TM HYZMAT BILMELI
Söýgi şertnamasy 2


Söýgi şertnamasy 2

Ikinji bölüm.

O wakadan soň Begli hiç hili jaň etmedi. Birnäçe gün geçdi, men onuň sesini eşdesim gelýädi. Ýöne özi jaň etmese jaň etmäge mende güýç gaýrat ýokdy. Aý bu oglan meni dogrudan-da udalit papka düşürdi, menden elini çekdi diýip ondan doly umydymy üzdüm. Ine bu gün bolsa dynç güni, hemişekiler ýaly ýaltaşga bolup ýatyrdym welin, telefonum jyrlady, kimligine üns bermän jaňy aldym.
- Alo, salam şa gyzy, gowumy ýagdaýlaryň?! - diýip, Begli sorady. Menem:
- Hawa, oňat, gül ýaly diýip jogap berdim. Begli hem:
- Hany meň şertnamama gol çekýäňmi, haçan ejemi ugratmaly? - diýip sorady. Menem:
- Begli men seň şertnamaňa gol çekýän, ýöne senem meň şertnamama gol çekmeli bolarsyň - diýdim. Ol hem:
- Bolýa, hany şertnamaňy oka, men ýüzümiň ugruna gol çekýän - diýdi. Menem bolýa diýip, "Gyzyň söýgi şertnamasy" diýip ýazylan şertnamany okap başladym. Gowja edip diňle onda Begli, sen razy bolsaň men razy - diýdim. Oka onda - diýip, ol hem jogap berdi.
Şertnama:

Köýnekler:
1. Balgar - 5 sany
2. Şifon - 5 sany
3. Atlas - 5 sany
4. Leon - 5 sany
5. Maslo - 5 sany
6. Dury hoz gawyk - 5 sany
7. Keteni - 5 sany
8. 50$-lyk atlas - 5 sany
9. Dollarlyk ştapel - 5 sany
10. Türk halat - 5 sany
Öýmeler:
11. Kerep öýme - 5 sany
12. 50$-lyk öýme - 5 sany
13. Han öýme - 5 sany
14. Metjit öýme - 5 sany
15. Göl öýme - 5 sany
Uly seçekli ýalyk:
16. 100$-lyk seçekli ýalyk - 5 sany
17. Millionlyk ýalyk - 5 sany
18. Tara ýalyk millionlyk - 5 sany
19. Gyrma seçekli - 5 sany
20. Maýda seçekli - 5 sany
Gaty ýalyk:
21. Bäş-bäşden, bäş dürli, özüm saýlap aljak.
Žempirler:
22. Gaty žempir - 5 sany
23. Ýuka žempir - 5 sany
24. Kastýum - 5 sany
25. Türk žempir - 5 sany
26. Ors žempir - 5 sany
27. Angorka žempir - 5 sany
Gyş eşikler:
28. Palto lama - 5 sany
29. Koža kastýum - 5 sany
30. Dublonka - 5 sany
31. Mehli kelte dublonka - 5 sany
Ädik:
32. 100$-lyk - 5 sany
33. Atgulak bäş-bäşden
34. Süýjülik bäş-bäşden
Haklar:
35. Gowak ene
36. Eje haky
37. Dogan haky
38. Jigi haky
39. Işik haky
40. Maşyn haky
41. Ruçka tutan
42. Jora haky
43. Süýt haky
44. Ýeňňe haky
Bularyň barsyna bäş-bäşden 20$-lyk atlas.

Gyzyllar:
45. 50gr kardinal
46. 20gr kardinal
47. 16gr zmeýka
48. 1000$-lyk komplekt ýüzük, gulakhalka
49. Nika ýüzük 2 sany
50. Kiçi gaşly ýüzük 2 sany
51. Broşga 1000$
52. Klon 500$
53. Braslet 50gr
54. Galyň pul hem 45 million, ony hem bäşe köpelt
55. Oglana hem eşikler üçin 10 mln berýän, ony hem isleseň bäşe böläý, bolmasa hasap çykanok.
Wiýýý, waýýý, unudaýypdyryn, aý oglan kürte-fatany kim almaly?!. Söýýän bolsaň sen alsaň gowu-da, bolmasa ony hem bäşe köpeldýän.

Ana boldy, sen meň şertnamama gol çekseň men razy... Begli hem bu ýazanlaryň azyrak bomaýmasyn diýip dymdy. Soň hem, näme üçin beýle ýazdyň?! Munyň 5 gyzyň galyň pul-a?!. - diýip sorady. Menem:
- Begli düşün, seň şertnamaňdaky talap edýän zadyň, çaga sanyň 5 gyz bitirip bilse kaýyl bol, bu döwürde 1-2, aňyry gitse 3 çagadan köp edýän ýoga, menem näme, 15-i 3-e bölüp galyň hak ýazdym. Sen yzynda dursaň, menem durjak bolaryn, arzanyň arzysy bolmaz - diýip jogap berdim. Begliden ses çykmady, diňe hä, hm, hä, hm... - diýdi-de,
ýuwaşjadan trupgany goýdy.

Wah, men guraýyn, beýle agyr salmaly hem däldim, o çaga galan ömrüne çaga diýseň elini galdyryp duran edäýdim öýdýän - diýip, öz-özüme käýindim. Wah men Beglini gowy görýän welin, indi men Beglini udalit papka salaýdym öýdýän?!!!!!!!!!
Nowça şahsy döredijilik.
Dowamy bar

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.9/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 17-8

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak