TM HYZMAT BILMELI
Ýaňramasana


Ýaňramasana

Ol 1915-nji ýylda dünýä indi. Ony öýde aglatmadylar. Çaga aglaberjek boldugy ejesi barmagyny çommaldyp:
- Haýt, bedasyl, gap sesiňi! - diýip, haýbat atýardy. Gülmek hem gadagandy, aglamagam gadagandy, kakasy:
- Ýuwaş boluň!- diýip buýurýardy. Öýlerine myhman gelende-de:
—Ýuwaşja otur, galmagal etme-diýip, ony geplemez ýaly edýärdiler. Ejesi öýde ýeke galanda oňa:
—Wah, geplemesene, ýüregime-bagryma düşdüň. Bir salym bir ynjalykly oturaýyn-la diýýärdi.Tä ýedi ýaşaýança şu hili dowam etdi.

Mekdebe gitdi. Sapak wagty bir söz aýytdygy:
— Gepleme diýilýär saňa! - diýip, mugallymy gygyrýardy. Klas tagtasyna çagyryp: —Soralýan zada jogap ber. Kän ýaňrama-diýip, öňünden duýdurýardylar. Şeýdip on iki ýaşady. Orta mekdebe gitdi. Çala agzyny açdygy:
— O senden soralanok - diýdiler. Direktor oňa "Söz kümüş, dymmagam -altyn"- nakylyny ýatlatdy. Türk dili mugallymy:
— Iki sapar diňläp, bir gezegem jogap ber. Adamyň agzy bir, iki gulagynyň bolmagy şondan - diýdi.
—Ýuwaş!
—Gap sesiňi
—Ýaňrap oturmasana?
Tä on bäş ýaşaýança şu hili dowam etdi.

liseýe gatnap başlady.Bu ýerde-de onuň ilki eşden gürrüňi:
—Ýaňrandan dyman gowy! - diýlen gürrüň boldy.
—Kän gepleme?
—Dymyp otur!
—Bes ediň gürrüňiňizi!
On dokuz ýaşaýança şeýle dowam etdi.

Uniwersitete girdi. Öýde oňa:
—Uly adamlar gepleýärkä, kiçiler diňlemelidir-diýip, pent etdiler. Ejesi:
—Söz ulynyňky, suw-kiçiniňki - diýip, öwretdi.
Profesor bir sapar:
—Diliňi dişläp gezgin! - diýdi.
Şeýdip ýigrimi üç ýaşady.

Goşun gullugyna gitdi.Bölümiň komandiri:
—Gepleme, eşek ogly! - diýip buýruk berdi.Serjant:
—Bes et samahallyňy! - diýdi.
Kapitan:
—Tükediň gürrüňňizi - diýdi.

Polisiýa çagyrdylar. Polisiýa işgäri gahar bilen:
—Kimmm senden zat soraýaaar?! - diýdi. Polisiýa ýolbaşçysy bolsa:
—Diliňi damagyňa goýbererin - diýdi.
Işe girdi. Ýanyndaky ýoldaşlary barmaklaryny dodaklaryna ýetirip:
—Ýuwaş-ş! - diýdiler.
—Jan dogan, diliňi saklaweri! Bir belanyň üstünden barýaň.
— Sem bol. Başlyklar hem:
— Gören ýeriňe burnuňy sokup ýörme!-diýdiler.
—O seniň işiň däl!
—Seniň ne işiň?
—Ugruňajyk gez, bolmasa-da...

Öýlendi. Aýaly:
—Başyňa döneýin, sen gatyşma -diýdi. Çagalary dünýä indi, ulaldylar.
—Kaka, bu zatlara seniň aklyň çatmaz. Goşulma-da, arkaýyn oturyber!-diýdiler.

Bu adam - belli bir derejede men, belli bir derejede - siz, belli bir derejede-de biziň hemmämiz.
Öň zamanlarda aýallar ärleriniň dilini lal açdyrmak üçin nahara garamandalak atar ekenler. Bize-de, görýän welin, şony beren bolmalylar, hany, serediň, diliňiz ýerindemi? Dilimizi ýuwdan bolmaly biz. Agzymyz bar-da dilimiz ýok.

Indi şol-hem maňa meňzeş, hem size meňzeş adam söz azatlygynyň berilmegini talap edýär. Onuň gepläsi, aýdasy gelýär. Emma oňa:
—Gepleme-diýýärler.
Meniň bolsa oňa:
—Aýt! Içiňi dök bol!, aýdyber! - diýesim gelýär. Ýöne näme aýtjak? Nädip aýytjak? Hany, seniň diliň hany ahyryn?...

Türk ýazyjysy Eziz Nesin.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.6/5 (23 baha berildi berildi)


Okaldy: 682. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(19)



 Bibi

Bu eserde men pikirimce adalatsyzlyga yol berlipdir. Name un ol oglanyn pikiri dinlenmandir. Enemem bu hekayany dinlap adalatsyzlyga yol berlipdir diyen pikirde
08.07.19 21:36
 Myhman97

Tikensiz guljagaza jogap hökmünde. Adalatsyzlyga garşy dymmak, bir tarapdan muna rugsat bermekdir. Ejize ganymlary, densizlikleri görübem göz yumsak, son bir gün bize edilende başgalaram göz yumjakdyr. Yagny edyanin dogry jigim, sen yaly ynsanlaryn hasam köpelmesi umudy bilen...
26.06.19 22:45
 Mekan

Durmusda bolyan zat
23.06.19 20:54
 Tikensiz guljagaz

Men nirde bolsamam garsymdaky kimem bolsa eğer sonky yalnys bolsa jogap berip garsy cykyan blemok dogrymy damı yone adalatsyzlyga hicvagtam gozumi yummayan garsy cykyan sizin pikiriniz naili menki dogrymy ya yalnys agzalar jogap yazsanyz hosal bolardym
21.06.19 12:20
 #SheyDa

Pikirlenip gördüñizmi. Şularyñ haýsysy has agyryly: 1.Bir zady aýdyp, käşgä aýtmasadym diýmekmi; 2. Ýa-da aýtman, käşgä aýdyp bilsedim diymekmi;
19.06.19 13:23
 Bayram

Eger senin edyan işin dogry bolsa ya sőzlejek sőzůn hak bolsa , otur ,sem ,bol diyselerem utanman pikirimi aydardym
14.06.19 12:39
 dunya

ol.oglanyn nam un pikirini dinlemediler belki olam pikrini aytmakcy bolandr hemmanem pikrni dinlemeklik gerek
28.05.19 17:40
 Maşa

Manysyna gowy dusundim.
23.05.19 12:58
 Gülnaz

Salam men gatybir halamadym yada manysyna dusunmedim
22.05.19 15:47
 Zarina

eser oran gowy.cun manyly
28.04.19 11:12
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 19-10

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak