TM HYZMAT BILMELI
ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY
(Durmuşda bolan waka)


ÝESIR OGLANJYGYŇ AGYSY

(Durmuşda bolan waka)
(1-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Käbir adamlar il içinde gowy görünselerde öýde ýa-da öz tanyşlarynyñ ýanyndaka ýolbars ýaly hem bolup bilýärler.Geliñ häzir biz şeýle adamlaryñ soñy nähili bolýandygyny bileliñ.

Agamyrat agañ aýaly geçen ýyl aýyrylypdy. Heniz 40 ýaşynam doldyrmadyk Altyn ýeññe yzynda ýeke perizentleri, ölüp zordan ýetenleri Aýhany çagalykdan taşlap, o dünýä gidipdi. Aýhan 6 ýaşyndady. Öñümizdäki ýyl mekdebe gitmelidi. Şeýle bir akylly, şeýlebir owadan, şeýlebir mylaýym-ýuwaşja bir oglanjykdy welin, gören kişi ýüzüne sylýardy. Ýöne ol ýüze sylmaz ýalam däldi. On iki ýyldan soñ bolan çagady. Aýhan ejesizdi. Ejizdi. Könelerimiziñ aýtmadyk sözi ýok:"Atasyz ýetim,enesiz ýesir". Howa, Aýhanjygym şolar ýaly ýesirdi. Kiçiräk öý bolsada iki bolup ýaşanylýan öýüñ gaty işi köp bolýardy. Ertirlik taýynlamak, aýyryşdyryp gap-gaçlary ýuwuşdurmak, öýleri süpürşdirmek, pollary ýuwmak, kakasy Agamyrat aga işden gelensoñ nahar taýynlamak. Çagajygyñ edip bilýän zatlaryny görseņ ynanar ýaly däldi. Agşamara işden gelen kakasyny garşalmak üçin öýdäki ähli işleri dynyp, ýadap gapyñ agzynda durmaly bolýardy. Kakasy geleninden köwşüni çykaryp, jorabyny çykaryp süpürüp, ýuwup goýýardy. Aýhanyñ eger şol edýän işleri edilmese gije kakasy Agamyrat aga ony gaty çybyk bilen urardy. Çagajygyñ arkasy gara-gan bolýança ýençmäge ýaltanmaýan Agamyrat aga il ýanynda oglyny söýen kişisirän bolýardy. Ony ogul däl-de, özi üçin gul edip ulanýardy. Dañdanlary hepde-de dört gezek turup howlyny süpürýärdi. Öýlän bolsa obadaky mekdebiñ gapdalynda Jepbar agañ gatlakly dükanyndan gatlakly alyp satyp berýädi. Jepbar aga Aýhana gatlakly satyp berenine gününe bäş manat ýa söwdasynyñ bolmadyk wagty bolsa 2 manat bererdi. Aýhan işläp gazanan pullaryny bir bañkajyga atýardy. Oba çagalarynyñ sürýän welsepitlerini(tigir) Aýhanyñam süresi gelýärdi. Kakasyna bir gezek şol tigirden özünede ýekejejigini alyp bermegini aýdanynda aýagyna gaýnañ suw döküp goýberipdi. Şonda kakasynyñ Aýhana aýdan şu:"Anaa,wah oglum,indi nädip sen tigir sürjek. Aýagyn agyrýara, ötýändir"sözleri ýadyndan çykman galypdy. Şondan soñ Aýhan kakasyna birje süýjijigem alyp beräý diýmäge dili barmandy. Oba çagalarynyñ elinde horaz süýji, oýunjak ýa-da başga üýtgeşik zat görse alynasy gelýärdi. Şoñ üçin özi işlemäge başlapdy.
Aýhan bir gün kakasy öýlän işden öýlänlik edinmäne gelende öýde ýokdy. Oglunyñ işleýändigini bilneýän Agamyrat aga gaharlanyp başlapdy. Öýüñ içini añdar-düñder etdi. Gapydan giren Aýhan birden yzyndaky kakasyny görmän içerik girdi. Agamyrat aga gapyny guluplap eline çybygyny alyp ogly Aýhany urup başlady. Çagajyk urulyp ýenjilmekden ýaña indi agyrlary duýman başlapdy. Arkasyny açyp görseñ ýara-ýara ýa-da gök-alady. Kakasynyñ edýän ezýetleri heniz 6 ýaşly çagajyk üçin uly bir jepa bolýardy.
Dañ bilen turup howlyny süpüren Aýhan obanyñ çagalarynyñ tigir sürüşlerini görmäge köçä çykyp oturypdy. Köçeden geçen adam Aýhana seredýärdi. Sebäbi geýinişi gowy däldi. Eginbaşlary ýyrym-ýyrtykdy. Köýnejiginiñ yzy ýyrtylaýsa arkasyndaky kakasynyñ uryp galdyran yzlary görünmesin diýip, eline iññe alyp köýnegini başardygyça tiken bolardy. Kakasy Agamyrat aga öñler gaty erbet adamam däldi. Ýöne aýaly Altyn ýeññe dünýäden öteninden soñ üýtgäp, edil bir ýolbarysa döndi. Soña baka has erbetleşip başlapdy. Ýarsyzlyk gaty erbet zat bolmalyda. Onda-da, Aýhandan bar gaharyny çykarardy. Ol görgüliñ günäsi nämedekä? Kä wagtlar alkogol(spirt,arak)içip gelýän adam, indi her gün agşam geleninde içip gelip başlapdy. Her gije geleninde-de Aýhan ýatman kakasyna garaşyp köwşüni, jorabyny çykaryp süpürip, ýuwup goýardy. Ertirlikde, günortanlykda, ýa agşamlykda diñe şol bir nahardy. O-da bir döwüm çörek bilen, bir käse gatykdy. Kakasy bolsa kä wagt özüne duzlanan balyk getirip iýerdi. Ony getirmesede bir ýerlerden garbanyp iýip-içip gelerdi. Kä-mahallar bolsa öýe bir döwüm çöregem getirmeýän wagtlary bolýardy. Özi gelmän gijesi bilen başga bir ýerde ýatýan wagtlaram, yzly-yzlyna öýe gelmeýän wagtlaram bolardy. Aýhan bolsa entägem şol ýygnanýan pulundan özüne iýjek-içjek, çörek bilen gatyk alýardy. Iýesi gelýän süýjileri gaty gymmatdy. Hat-da ýönekeýje süýjilerem elindäki bar pula düşenokdy. Ýygnaýan pullarynyñ barysyny alsa diýýän süýjileriniñ barysy düşjekdi.Ýöne Aýhan ol pullary özüne tigir alynmak üçin ýygnanýardy.
Bir gün Aýhan öýde pollary ýuwup ýörkä gapy açylypdy. Gapydan içerik bir heleý bilen bir oglanjyk giripdi. Yzlaryndan bolsa Agamyrat aga giripdi. Aýhan muña düşinmändi. Agamyrat aga şeýle diýdi:
"Oglum,seret saña täze eje getirdim. Bu-da saña bile oýnar ýaly jigi"diýip, aýalyñ ýany bilen gelen oglanjygyñ egninde elini goýdy. Aýhanjyk elindäki pol ýuwýan esgisini elinden gaçyrdy. Gözünden gelen ýaşy duýman galan Aýhan titräp durdy...

Dowamy bar...


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

comments powered by HyperComments

Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!