TM HYZMAT BILMELI
10 sany adaty bolmadyk kosmetik serişdeler


Belli bolşy ýaly bazarda döreýän isleg teklipleri emele getirýär, şonuň üçin hem dünýä belli kosmetik serişdeleri öndürýän kompaniýalary wagtal-wagtal täze önümleriň üstünde işläp, öz garşydaşlaryndan has peýdaly, üýtgeşik we taý gelmez serişdeleri öndürip bazara çykarmaga howlukýarlar.
Bu makalad biz 10 sany adaty bolmadyk peýdaly we üýtgeşik kosmetik serişdeler hakynda gürrüň ederis.

Tonal spreýi
Tonal krem saýlanyňyzda ilkinji üns berýän zadymyz onuň tony (ýagny reňki), öndürijisi, daşy, emma biziň aklymyzada gelýän däldir bu kremy çalmagyň usulyny üýtgedip bolýandygy hakynda. Eger şeýle bolsa, adaty sponjlar we taýajyklary zyňyp bileris, sebäbi Christian Dior kosmetologlary rewolýusiýa öwrülşigini amala aşyryp, ton-spreý döretdiler! Indi size gigienany saklamak üçin sponj bilen çalynmak ýa-da tonal krem bilen teniň ýüzüne nätekiz bolmaklykdan gorkmak gerek däl. Bu meseleleriň ählisini Diorskin Airflash serişdesi çözýändir.

Taýajygyň ýerine marker
Adaty dyrnak üçin lak aýnajykly gutuda saklanylýar we taýajyk bilen ulanylýar. Dyrnaklary reňkleýän wagtymyz her dürli zat bolup bilýär – mysal üçin kopürjigi taýajyk bilen çümdürenimizde aňsatlyk bilen agdaryp bolýar, tirsegimiz bilen stoldan gaçyryp bileris, ahyry netije bolsa bilmezlikde ony döwüp bolýar, sebäbi ähli zenanlar gezelenje çykmazdan önürti hökmany suratda dyrnaklaryna seredýändirler. Sally Hansen-dan bolan şok-forma – ýagny dyrnaklar üçin Color Quick Nail Color Pen lagy marker görnüşde ýerine ýetirilendir – hiçhili aýna ýa-da taýajyklar ýokdur, içine gurnalan taýajyga bellenen düwmä basylsa lagyň özi barýa. Amatly marker hiçhili daş-töweregiň ünsüni çekmez, onuň ýeňilligi bolsa ýaňyňyzda ýok ýaly bolup görner.

Teniňizi arassalamak üçin serişde gözleýäňizmi? Pudra satyn alyň
Ýüwünmak üçin gel, arassalaýjy süýtjagaz, losýonlar we sabynlar ýaly arassalaýjy serişdeleriň hataryna pudrany hem goşup bolýandygy hakynda pikir kelläňize gelip görenä däldir? 21 asyra ähli zat mümkin eken, şol sanda pudraly teniňizi arassalamak. Şweýsar Declare kompaniýa tarapyndan öndürilen arassalaýjy pudra SoftCleansing şeýle mümkinçilik döretýär. Arassalanmak üçin köp bolmadyk mukdarda eliňize çalýaňyz, suwa degirip, dörän pena bilen ýüwünip hem arassalanyp bilersiňiz, bu pudra erkekleri hem begendirer sebäbi adaty bolan sakgal almak üçin penanyň ýerini tutup bilýändir. Duýujy teniňiz üçin amatly bolýa, sabynlamak hem hökman däldir.

Gury şampun
Dynç alyşa ýa iş saparyna gidýäňizmi? Onda bu gury şampunyň ýetirip biljek peýdasyna üns beriň. Islendik ýerde we islendik wagt bu şampuny saçyňyza çalyp, birnäçe wagtyň dowamynda oýkalap dursaňyz, saçda döreýän ýaglary özine çekiji formulasy bilen gurylygyna şampunyň effektini berýär we saçy arassalaýar. Hiçhili suw ýok, şampun darak bilen saçdan çykarylýar we boldy. Siziň saçyňyz elmydama arassa we ýakymly ysly. Kemçilikleri hem gözegne tutmak gerek: köp wagt ulanmagyň dowamynda saçyň teniňin guraklygyny emele getirýär, gara saçlarda ak yzlary goýýar.

Bu şampuny indiki öndürijilerden satyn alyp bolýar: Shwarzkopf, Klorane, Rene Furterer we Lee Stafford

Lifting effektli süpürgüçler

Şäherden çykyp, gezlenje barýan bolsaňyz birgiden losýonlar, syworotkalar we kremlaryň ýerine bu kiçijek lifting-süpürgiçleri ýanyňyza almak maslahat berýäs. Yves Rocher we Arnaud ýaly öndürijiler tarapyndan Serum Wegetal atly lifting süpürgiçler teni hapalanmalardan, makiýajdan arassalaýarlar, şeýle hem olar ýygyrtlary tekizläp, teni çekip bilýärler.
Duýduruş: Ulanmazdan önürti teniň uly bolmadyk meýdanynda barlap görmek.

VIP statusly adamlar üçin sabynlar
Cor atly Plank kompaniýasy tarapyndan öndürilen lýuks-klass sabyny dünýäde iň gymmat sabyn diýlip hasaplanylýar. Şeýle sabynyň kilogramy 1000$ gymmat bahada durýandyr we bu meşhur edilen brend üçin ýönekeý ýere baha däldir. Sabynyň düzümi gymmat bahaly serişdelerden taýýarlanylýar, teni ýümşatmak üçin we ultrafiolet şöhlelerden goramak üçin hakyky çeşmelerden gelip çykýan “şelkly kleý” ylanylýar, antibakterial, antigribokly effektlery hem gyzylaýakly krablaryň pansirlaryndan ýasalan ekstrakt üpjün edýändir, bu serişde hem radioaktiw şöhlelenmelerden goraýandyr. Şol sanda Cor sabyny bakteriýalara garşy kümüş we dört görnüşli kollagen öz düzüminde saklaýandyr.

“Gürleýän” pomada ýa-da homeleýon reňkli dodaklar
Öz reňkini üýtgedýän pomada daş-töwerege siziň keýpiňiz barada nyşan bolup biler. Edil şeýle pomada öz reňkini dodaklaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy we peselmegi astynda gülgüne reňkden tä açyk gyzyl reňke çenli üýtgedýändir. Näçe temperatura aşakda bolsa şonçada reňki ýapylýar, köşeşýär, keýpiňiz bolsa galýar. Açyk reňkli dodaklar bolsa gahar ýa-da gaýgynyň nyşany bolup bilýär. Bahalary gaty gymmat däl, şeýle hem esasy funksiýasyndan başgada dodaklary teniňe gowy ideg berýäler.

Içgysgynç pomadanyň ýerine dodaklar üçin melki
BB Kiss tarapyndan innowasion serişde, bu ýumşak kagyz esasynda dodak üçin melki. Melogy dodaga gury görnüşde çalyp bolýar şeýle usul bilen siz ýapyk gülgüne reňki alarsyňyz ýa-da çyg görnüşde şeýle ýagdaýda siz koral reňkine eýe bolarsyňyz. Lancome tarapyndan bolan serişde uniwersal hemmetaraplaýyn, sebäbi ony rumýana, pomada we blesk ýerine ulanyp bolýar. Ýeketäk ýetmezçiligi – çäkli öndürijilik, hemmekişi üçin ýetmän biler!

“Ýaşardyjy” duhylar
Ýaş görünmek üçin zenanlarymyz her dürli tilsimlere we mekirliklere gelip gördüler. Kömege dogry, innowasion, ýagny maskalar, losýon, syworotlakar we ş.m kosmetikalar gelýär. Indi erkekleriň gözünde ýaşarmagyň täze usuly – bu Ageless Fantasy atly Harvery Prince tarapyndan öndürilen duhy bolup durýar.
Bu duhylaryň düýbinde adamyň kabul edijiligne täsir edýän aromatlaryň barlygy bilen tapawutlanýandyr. Bir aromat köşeşdiri biler, beýleki agyryny aýyryp biler, beýlekisi bolsa ruhlandyryp biler. Ageless aromaty tropik miweleriň dänlerini öz içinde saklaýar, ýagny jasmin, greýpfrut we muskus.


Makala baha ber:

Reýting: 3.8/5 (5 baha berildi berildi)

Okaldy: 285.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Merjen Orazgulyyewa

gowy maglumatlar
14.06.19 08:42

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak