TM HYZMAT BILMELI
Söýgi synagy 2


Söýgi synagy 2

Shol wagt Ashyryn telefonyna jan geldi.
- Bir ay bari sana jan edip tapmadyk. Sen nirede boldun? - diyip trubkadan gyzyn sesi eshidildi. - Yanymda Aygulem bar. Ol hem seni sorayar.
- Ikinizem oye gelin, dushunusheris diyip Ashyr jogap gaytardy.
Ara yarym sagat yaly wagt salyp, gyzlar Ashyryn yanyna geldiler. Olaryn ikisem owadandy. Boylary, hat-da eshiklerine chenli menzeshdi. Ikisem gowudy. Olaryn birini owup, birini syndyrar yaly daldi.
Ashyr yayjykly krowatda yatyrdy, yuzi agyrdy. Hat-da gyzlaryn yuzune-de seredenokdy.
- Yaramadym - diyip, Ashyr pessay mydyrdady. - Shu gun hassahanadan chykyp durshum. - Gechin, gyzlar, chay ichin! - diydi-de, Sona dayza chay getirip, kasedir suyjileri gyzlara tarap suyshurdi. - Ornashykly oturyn. Ashyr janam birden keselledi oturyberdi. Lukmanlar: "Munyn derdine dowa yok" diydiler. Okuwa barjagam belli dal. Nache omrunin barlygyny Alla bilsin. Men-a name etjegimem bilemok. Siz bile okayanyzmy?
- Wiy! - diyip, gyzlaryn Bagul atlysy ichini chekdi. - Ol-a bolmandyr. Biz-a eshitmandirisem.

Aygul diyilyan bolsa ashak bakdy-da aglaberdi. Biraz aglanson, Ashyra yuzlendi:
- Ashyr, sen gowy oglan. Gowulary bolsa hemishe perishdeler goldayar. Sen hokman sagalarsyn, oylenersinem, toyunda, bay, shatlanyp, kusht depers-a onson!
Ashyr hich zat diymedi-de, ulydan demini aldy.
Bagul gaytmak uchin yerinden turdy.
- Alla medet bersin, Ashyr. Yor gaydaly, Aygul!
Aygul Bagul bilen gitmek islemedi. Ol agy gatyshykly gurledi:
- Sen gidiber, Bagul! Men gitjek dal. Biraz Ashyr bilen gurleship oturjak.
Bolya onda, sag oturyn! - diydi-de, Bagul chykyp gitdi.

Aygul bolsa yashdan pure-pur gozlerini Ashyryn yuzune dikip gurledi:
- Ashyr, sen ruhdan dushme! Nesip bolsa, sagalyp, ayak ustune galarsyn. Men muna ynanyan.
Ashyr Aygulun yuzune bakyp, chyn yurekden yylgyrdy.
Ashyr hem, ejesem mundan artyk Aygule dozmediler.
Ashyr tarsa yerinden turup, Aygulun elinden tutdy. Sona dayza bolsa onun gozyashlaryny supurdi.
- Bagyshla, gyzym, biz sheytmeli bolduk - diyip, Sona dayza Aygule yalbardy.

- Meni bagyshla, Aygul! Bagulem senin joran bolanson, ol hem meni soyyandir oytdim, senin bilen toy tutsam, oykelar oytdim. Onson "Synagdan gechirip goreyin diydim"- diyip, Ashyr yuwash gurledi. - Meni soyyan sen ekenin, Aygul!
- Herhili yagdayda-da senden hich wagt yuz owurmen - diyip, heniz hem aydylan gepin tasirinden chykyp bilman oturan Aygul yene gozlerini yashlady.
- Oy salgyny ber gyzym! Men size gudachylyga gitjek - diyip, Sona dayza yerinden turdy.

- Gor, bize nahili gyz dushdy. Synagymyz gowy boldy. Biz haysynyzy aljagymyzy bilman durdyk.
Aygul goz yashyny supurip durshuna eneli-oglun eden oynuna biraz yylgyrdy.

Soñy.



Çeşme:"ESGER" gazety
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.8/5 (18 baha berildi berildi)


Okaldy: 550. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(21)



  Ay ÝYLDYZYM

Menem edil suwagyt tasirinden cykyp bilemok gozum yasdan doldy birini gozegme getirip
14.05.19 16:00
 karkara

Gaty gyzykly ýazan 100-ýaşasyn!!!.
13.05.19 12:44
 Oguljemal

Mena gyzykly gormedim
09.05.19 21:33
 Nesibe

Gowy bolupdyr ,,diýen aýdan kän bolar kömek eden az" agyr güne düşeňde ýakynyňy tanap bolýar.....sagboluň gowy eken.Esger gazeti sypdyrman okayyn onem okayan yone duş gelmandim
03.05.19 14:09
 Ms Angel

Gowy usulyny tapypdyrlar gyzlary synamagyñ
14.04.19 07:03
 Solnyshka

Gaty gowy!sag bolun
03.04.19 21:28
 .

Beter govy 👍👍👍👍
27.03.19 20:35
 aysa

gaty gowy hekaya ekeni.
27.03.19 18:43
 Nurana

gaty onat agzalara salm
23.03.19 08:37
 Ahmedik

Jemal ýaňky aýdan sözüň ady belli repçimiz S_beateriň (Uşakow Süleýman) rebinden alnan söz. Sen şol rebi diňläp gördüňmi?
11.03.19 04:56
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 21-12

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak