TM HYZMAT BILMELI
Ýönekeýje sebäp


Ýönekeýje sebäp

Bir gezek Mark mekdepden öýlerine gelýärkä, öňünden barýan oglanjygyň büdräp ýykylyp, elinde göterip barýan iki switerini, beýsbol taýagyny, elligini, kiçijik magnitafonyny, kitaplary bilen birlikde elinden gaçyrandygyny görüpdir. Mark derrew dyzyna çöküp, oglanjygyň pytran goşlaryny ýygnamaga kömekleşipdir. Olaryň ikisem bir ugra barýanlygy üçin oňa goşlarynyň bir bölegini göterişmegi teklip edipdir. Olar bile barýarkalar, Mark bu oglanjygyň adynyň Billdigini, wideooýunlary, beýsbol oýnamagy halaýandygyny, taryh bilen gyzyklanýandygyny, şeýle hem golaýda özüniň iň ýakyn dostlarynyň biri bilen öýkeleşendigini bilipdir.

Öýlerine golaý gelenlerinde, Bill Marka öýe girmegi hem-de özi bilen kola içip, kino seretmegi teklip edipdir. Şeýlelikde, olaryň arasynda şadyýan gürrüňdeşlik bolupdyr, wagtlaryny oňat geçiripdirler, soňra Mark öýlerine dolanypdyr.
Olar mekdepde-de görşüp durmaklaryny dowam etdiripdirler, mekdebiň naharhanasynda bir-iki ýola bile oturyp günortanlyk hem edinipdirler. Olar başlangyç mekdepden, ýokary synplaryň okaýan mekdebine geçipdirler.

Olar bu ýerde hem biri-birine tä mekdebi tamamlaýançalar, häli-şindi sataşyp durupdyrlar. Ahyry uzak garaşdyran gutardyş dabarasy-da golaýlapdyr. Dabara az wagt galanda, Bill öz dostuna onuň bilen özara gürrüňiniň bardygyny ýaňzydypdyr. Ol Marka tanyş bolan şol gününi ýatladypdyr:
— Meniň şol gün şonça ýük bilen mekdepden nirä alňasap barýanlygym barada pikir edip gördüňmi?! — diýip, Bill gürrüňe başlapdyr.
— Men şol gün mekdepdäki geýim asylýan otagdaky şkafdan paty-putylarymyň kimdir birine oňaýsyzlyk döretmezligi üçin öz ýanym bilen alyp gaýdypdym.

Şol gün göwnüçökgünlige düşüp, öýden nirädir bir ýerlere başymy alyp gidip, hiç haçanam dolanyp gelmeli däl diýen karara-da gelipdim. Emma biz wagtymyzy bile geçirip, gürleşip gülüşenimizden soňra bu niýetimi goýbolsun edipdim. Eger-de şol gün sen maňa gabat gelmedik bolsaň, soňra meniň durmuşymyň nähili tamamlanjakdygy bellem däldi. Şoň üçin Mark, şol gün sen meniň kitaplarymy ýygnaşaňda diňe bir kömek etmän, has uly iş bitiripdiň.

Has dogrusy, sen meniň ömrümi halas edipdiň, sagja bol dost — diýip, Bill Markyň elini çuňňur minnetdarlyk bilen gysypdyr.

Awtor: Jon Ueýn Şlatter, amerikan ýazyjysy.
Iňlis dilinden terjime eden: Annasähedow Merdan
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.3/5 (16 baha berildi berildi)


Okaldy: 504. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Solnyshka

Dostluk hakynda yazan bu hekayanyz gyzykly eken!Awtora kop minnetdarlyk bildiryarin!
03.04.19 21:52
 Ýagmyr

Gaty gyzykly
31.03.19 21:06
 Gülsoltan

Eseriñ manysy gaty gyzykly: ak yurek bn edilen yonekeyje komegem kimdir biriniñ durmushyny uytgedip biljek eken. Isle tanysh isle nätanysh bashardygymyzdan yardam berjek bolmaly. Mark yaly kyn gunde kimdir biriniñ derdine yarap bilmek bagt dalmi? KOP SAG BOLUÑ?
30.03.19 22:02
 Aylar

Hakyky dos👍
29.03.19 15:25
 jem_l

Howwa hakyky dost seyrek dus gelya..👧👧/👦👦👍👍👍👍👍
24.03.19 09:00
 Zarina

👍👍👍
23.03.19 21:50
 Maral

Gaty dogry durmusda ejizlan vagtyn dos gerek
22.03.19 08:26

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak