TM HYZMAT BILMELI
Ýüregimi diňledimmi ýa aklymy
(Durmuşda bolan waka)


Ýüregimi diňledimmi ýa aklymy

(Öz durmuş hekaýam)
(3-nji bölüm)
Awtory: Çaryhojaýew Guwanç


Şeýdip ilkinji duşuşygymyzam şol boldy. Soňra uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna gaýtdyk. Sagatlar, günler öňküleri ýaly geçip durdy, bir ýerde okasagam diňe telefonda gepleşýädik, hiç görşemzokdyk, içimden bir duýgy oňa tarap çekenokdy. Has hem entek okuwy, gullugy gutaryp şondan soň öýlenmegi planlaýardym, özümi öýlenme ýaşyndan kiçi hasaplaýadym. Bu bolsa oňa bolan söýgimiň päkliginiň hatyrasyna, hem-de onuň päkligine eldegirmezligim üçin hasam ýanyna barmagymdan saklaýardy.

Muňa garamazdan, Içimdäki duýgy söýgümi ýa başga zatmy indi özüm düşünmän başladym. Oň bilen telefonda gürleşmek, internetde ýazyşmak, her gün "Ertiriň haýyr" we "Gijäň rahat" smslerini ugradyşmak täsin bir tolgundyryjy duýgy bolsa-da bu zatlar Leýlä gelinlik hökmünde garamagyma ýetmän başlady. Ilkibaşlarda näçe özüme ideal gelinlik hökmünde görenem bolsam, indi näme üçindir içimden bir ses muňa garşy çykýady. Öýlenmek üçin pikir edýän ýaşyma çenli 5ýyl bardy we munça wagt (27ýaşyna çenli) ony durmuşa çykarman oturmajaklaryna-da gözüm ýetýädi.

Muny Leýliniň özüne-de aç-açan duýdurýadym. Şonda-da bolşuna görä günler geçip dur. Her gün Şobir zat, hemem netijesiz boljak islendik zat her kimem ahyry bugün ýadatjagy belli. Ahyry birgün söýgimize nokat goýmaga karara geldik (Barybir indi söýgüli däl-de dost manysyna meňzäp barýady biziňki). Şonuň bilenem habar alyşmagymyz bes edildi, ola okuwy gutaryp welaýatyna işe goýuldy, menem uniwersitetde okuwyma dowam edýädim. Şol durmuşyma giren Leýliden gyz duýgulary, syrlary hakda öwrenen zatlarymam kändi. Ýöne onuň "Fewralyň 1-ne durmuşa çykýan, toýuma hökman gatnaşgyn" diýip jaň eden gününden soň ne geçmişdäki Leýli bilen bolan ýatlamalara hormatym galdy, ne-de durmuşa bolan höwesim. Gatnaşyga nokady özüm goýanam bolsam, ilkinji tanşanymyzyň laýyk bir ýyllygy güni toý etmegi näme üçindir maňa agyr degdi. BELLIK: Hekaýa hakyky durmuşdakydan biraz üýtgedilip ýazyldy. Esasy gyzykly wakalaryň köpüsi käbir sebäplere görä görkezilmedik.

Soňy


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(12)



  Bibi

Gowy haladym gyzykly eken👏👏👏
10.07.19 23:28
 Emir han

Gowy hekaya, üns berip okasanyz many tapyp bolya her bir zatdanam.👍
02.06.19 22:16
 Nesibe

Indi gynanýaň gerek Leýlini ýitirenligiňe käşgä sözüni zaýlaman Maralda galsadyň.Ýöne gyzykly eken(gyzyksyz diýmäň adamlar azap etýär)Dogry aýtýaň Ahmedik mende hemmejesini okadym ,,SAYLANAN ESERLER"
03.05.19 16:40
 Bahargül

"Biderek" diýip ýalñy$ýañyz joralar! Bu hekaýa eger bir maksatda durman çaýkanyp ýörseñ hiç zada ýetmejegiñe öwretýär
21.04.19 12:00
 selbi

Ol oglan dalimay ilki gyzy taslap gidya ozi sonam okinya.
19.04.19 22:36
 Maral

Gyzykly name ruhly ujusly vakalary isleyanizmi Admin elinize saglyk yene gyzykly vakalanyza garasyas
28.03.19 07:17
 MAYYA

Iš edinip okadyma name ka oydup guzyklam dal ekenlay gorkunc zatlar hakda yazayyn beyle gyzyksyz zatlan deregine
24.03.19 12:56
 MAYYA

Iš edinip okadyma name ka oydup guzyklam dal ekenlay gorkunc zatlar hakda yazayyn beyle gyzyksyz zatlan deregine
24.03.19 12:56
 Ahmedik

Mährişka sen "SAÝLANAN ESERLER" atly apk görnüşli kitaby okap gördüñmi?! Eger okamadyk bolsañ okamagy maslahat berýärin.
13.02.19 03:48
 Ahmedik

Mährişka bara manysy, menä haladym...
13.02.19 03:45
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 12-3

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak