu?

- Howwaý özüm şula! Salam! Hää näme gerek?

- Özüň bolsaň gowyda. Jaňyma jogap bereňok. Meňä näçe wagtdan bäri dynmany aýlap ýörşüm senä jogap bereýin diýeňok.

- Ahmet saňa aýdylda "indi biziň gürleşere ýagdaýmyz galmady" diýip.

- Wahh, beýdimesene Jemile! Sensiz helägä men! Biz duşuşup gürleşip bilmerismi? Iň bolmanda bir gezek?

- Haý senemä Ahmet... Men gürleşere zat ýok diýsemm, sen duşuşmanyň pikirini edýäň! Ýok, ýok. Goýýan inä telefony.

- Elendirmesene meni Jemiläm! Haýyş edýän! Haýyş senden.

- Ahmet sen bara ýaman ters oglan! Ötdi indi hemme zat! Gaýdyp maňa jaň aýlama.

- Jemile, Jemile, Jemileee. Wahh goýmada jaňy. Näme maňa beýle azap berýäň? Nämä kast edýäň maňa. Haý ertir bolsun bakaly, şonda biraz ynjalaryn... Günüm hem şeýle geçýär. Gije bolsa gündizi küýseýän, Gündizde, garaňky gijäni küýseýän. Ikisinde-de ynjalyk tapmaýaryn.

Dünýäm şeýle daraldy.
Maňa orun galmady,
Ýarym neçüýn darady,
Jogap beriň ýyldyzlar?

Ýar aňymda her pursat,
Çekdigim diňe hasrat,
Ýarylaýjak bu gurak,
Kömek beriň ýyldyzlar.


Ahmet ýene bir hupbatly daňy atardy. Ol ornundan turup el,ýüzüni ýuwandan soň, işdäsizlik bilen ertirlik edindi. Soňam köçä çykdy. Gününi näme bilen geçirjegini bilmedi. Ol oýlandy.
- "Gowsy Fitnes klubyna baraýyn. Köpden bäri ol ýere aýak sekmedim. - diýip, şul karara geldi-de Fitnes klubuna tarap ýoly düşdi. Ol ol ýere barybam, bedenine seretmegä başlady. Ol ýerde gurnalan njamlarda tapgyr, tapgyr maşk etdi. Soň ganteli eline alyp, bar ünsi bilen ony götermäge başlady. Bedeniniň gany gyzyp ugrapdy. Ýöne oň damaryndaky gany gyzdyrýan zat maşk däldi-de eýsem aňyny eýeläp duran Jemiläniň pikiridi. Ol onuň hyýalyndan gitmedi. Başaryp bilmedi ony hyýalyndan çykaryp.
Şeýdip hem günüň ýaryny fitnes zalynda ötürdi. Soň daşary çykdy, köçede bolsa ol nirä ýörejegini hem bilenenokdy. Aýak basan ýoly göni gitse göni giderdi. Burulsa olam şo tarapa aýlanardy. Ol şool ýöräp gelşine merkezi seýilgähiň deňine ýetip geldi. Seýilgähe girjeginide, girmejeginde bilenokdy. Töweregine göz aýlady. Seýilgähden adamlar çykyp barýardylar, girip barýardylar. Gelýän, gidýänleriň köpüsi özüniň söýgülisi, bilendiler. Ahmet bolsa ýalňyz özidi. Birdenem onuň gözi garşysyndan gelýän gyzlara düşdi.

- Bir, iki, üç, dört... ...ýedi, sekiz. Ol gyzlary jeren sanan deýin sanap çykdy. Olar çyndanam jerenlere meňzeşdiler.

- Gyzlar owadan ekeni. Bääh özler-ää ýakyn gelýärler... Gyzlar salam oňatmy ýagdaýlaryňyz?

Gyzlaram oňa salam berip, deňinden geçip gitdiler. Olaryň içinde bir birine ümläp soňundanam pesiräk owaz bilen gülüp goýýanyda bardy. Olar Ahmedi agzaşyp ýylgyrdylar, güldüler. Ahmet hem göwni giňän ýaly boldy. Ol ençeme wagtdan bäri gyzlara seredenokdy. Seretmejekdi hem. Ýöne şu gün ol seretdi, syn etdi. Howwa ol indi seretmelidi. Çünki seretmägä haklydy, indi azap çekmäge borçly ýeri galmandy.

- Bu gyzlara mylayym ekeni. Hasam hool çetden üçinji gulagy nauşnikli saz diňläp barýany owadan ekeni. Nätsemkäm yzlary bilen gitsemmikäm? Gitsem-ä şol gyz üçin gitjek. Maňa şol barýan ýarady. Birden oň söýgülisi bolsa? Bulam soň gelşiksizlik döretse. Aý ýok. Onda söýgüli ýoga meňzeýär. Sebäbi olam maňa seretdää. Şeýle oýlanmalar bilen Ahmet bul gyzlaryň yzlary bilen ýöremekligi saýlady. Köçeden barýan taksiçilerem ol gyzlaryň deňinde säginip geçýärdiler. Emma olar takside däl-de, şol topar bolup, bileleşip baryşlaryna awtobusda gitmekligi isleýärdiler. Olar ýöräp baryşlaryna awtobus duralgasyna-da ýetip geldiler. Ahmedem ýetip geldi. Awtobus hem uzak garaşdyrmady, olam geldi. Gyzlar mündüler, Ahmedem mündi. Ahmet awtobusyň nirä barýandygy bilen gyzyklanyp oturmady. Onuň ugruny okamak üçin onuň aýnalaryna üns bermedi. Gyzlar Ahmediň hem bu awtobusa münenini aňdylar.

- Seret, seret bu hälki oglan dälmigy?! A gyz biziň yzymyz bilen geläýipmi bu. - diýip, olaryň biri beýlekilerine aýtdy. Ony Ahmet hem eşitdi.

- Toba, diýýäniň näme Gunça? Ol hem hut şu ugur bilen barýandyrlagyy.

- Ýok, gyzlar ola anyk biziň yzymyzdan gelen oňa seret gözi bärde, a gyz oň gözleri içiňden geçjekle. - diýip geplän gyzlaryň biriniň sözüne başgalary gülüşýärdiler.

Gyzlar agras we mylaýymdylar.
- Goýuňla gyzlar siz seretmäň ol tarapa. - diýip, hoool ýolda aýdym diňläp gelýän gyz joralaryna aýtdy.

- Borla Şirin biziň näme işimiz oň bilen - diýip, ýanyndaky joralary jogap berdiler.

- Ady-aa Şirin ekeni. - diýip, ýüzüni awtobusyň deňinden ötüp barýan ulaglara tarap bakdyryp oturan Ahmet içini gepletdi.

Awtobus durdy. Ol içindäki adamlary düşürip, ol gyzlardanam bir bölegini düşürip ýene ýoluny dowam etdi.

- Hä ola entek düşmändir. Ýanyndakylardan birkisi düşüpdir. Ol belki indiki duralgada düşer? Men ätiýaç bolup oturaýyn, birden düşse yzyndan düşeýin - diýip pikir eden Ahmet, oturan oturgyjyndan turup, olara golaýrak has ýakyn durdy.

- Behh bunygy, edil golaýymyza süýşäýipdir - diýip, gyzlardan biri aýtdy.

Awtobusyň ýene-de durmaly wagty geldi. Ahmet "indä Şiriniň ýanyndaky gyzlar hasam kemeler, awtobus durda, düşerler oň ýanyndaky gyzlar. Men biraz buýana çekilip duraýyn" diýip, oýlandy. Ol aňyrrak süýşdi. Gyzlar hem bir-birisi bilen hoşlaşýardylar. Ahmet kellesini ýene olar tarapa öwürdi. Ol seretse awtobusdan düşen Şiriniň ýanyndakylar däl-de, Şiriniň özidi. Ahmet derrew Şiriniň yzyndan ylgap awtobusdan düşdi. Köçede indi diňe olaň ikisidi. Ahmet ol gyzyň ýanyna ýakynlaşdy-da:

- Salam Hemramy? - diýip, oňa söz gatdy.

- Salam. Howwa diňleýänim şul bagşyň aýdymlary. Bähh nädip aňdyňyz muny? Men muň sesini gulagyma gulakjyn dakyp diňläp barýana.

- Çak etdim, çak.

- Çak eden bolsaňyz-a çakyňyz dogry boldy. - diýdi-de Şirin telefonyň sesi Ahmede-de eşdiler ýaly ony batlandyrdy.

- Men köplenç çak bilen gürleýän, onsoň çakym köplenç dogry çykaýýar.

- Mmm dogry...

- Ynha şu ýerde azrak otursak bolarmy? Ynha boş skameýkada bar ekeni - diýip, Ahmet bile oturmaklygy Şirinden haýyş etdi.

- Otursak diýýäňizmi aýii men şumat öýe barmalydymda. Öýmüzde işimiz bardy men şoňa gyssanýardym.

- Bolýa onda

- Eger gürrüňüňiz bolsa sähel pursat oturyp bileris.

- Sagboluň depämi göge ýetirdiňiz.

Olar oturdylar. Ahmet özüni biraz aljyrňly duýdy. Ýöne özüni dürsedi.

- Siz şu töwerekde ýaşaýaňyzmy?

- Howwa. Inhä şol korpusyň 7-nji gaty - diýip, Şirin gözi bilen sag taraplaryndaky duran binany görkezdi.

- Hää örän gowy. Men oýanda - Aýtakow köçede ýaşaýan. Siz okaýansyňyz ýa işleýäňizmi bir ýerde.

- Howwa işleýän.

- Nirede?

- Tekstilnide.

- Hää gowy.

- A siz näme edýäňiz.

- Aý men şowsuz şoň üçin hiç zadam edemok.

- Toba, O nähili? Nämä üçin siz beýdiýýäňiz.

- Ýöne şowsuz. Geçen ömrüm boş geçdi. Men köp zatlara hyýal edip gördüm. Emma durmuşda artdyran zadym bolmady. Şeýdip hem men otuza ýakynlaşdym.

- Daşyňyzdanaa beýle ýigide meňzäňizok. Gaýratla meňzeýäňiz. Onsoňam ýaşyňyz entek ýaş. Şuňa begeniň.

- Mende gaýrat bardyr belki? Maňa muny dostlarymam diýýäler. Ýöne soňky ýyllarda başa baran işim bolmady. Howwa... bu gürrüňleri goýaly.

Ahmet özüniň şowsuzlygy barada gyzyň ýanynda geplemeli däldigini soň bildi. Beýle diýseň gyzlara ýaramaýanyny ilki hyýalyna getirmedi soňra düşündi.

- Dostlarym diýýäňizmi? Diýmek dostlaryňyz bar ekeni. Dosty bar adam şowsuz ýa bagtsyz bolup bilmez.

- Howwa dostlarym bar. Olar meni köp kynçylykda goldadylar. Men durmuşda gaharly bolsamda olar meň ýagdaýyma düşünýärler. Gowy adam olaryň bary.

- Sizem erbet adam däl ekeniňiz. Çünki dost gadryny bilýän adam erbet bolmaýar. Siz häzir olar hakda oňat zatlary aýtdyňyz.

- Hmm gowy ýigitmi men.

- Howwa.

- Onda size ýarapdyrynda?

- Hä - diýdi-de Şirin aşak seretdi. Oglandan ýüzüni alyp gaçdy. Sähel oturyp hem ol şeýle diýdi.

- Indi men baraýyn.

- Turýaňyzmy? Bor onda sagboluň. Wagtyňyzy bölüp otranyňyza minnetdar.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.3/5 (13 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 A

Gowy hekaya dowamyna garasyas
30.04.19 18:57
 Oraz

Berekella! Ajaŷyp hekaýa
30.04.19 18:49
 jem_l

Dowamy nace tiz gelse sonca gowy👍👍
30.04.19 14:57
 KZ

Dine uytgesik gyzyklyja hekayalar tapyanyzay, gunne girip yzarlap duranyna degyan sayt
30.04.19 11:59
 WEPKA

Gowy hekaya edil hakyky bolan waka yaly bäş ýyldyz
30.04.19 07:43
 Arzuw

Dogamyna garasyas
30.04.19 07:31
 Garagol

Gaty govy eken dovamy hacan chykarka
30.04.19 07:28

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak