TM HYZMAT BILMELI
ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY
2-nji bölüm


ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY

(Durmuşda bolan waka)
(2-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Birinji bölümi okamak üçin: Bas

Aýhan titräp durdy.Çagajygyñ öñki görýän güni az ýaly indem has beter gün görmekden gorkýardy.Öweý eje we öweý jigi.Bularyñ ikisi Aýhany kakasyndan has beter daşlaşdyrjak ýalydy.Gaty kyn günleriñ Aýhana garaşýandygyny hiç kim bilenokdy.Kakasy adamlaryñ arasynda,märekede ýa toýda zatda ogly Aýhana güler ýüz bilen bakaýmasa,ýogsama Aýhan çaga ejesi öleli bäri güler ýüz bilen bakýanam ýokdy.Şol tukatlyk.Şadyýanlyk,hapysaçylyk,biýedeplik bularyñ barysy Aýhanyñ durmuşynda pozulypdyr diýen ýalydy.
(1 ýyldan soñ)
Aýhan bu ýyl mekdebe gitmelidi.Ertesi gün onuñ doglan günidi.Ýene 1 hepdeden bolsa okuwa gitmelidi.Öweý ejesi Dinarañ ogly Gylyç indiki ýyl gitmelidi.Emma Dinara oglyny şu ýyl mekdebe bermek isläpdi."Bileje gider,bipeje gelerlerdä"diýip ikisinide bir synpa ýazdyrypdylar.Ertesi gün Aýhanyñ dogylan günidi.7 ýaşaýardy.Oña öñkileri ýaly kim şirinnanyñ üsdünde otly çöpi goýup üfletsin diýsene.Altyn ýeññe ýok ahryn.Geçen ýyl bolsa kakasy üfledipdi.Onda-da Aýhanyñ özi ýatladypdy,ahry, doglan gününi.Bu gezek düýbünden ýadyna-da düşmeýär.Sebäbi bar ünsüni içgi alypdy.Ýöne Aýhan kakasyndan umydyny üzmeýärdi.Doglan günini hökman gutlajagyna ynanýardy. Aýhan bu gün nämede bolsa ýylgyrmaga,şatlanmaga synasyşypdy.Doglan güni bolany üçin ol gaty utanjañ görünýärdi.Şkafyndaky iñ täze eşigini geýipdi.Hat-da şol täze diýýän eşiginiñem üsdüne kraska degirilgidi.Bu eşikleri Aýhana goñşy daýza Hally eje beripdi.Agtyklarynyñ eşikleriniñ kiçi bolýanlaryny Aýhana bererdi.Aýhana şol eşikler berilmese ýalsñaç galaýmaly diýen ýalydy.Eşigini geýip öýde otyran Aýhan kakasyna garaşýardy.Sagat öýlän iki bolupdy kakady gelmändi.Dört bolupdy gelmändi.Alty bolupdy gelmändi.Sekiz bolupdy,gün ýaşypdy gelmändi.Sagat on bolupdy,öýe ne girýän bardy,ne-de çykýan.Aýhanyñ öýde ýeke özidi.Kakasyna garaşyp oturşyna sagat gijäñ ýary bolup gidipdi.Aýhanyñ doglan güni geçip gidipdi.Hiç kim birje gezek hem doglan günini gutlan bolmandy.Aýhan gaty gynanyp aglady.Ejesini göresini gelýändigini aýdyp şeýle bir aglady welin,çagajyk öz agy sesiniñ heñine ýatyp galypdy.Uklapdy.Ukysynda öz arzuw edýän şirinnanyndan kesip iýip görüpdi.Ejesi sowgat baryny beripdi.Sowgatlaryñ arasynda Aýhanyñ arzuw edip ýören tigiride bardy.Düýşi bolsada heniz şol tigiri sürip görmänkä kimdir biri ýüzüne sowuk suw serpip süýji düýşden oýarypdy.Suwy serpen Aýhanyñ öweý ejedi Dinarady.Çagajyk sowuk suwuñ sowgyna ziñkildäp tutupdy...Çagajyk sowuk suwuñ sowgyna ziñkildäp turupdy. Nämeleriñ bolanyna düşünmedik Aýhanjyk turanynda sagat dañdan 5-di.Ýerinden turup,düşeklerini aýyryşdyryp,daşaryk mellegi depmäne çykypdy.Agamyrat aga onuñ getiren aýaly Dinara hem-de oguly Gylyç ertirlik edinip otyrdylar.A Aýhan bolsa daşarda işläp ýördi.Ertirlikde şöhlat(kalbasa) iýýärdiler.Aýhan bolsa şol öñkisi ýaly bir döwüm çörek bilen bir käse gatyk iýýärdi.Onuñ öweý ejesiniñ edýän naharlaryndan iýeside gelip baranokdy.Ýöne iýesi gelsede,çagajyga bir döwüm çörek bilen bir käse gatykdan başga berilýän zadam ýokdy.Kä wagytlardagy işden geleninde eneli-ogul gymmat-gymmat süýjiler bilen çaý içip oturanlaryny görýärdi.Adam diýeniñ bir şol çaga ymsynar,oglanjyk ymsynaýmasyn şoñada şundan dadyraýyn diýip çümmüjek bolsada şol iýip oturanyndan zadyndan berer,bu şeýtan ýaly heleý bermek añyrda dursun,çaga ymsynaýmasyn beresim gelenok şol şuny görmesin diýip geleninden iýýän zadyny ýygnar,bukar.Ýöne şonam etmeýärdi.Aýhan gapydan girdimi,göni bir şokalady açyp gaýtam oglynyñ agzyna salýardy.Çaga boş ýudynardy.Ymsynardy.Beräýiñ menem iýip göräýin diýäýse şol tigiri alyp beräý diýeninde bolan zatlars meñeş zatlar gaýtalanar öýdýärdi.Kakasy gelipdi.Derrew öñünden çykyp,elindäki gök-önümleri:alma,armyt,pyrtykal,banan,kiwi diýdi ýenede başga miweleri elinden almakçy boldy.Ýöne Aýhanyñ kakasy Agamyrat aga:
"Ogul,sen bara aýak gabymy çykareý,bulary Gylyç alar.Gylyç me oglum şulary,ýuwup iýiñ" - diýip,oglyny kötekläp goýberdi.Şol gün agşam Aýhan içki otagda düşek ýazynyp ýatyrdy.Ýöne gözleri açykdy.Oýady.Ol garşy otagdaky telewizor görüp,gök-sök(miwe)iýýän üç sany iblisi diñleýärdi.Gapynyñ gyrasyndan bolsa görünmän azajyk seredýärdi.Olaryñ agyzlaryna salyp iýýän miwelerini Aýhanyñ iýmeýänine indi 2 ýyl bolup gelýärdi.Ejesi pahyr Altyn ýeññe barka,oglyna eýderdi-beýderdi gowja,üýtgeşijek zatlardan iýdirerdi.Ýöne indi bir döwüm çörek bilen bir käse gatygy tapsa zor boldugydy.Öweý ejesi Dinara kä wagytlar öýlän nirä gidýänini soranynda Aýhan aýtmandy.Aýtsa kakasyna aýdyp urdyrjagyny,gaýdybam işlemäne pul gazanmana goýbermejegini bilýärdi.Şol gün agşam Dinara Aýhana bir owuntuk çöregem bermändi.Çagajyk gaty açdy.
Aýhan şol gün agşam öler öýdip Dinara gaty gorkupdy.Ýöne çagajyk aç galmajak bolup,tamyñ oýulgy ýerlerindäki kesekden iýipdi.Bu günem Aýhan üçin zorlyk bilen geçipdi.

Dowamy bar...


Okaldy: 403. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



  Karkara

Hakyky durmuşdan alynan waka oweý ejemiň gorkezen horluklaryny ýatlatdy Aýhanjyga ýüregim gyýylýar.
13.05.19 16:42
 Jennet

Ayhan kosenclik ucin yaradylan yaly bolupdyr caga
18.04.19 14:08
 Maral

Jemal ynanmazcylyk etme basyndan gecmese bilmersin!Siz bilenzoga gelejekde oz cagalan agtyklan basynda bardyr Bu burmusda herhili gorkunc vakalar kan
28.03.19 06:44
 Jemal

baý ýazmalymyşyn diýip gawat gelen zatlary ýazaýýalaraý,durmuşdada bir şeýle kakalar bormyy öz çagasyna rehimsiz
18.02.19 10:54
 Ahmedik

Tragediya yazmaga okde eken shahyrymyz. Bu durmushda hakyky bolan waka bolsa gerek...
16.02.19 21:20
 умыт

нересде огланжык! мунын ялы аталара олум жезасыны бермели
05.02.19 13:24
 Maysa

Yaman gynandym neresse cagajyk
25.01.19 21:30

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak