TM HYZMAT BILMELI
ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY
3-nji bölüm


ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY

(Durmuşda bolan waka)
(3-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Birinji bölümi okamak üçin: Bas
Ikinji bölümi okamak üçin: Bas

Ertesi irden turup açlygyna howlyny süpürüpdi.Beýleki şeýtan ýaly wyždansyzlar bolsa ertirlik edinip otyrdylar.Her gezek Aýhan işlemeli bolýardy.A iýmeli bolanda bolsa olar iýýärdi.Gaty ýaramaz,biynsaplylyk,bedinebislilik bularyñ ählisini salgy berýän şeýtandy.Çagajyk Aýhan öýläne golaý bolsa oba mekdebiniñ gapdalynda gatlakly satamana gidipdi.Şol gün gatlaklysynyñ barysyny satypdy.Köp pul gazanypdy.Ýöne ol pullar özüniñki däl-de,Jepbar agañ pullarydy.Jepbar aga Aýhana bu günki eden söwdasy üçin 20 manat beripdi.Aýhanjyk ilkinji gezek tutuş ýigrimilik görüpdi.We ilkinji gezek köp pul gazanypdy.Begenip öýe barypdy.Elindäki pulyny şkafynyñ içindäki bañkasyna atanynda,ony öweý ejesi Dinara görüpdi.Görüp yzyna dolandy.Bukyldy.Aýhan şkafyny ýapyp daşaryk tigir sürýän çagalary görmek üçin köçä çykyp otyrdy.Dinara bolsa ýañky şkafy açyp,bañkanam açyp içindäki barja puly alyp,bañkanam ýenede ýerinde goýupdy.Pullary sanap gördi.Pul 97 manat çykypdy(täze puldan).Dinara hezil etdi.Muña öz ogly Gylyça tigir alyp beripdi.Şol gün bazara gidip gelipdi.Oglyna tigir alyp beren Dinara gaty begenýärdi.Sebäbi ol öz puly bilen alyp bermändi. Aýhanjyk Gylyçyñ täze tigirini görüp gutlady.Özüniñem basym şolar ýaly tigir alynjakdygyny aýtdy.
Ertesi gün işden gelipdi.Gazananja 5 manadyny bañkasyna atmak üçin şkafyny açypdy.Bañkasy boşdy.Gaty erbet aglady.Pullary näräk gideni hiç bilip bilmändi.
Aglap-aglap gözleri çym-gyzyl bolan Aýhanjyk birigün mekdebe gitmelidi.Oña mekdebe geýer ýaly eşik,mekdep esbaplary gerekdi.Ýöne oña bulary kim alyp bersin diýsene.Dinara öz ogly Gylyça ähli zatlaryny alyp beripdi.Aýhana bolsa ýekeje zadam alyp bermändi.Çagajygyñ bañkasyndaky pulynam alan Dinara şol gün daşarda ýöräp gelýärkä aýagy ters basylyp aýagyny döwýär.Aýagyny gipisleýärler.Öýden çykman 3 aý ýatmaly bolýar.
Ertesi ir bilen Gylyçam mekdebe gitmelidi.Emma ony kim ýuwundyryp geýindirmeli.Elbetde Agamyrat aga.Öweý oglyny ýuwundyryp,geýindiren Agamyrat aga öz ogly Aýhanyñ bir gezek elinem ýuwan adam däl-di.Aýhanyñ mekdebe gider ýaly eşigi ýokdy.Goñşylary Hally eje gaty jomart bir aýaldy.Aýhana öz agtyklarynyñ geçen ýylky okuw eşiklerini,esbaplaryny beripdi.Çagajyk gaty begendi.
Geýan zatlary köne bolsada,Aýhanyñ owadanlygy bilen,egninde täzeje ýaly görünýärdi.Gylyçam,Aýhanam bile mekdebe gidip başlapdylar.Ertirlik edinmedik Aýhanyñ elinde 1 manat bardy.O-da iñ soñky gezek gatlakly satyp gazanan pulydy.Ol şol pula iki-üç sany bulka alyp iýipdi.Oñ şol wagt içi agyryp ýere ýykyldy...
Gözüni açan Aýhanjyk,hassahanada ýatyrdy.Lukmanyñ Agamyrat aga aýtmagyna görä Aýhanyñ içinde ýara döräpdir.Ol ýara sebäp bolan zadam kesek eken.Çagajyk şol gezek açlygyndan ýaña kesekden köp iýipdi.Lukman bu ýarañ bejerişiniñ bardygyny,ýöne gaty gymmatdygyny aýdypdy.Agamyrat aga ol bejerişe ýagdaýynyñ ýoldygyny aýdypdy.Ogly Aýhany öýe getiripdi.Getirer-getirmäne oglynyñ eline sübsäni berip howlyny süpürtmäge başladypdy.
Aýhanyñ kesek iýip ýarawsyz bolanyny eşiden polisýalar Aýhanyñ näme sebäpden beýle köp kesek iýenini anyklamak üçin Aýhanlaryñ öýlerine gelipdiler.Şol wagt Aýhan öýlänligini iýip otyrdy.Çagajyk daşgy jaýyñ bir çüñkünde bir käse gatyk bilen bir döwüm çörek bilen öýlänlik edinip otyrdy.Gelen polisýalar Aýhana sorag baryny beripdiler.Aýhan bar zady dogry jogaplapdy.Kakasynyñ ony urýandygyny,oña ýekeje süýji hem bermeýänlerini,erbet daraşýanlaryny aýdypdy.Şol gün öýde Agamyrat aga-da bardy.Agamyrat aga çaý içmek üçin gaýnan suw gaýnadyp goýupdy.Ony Gylyç ellemesin diýip sowadyçyñ üsdünde goýupdy.Az salypdan polisýalar öýe giripdi.Gürleşip,sorag soradylar:
"Oglyñyz Aýhan nireden kesek alyp iýdi.Näme üçin oglyñyzyñ pulyny aldyñyz..."ýenede şolara meñzeş soraglar beripdiler.Soraglarynyñ içinde sowadyjylarynda iýer ýaly zatlaryñ barlygyny görmek isläpdiler Agamyrat aga öñden gidip sowadyjyny açyp görmekçi boldy.Sowadyjynyñ üsdünde goýan gaýnag suwyny ýadyndan çykyp sowadyjyny açdy welin gapysynyñ üsdünde-de duran gaýnag suw üsdünden döküldi.Birden ýatan ýerinden jan berdi(öldi).
Aýhanjyk daşarda otyran ýerinde ýatyp galypdy.Birdenem ýere ýykylypdy.Polisýalar onyñ demini barlap göreninde jan beripdi.(ölüpdi.)Ýaralary gaty ulalypdy.Çydap bilmän aradan çykypdy.
Özüniñ nahar bermän kesek iýmesine sebäp bolandygyny boýun alan Dinara,tutuldy.Türme jezasy oña 20 ýyl berilipdi.Ogly Gylyç bolsa ýetimler öýine berilipdi.

Soňy


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



  M

Gaty gynancly
09.06.19 20:11
  Karkara

Gaty gynanýan bigünä çaganyň arzuw edip ýygnan puly oweý ejesiniň burnundana gelipdir ýone şo çaga ýaşasa gowy bolardy.
13.05.19 19:32
 Gülsoltan

Gaty gynanacly durmush tragediyady. Allajan hic kimiñ bashyñ salmasyn
02.04.19 06:16
 Maral

Elin bn edersen egnin bn cekersin kyyamata galyan zat yok diyyaler sona ynanyan
28.03.19 06:56
 Gurban

Kasas kyýamata galmaz diýleni boldow,Ebu Leheb bilen aýaly Ummi jemile ýadyma düşdi bu naýynsaplary.. (Tebbet suresi.)
18.02.19 12:18
 Ahmedik

Wahey, Ayhanda name guna bar?!. Indi dowzaha yanyp bisher eden etmishi uchin...
16.02.19 21:40
 Nurberdi

Aylar agzan aydanyna gosulyan, name bolsada hekaya gowy
23.01.19 20:19
 Aylar

Azajygam bolsa allany yatlan cagan name gunasi bar gorkezenini gorersin ayhanjygada bolmandyr entak cagajyga ol
22.01.19 18:14

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak