TM HYZMAT BILMELI
Söýgi synagy 1


Söýgi synagy 1

Ashyra gaty kyn boldy. Ol iki gyzyn soygusinin arasynda pelesan kakyardy. Bu yagdaydan nadip bash alyp chykjagyny bilmeyardi.
Gyzlaryn ikisem biri-birinden sypayydy, biri-birinden gelshiklidi. Olaryn birine soz aytsan, ikinjisi oykelejekdi. Shonun uchin Ashyr natjegini bilman, ichini humledip yordi. Talyplygyn dordunji yyly tamamlanyp baryardy. Sanlyja gunlerden olar synaglary tabshyryp, dynch almaga giderler. Geljek yyl okuw tamamlanandan, dowlet synaglaryny tabshyryp, Ashyr watan onundaki gulluk borjuny berjay etmage gitmelidi. Shonun uchinem shu yyl meselani chozmelidi. Gyzlaryn haysysyny saylamaly? Olaryn haysysyny chyn yanyoldash edinmeli? Shuny chozup goymalydy.

Hernache pikirlense-de, Ashyr belli bir karara gelip bilmedi. Ejesi Sona dayzanyn gyzlar hakda soz gozgamagy Ashyra meselani chozmage tutaryk boldy.
- Oglum, okuwyny gutarmagada birje yylyn galdy. Yzyndanam harby gulluga gidersin. Doganlarynam durmusha chykyp gitdi. Sen menin yeke oglum. Senem gulluga gitsen, oyde menin bir ozum galaryn. Shonun uchin gulluga gitmakan, gelin edinip galaymak niyetim bar - diyip, Sona dayza chay bashynda ogly Ashyra yuregindaki etsem-petsemini yanzytdy.
Ejesinin gyzlar hakda soz achmasy Ashyr uchin bahbit boldy. Dogrusy, gyzlar hakda soz achmaga Ashyr ejesinden utanyardy. Yone name-de bolsa, ejesinin ozunin bu hakda gurrun gozgan chagy meselani biryan yuzli etmek isledi.

- Gelin edinenin gowy, eje. Gelin edinmaninde-de gullugyn bir yyly gechyancha onarsyn. Doganlarym gelip dur, agtyklaryny gorup dursun. Ustesine-de ishlap yorsun. Ishden gelip bir kase chay ichip, bashyny yassyga goydugyn, gijan gecher. Sheydip, gulluk dowri derrew gecher. Ine, gelinlik saylamak welin ansat dal, eje - diyip, Ashyr ejesine yuzlendi. -Goraymage gyzlaryn hemmesi gowy yaly. Olaryn haysysyny saylamaly? Biz yaly yash yigitler bu ugurda tejribesizlik edyar.
- Wiy, sen gyz saylap bilenokmy, oglum? - diyip Sona dayza yylgyrdy. - Tuys men onarjak zadym-da shol. Aytsana shony mana? Sheydip, Ashyryn ejesi ahli ishi ansatlashdyrdy goyaydy.

- Beyle bolsa, eje, dinle - diyip, Ashyr ejesine yuregini achdy. - Aygul, Bagul diyip, menin bilen okayan iki sany gyz bar. Ikisem gowy. Ikisem owadan. Boylaram den. Adamchylyklary-da gowy. Olar bileje-de oturyarlar. Ozlerem hich oglan bilen gurleshenoklar. Dine menin bilen tirkeshyarler. Bile teatra gidyas, aydym dinleyas. Yone, oylenmek uchin men olaryn haysysyny saylamaly boljak?!. Iki jora mydama bile. Ine, shu meni uly derde goyyar.
Oglunyn gurrunlerine Sona dayza jak-jaklap guldi:
- Onaraydyn sen-a oglum. Seninkem Tahyryn: "Tatarda Zohre jan, Bagdatda Mahym" diyshine bardy. Indi senem "Yakdy meni iki gyzyn nalasy" diyde zowladyber.

Ejesinin gulkusine Ashyr goshulmady. Ol:
- Sen guluber, eje - diydi. - Menina yadyma gulki dushenok. Dogrusy, men-a alada edyan. "Olaryn haysy birine soz aytsam, beylekisi menden oykelap, nahili gune dusherka?" diyyan.
Gel onda ikimiz bir zat edeli - diyip, ejesi Ashyra maslahat berdi.
- Sen telefonyny mana goy-da hich kime aytman, Awazada dynch alyp gel. Onsan bu meselani chozeris. Awazada bir aya golay bol. Ol yerdeligini hich kim bilmesin.
Ashyr synaglaryny tamamlap, nira gidyanini hich kime aytman, Awaza gitdi. Ashyryn gelen guni ejesi chay bashynda chynlakay gurrun etdi.
- Ashyr jan, sen meni yeke oglum. Taze gurlan gul yaly jayymyz bar. Ayagyn ashagynda suw yaly mashynymyz bar. Doganlan chykyp gitdi. Indi jay sana galmaly. Mashyn senki. Munyn yaly ogly soyjek gyz kandir. Shonun uchin sen soyyan gyzlaryny oye chagyr. Olary ikimiz synagdan gechireris. Mazaly, menem bu gunler dynch alyshda. Oyde. Kim oyumize, kim mashynymyza ashyk, kim bolsa ozune ashyk, ol belli bolar. Yone sen hazir gyzlaryn yanynda gulmeli dal, ozuni keypsiz, agras alyp barmaly. Gyzlaryn haysysynyn seni chyndan soyyani shu gun belli bolar. Belki, ikisem soyyan daldir.
- Bolya, chagyrayaryn - diyip, Ashyr ejesi bilen ylalashdy.

Dowamy bar...


Çeşme:"ESGER" gazety
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (21 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(11)



 karkara

Galamyň ýiti,ýazýan hekaýalaryň howri kopelsin janyň mydam sag bolsun ýaşa.
13.05.19 12:35
 Aynur

Gowy hekaya Eken.ishinizde ustunlik👍
06.05.19 20:28
 Aynur

Gowy hekaya Eken.ishinizde ustunlik👍
06.05.19 20:27
 Anonimus

dowamyna sabyrsyzlyk bilen garasyas
06.05.19 14:01
 Nurana

hayyst dowamyny tizlesdirin sabrsyzlyk bn garasyaryn Anonimus pikrine gosulyaryn
23.03.19 08:29
 s

Gowy gyzykly elinize saglyk.
25.02.19 20:48
 M

👍
24.02.19 23:39
 Maral

Gyzykly hem govne jay
24.02.19 23:24
 Anonimus

Dowamyny calt goysanyz gowy bolardy. Bellik Admin hekayalarynyz dowamly goysanyz. hemmamiz ucin gowy bolardy! Agzalar name ucin hekayany okanynyzdan son baha ber diyilyan yerde pes derejede baha beryaniz!
24.02.19 05:13
 LachynB

Durmusdan alynan gowy hekaya eken
23.02.19 12:33
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 11-2

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak