TM HYZMAT BILMELI
Söýgi şertnamasy


Söýgi şertnamasy

Birinji bölüm.

Menem: "Uly il söýgi bilen başagaýla" diýip, internetde bir dostum bardy Begli diýip, ol Etrekdäki firmalaryň birinde işleýär özä, alçak şadyýanja ýigit. Onuň boýy meniň boýum bilen deň, agramy meniň agramym bilen deň gelýär, ol gülsem gülýär, gaharlansam dymýar, aglasam köşeşdirýär. Men bu ýigit bilen Mollagara şypahanasynda dynç alyp ýörkäm internet üsti bilen tanyşdym.
Men Begli bilen geçen şu dört aýyň içinde ysnyşdym, ol dile çeper, goşgy zadam ýüzüniň ugruna düzüberýär. Ol ýigit meniň pikir edişim ýaly pikir edýär, häsiýetimiň köpüsi onuň häsiýetine meňzeş... Ine bu gün hem baýramçylyk, boş gün, aý bu gün hezil edip ýaltaşga bolup ýataýynla diýip ýatyrdym welin, Begli jaň edip turuzdy, oň bilen telefonda gepleşip, ondan-mundan gürrüň edip oturdyk. Menem Beglä: "Eger-de meni gelin edip al diýsem alarmyň?!." - diýip, oýunlyga salyp, gülen bolup, aýdyp goýberdim welin, ol hem maňa şeý diýdi:
- Men seni alaryn, ýöne meniň ýekeje şertim bar, sen şol şertnama gol çekmeli bolarsyň - diýdi. Men:
- Begli o nähili şert?! Nähili şertnama?!. - diýip ýüzlendim. Ol maňa şuny aýtdy:
- Meniň şertim, meň bilen ýaşan döwrüňde her iki ýyldan bir sowgat edersiň - diýdi. Menem:
- Sowgat bolsa hiçle, bir alajy bolarla - diýdim. Soňam:
- O nähili swgat?! - diýip soradym.
Ol hem:
- Meniň sowgadym pula satylanogam, alnanogam - diýdi. Menem:
- Onda näme ol? - diýdim, ol hem maňa:
- Her iki ýyldan maňa bir çaga sowgat et - diýip aýtdy, olaň sany hem 15 bolmaly, meň maşgalam uzagyndan bir oba bolar ýaly - diýip aýtdy. - Men eýýäm olaryň atlaryny hem taýynlap goýdum - diýip aýtdy we şertnama kagyzyny okap berdi:
1. Umyt
2. Arzuw
3. Şöhle
4. Älem
5. Şirin
6. Şeker
7. Nabat
8. Dünýä
9. Dursun
10. Baky
11. Parahat
12. Rahat
13. Çynar
14. Derýa
15. Çeşme
Maňa spisogy okap berdi. Men gyza galyň tölenýämikä diýýädim welin, indi oglanlar hem galyň ýazyp başlapdyrlarla - diýip pikir etdim.

Begli bolsa:
- Gowja pikir et, men ýaly oglan tapdyryp hem durýan däldir - diýdi-de, meni udalit papka salyp, trupkany goýdy.
- Wah, men guraýynla, söýüşip näme etjek diýsene... Käşgä söýüşip oňarýan bolsaň başga hasap. Ony hem oňarýan zadym ýoga, diliňi bir saklap otura - diýip, öz-özüme käýindim. Ine, meniň utanyp-utanyp, zordan, söýgi sözün aýdan ýigidim-ä şeýleräk bolup çykdy. Men onuň şertnamasyna nädip gol çekeýin?!. Onuň menden isleýän sowgadyny men däl, Alla jan bagş etmelä...

Dowamy bar.
Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (10 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



  Ay ÝYLDYZYM

Soyani un sert goyandyr caga islandirda viiii
14.05.19 15:48
 Maya

Gyz gowy eken men bolsa seydiyen bolsalar men udalit ederdim, oglany
15.03.19 15:49
 s

Oglanlaryn serit oyanyny mena 1-njy gezek esityan. A slada serit goyup soyymeli bolsa soyyman gec diyerdim. Hekaya gowy gyzykly
07.03.19 21:05
 Selim

Bu dowur de erkeklerem sert bolyamy
07.03.19 19:16
 Olika

Yzyna garasyan Basymrak goysanyn sevinirdimsmile
07.03.19 15:54
 Olika

Gowy gorse sert goymazdy sen bolsan bolya diyerdi ondada gowy hekaya smile
07.03.19 15:52
 Arzuw

Soyyan adam bir soz ücin udalit edip ocurmez.yenede gyzykly hekaya dogamyna garasyas
07.03.19 07:03
 Palwan

Gaty gyzykly dowam ediber.
07.03.19 06:11
 S. D. n.

1-den soyan adam serit goymaz hem meni unut diymez. 2-den bolsa oglanyn serti has koprak dalmy?. Gyzyn has gowy goryanini bilip peydalanma diyan men muna. Hekaya gowy hem dusnikli eline saglyk.
07.03.19 05:10

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak