TM HYZMAT BILMELI
Täze gelniň saçy gopdy. Agaýusup bilen Agaýunusyň eden işi


Bu gün men öýde dynç aldym. Öýüň işleri, arassaçylyk geçdim, aý garaz öýde güýmendim. Gelnejem jigim Agaýusup bilen Agaýunusy alyp atasy öýüne daýy ugurlary toý edýär — diýip, şoňa gidipdi. Günortanlykdan soň aý ýataýynla diýip ýerime geçdim welin, goňşymyz geldi ukol edip ber diýip. Ony sagaman ugradyp ýerime geçdim welin, indem joram geldi. Joram Maýsa geldi, täze ýylyň zähmet rugsadynyň sanawyny düzelile — diýip.

Aý menem joram bilen ondan-mundan gürrüň edip otyrkak, Agaýusup bilen Agaýunusyň aglaýan sesi eşdildi, waý bular toýa gidipdiler-ä — diýip, ylgap daşaryk çyksam, gelnejem toýy doly görmän gaýdypdyr. Menem hä näme boldy?! — diýip soradym. Men öýde jigilerimi goýup gidiber diýsemem alyp gidipdi. Bolan zady aýt-da, bulary näme üçin urýaň? — diýsem, gelnejem aýdýar:
— Bularyň indi gaýdyp toýda işi ýok — diýdi-de, jigilerimi goýup, täzeden özi toýa gitdi. Maýsa ikimiz Agaýusup bilen Agaýunusy öýe salyp köşeşdirdik. Men olaryň birzat edenini bilýärdim, bolmasa gelnejem taşlap toýa gitmezdi.

Bizem soradyk:
— Agaýusupjan, Agaýunusjan, toýda näme boldy jigim jan?!. — diýip soradyk. Olar näme aýtdy diýsene?! Edil şolaryň aýdyşy ýaly aýdaýyn:
— Toýda bara, toýda, täze gelin owadan kän jäjek dakypdyr, owadan ýaglygam bar, uzyn, ine şutaýyk ýetip duran saçy hem bar — diýip, eli bilen aýagynyň aşagyna çenli görkezýär. Howwa, onsaň näme boldy?!. Onnoňmy, Ýunus bilen onuň saçyny elläp gördük. Kän elläp gördük. Ýunus meň elimden täze gelnejäň saçyny aljak boldy, menem bermejek boldum. Täze gelin ýerinden turdy welin oň saçy gopdy, menem ylgap ejeme berdim, ejem ikimizem urdy, täze gelin hem aglady — diýip, gürrüň berdi.

Maýsa ikimiz aňk bolup otyrys, o saç gopan bolsa geliniň saçy gaty kiçidir we goşup bilen saçyny goşandyr. Bular näme çaga-da, owadan uzyn saç bolsa elläp görendir. Näme diýip, näme aýtjak, bizä bilmedik, güljekmi ýa aglajak?!....

Redaktordan: Gadyrdan Okyjylarymyz, hany pikir edip görüň toýda şeýle waka bolsa sizde nähili duýgy bolup geçer?!.. Hekaýa göwnüňize ýaran bolsa baha bermegi unutmaň!!! Teswirleriňizi ýazyň, pikiriňizi açyk arkaýyn ýazyň.

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.8/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 202. Şü gün okaldy: 17


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 SheydA...

Elbetde utanardym. Durmushda bolup biljek zat. Yone Hudayjan hic bir gyzada bagtly gununde beyle wakany bashyndan gecirtmesin... Mena gynandym.😢 "Gülme goñshyña; geler bashyña" diyipdirler....
20.04.19 20:28
 Gülsoltan

Ömrüñde birje gezek bolyan iñ bagtly günüñizde sheyle waka bolsa elbetde kopculikden utanyp gynanarsyñ. Yöne soñ soñlar yada dushse hezil edip gulner😂😂
16.04.19 06:33
 ayka

Hahahahh bolup bilaayjak
14.04.19 20:57
 S.G

biraz manyly zatlary yazyn ya
14.04.19 20:37
 WEPKA

Dogry aytyan A A A!
14.04.19 10:51
 A A A

Shu dowurde bolayjak zat, gen goremizok.
14.04.19 09:35

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak