TM HYZMAT BILMELI
Söýgi şertnamasy 3


Söýgi şertnamasy 3

Üçünji bölüm.

Begli trupgany goýandan soň hiç özüme gelip bilmedim, borda, buda geçer diýip geziberdim. Bu gün daşary syryp ýörkäm jaň geldi:
- Alo, gowumy şa gyzy ýagdaýyň? - diýip sorady. Menem:
- Oňat Begli, senem gowumy, işleňem gowumy? - diýip soradym.
Ol hem:
- Hudaýa şükür oňat! - diýip jogap berdi. Soň hem maňa:
- Seniň öý salgyň gerek, ejem soraýar, şu gün size gudaçylyga ugratjak - diýdi. Menem öňkim ýaly:
- Uraaaaaaaa! - diýip güldüm-de, goýsana aý oglan oýnuňy - diýdim. Ol hem:
- Ýok oýun edemok, men seni adam ogluna bermen! - diýdi. Aý menem öý salgymy berip göýberdim. Begli trupgany goýdy. Waý hakykatdan hem geläýse näme diýerkäm?! Öýdäkilere, soňam jorama jaň etdim. Joram derrew ylgap diýen ýaly geldi. Öýde gelnejem ýokdy, bize iki sany daýza geldi. Ýegenim Tawus bilen joram Laçyn bardy birem men, başga adam ýok Ol gelen daýzalaryň biri ýamanja eken, gelnejeň gerek diýip, gelnejemi getirtdi. Olar bir zat diýşip ylalaşdy öýdýän, gelen daýzalaryň biri gelip maňa ýaglyk daňdy. Ana şeýdip hem guda bolundy. Aradan iki-üç gün geçmäkä Begli ýüzbe-ýüz gepleşjek - diýip jaň etdi, menem bolýa diýdim, bolýa diýmesine diýdimem welin, utanjaňlyk, ýygralyk meni ejizledýärdi. Ine-de ilkinji duşuşyk, oglan bilen duşuşyp görmämsoň gaty tolgunýardym, ýüregim bir ýerde duranok, gürsüldisi gulagyma eşdilýärdi. Duşuşyk güni men joramy alyp Arzuw kafe bardym.
Baramda Begli eýýäm gelen ekeni. Salamlaşyp ýerimizde oturdyk, joram gaty dile çeper, a Begli bolsa tel başynda batyr eken, näme geplenýäkä ony hem bilemzok, wah bir işdeş gelnejelerden soramaly ekenim, duşuşykda näme geplenýänini... Biz çörek iýip başladyk, joram arkaýyn iýýä, Begli bilen men bolsa dymyp wagtymyzy geçirýäs. Men hiç ynanyp bilemok, telefonda maňa gezek bermän jidirdeýän oglan lal ýaly dymyp dur, telefon başynda batyr eken, gyz görüp dymma-dymma oýnuny oýnap oturan ýaly... Biz nahar iýip bolduk, alnan naharlaryň, sokdur-liptonymyzyň bahasyny Begliň özi töledi. Biz töleşjek bolduk, etmedi.
Ýöne joram bar zady bulaşdyrdy, ol:
- Waý munça zadyň bahasyny töläbem goýup gitmelimi?!. - diýip, ýerinden turdy-da kassadan nahar alyp gaýdar ýaly gap alyp geldi. Begli şo aralykda meň elime hat gysdyrdy, menem aldym. Joram hemmesini pakede ýerbe-ýer edip ýerleşdirdi we biz gaýtdyk. Işe gelip joram iýmeseňiz iýmäň - diýip, alyp gaýdan zatlaryny täzeden iýip başlady. Menem Begli maňa näme ýazdyka diýip, haty okamaga howlukdym, hatda goşgy bar eken:

Ýekejäm
Rugsat berseň diňe seni söýeýin,
Seniň üçin janym gurban edeýin.
Bu dünýäde ýaşaýarkam ezizim,
Seniň üçin barym bagyş edeýin.

Aýlar, günler, ýyllar geçse-de hatar,
Söýgüm möwç urýa öňküden beter.
Sen meni her gün pikire batyr,
Şonda-da söýerin, seni ýekejäm!!!

Ýene dymdym.
Bu aralykda iki gapdal hem toýa şaýlandy. Toý sähedim bellenen diýen ýalydy. Men indi Begli bilen telefonda öňküler ýaly gepleşemokdum. Ýöne her gün:
- Seni göresim gelýär, öýe gel basymrak! - diýip sms gelýärdi.

Maňa diňe sen gerek

Arzuwlaň ummanyn boýlap ýüzmäge,
Söýen gülüm maňa diňe sen gerek!
Syr ýumagym çözletmäge, çözmäge,
Ynamdarym maňa diňe sen gerek!

Telbe bolup, söýmek üçin ýürekden,
Durmuşuma saýa salýan derek sen.
Şatlykda-da, gaýgyda-da gerek sen,
Söýen gülüm maňa diňe sen gerek!

Degseňde göwnüme, çenden kä ýarym,
Şol demde günäňi ötmäge taýyn.
Ykbal senden aýyrmasyn ylaýyk,
Dünýe barym, maňa diňe sen gerek!

Nowça şahsy döredijilik.

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (17 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(17)



 Leyli

Yzyna sabyrsyzlyk bn garasyas
22.05.19 11:17
  Ay ÝYLDYZYM

Bizede olar yalak oglan nesip etsin Allajan soygusinin yzynda duryan
14.05.19 15:40
  Ay ÝYLDYZYM

Bizede olar yalak oglan nesip etsin Allajan soygusinin yzynda duryan
14.05.19 15:40
 Nesibe

Gowja hekaya eken welin dowamy bar bolsa uly edip yazylarda dowamy bar dp yokarda yok bolsa yzy yok bolarda sagbolun Nowca kop kop yenede gyzykly hekayalara garasyan
03.05.19 14:35
 A A A

Yzy yokmy gowy hekaya eken
29.03.19 18:16
 Arzuw

Yzy yokmy sonymy yaaa
28.03.19 13:18
 S

GOWY AJAP ELİNE SAGLYK NOWCA.
20.03.19 19:29
 M. Yay

Kulminasia gerek (gyzyklyja waka yetenok)
18.03.19 14:29
 M. Yay

Kulminasia gerek (gyzyklyja waka yetenok)
18.03.19 14:28
 Olika

gaty gowy yzynada garasyassmile
17.03.19 11:18
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 17-8

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak