TM HYZMAT BILMELI
100 metrlyk ýahta


Monakoda geçirilen ýaht-şowda gatnaşyjylara öz eýesine iň sowuk ýerlede bolup görmäge mümkinçilik döredip biljek ýahtany hödürlediler. Ajaýyp ekspedisiýaly SeaXplorer atly ýahta-buzdöwüjini Damen Group atly gollandiýaly gämi gurujy kärhana taýýarlady.

Öz berk edilen korpusy we buzdöwüji burny bilen bu ýahta Arktikada arkaýyn ýüzüp bilýär. Bu dünýäde ilkinji hususy ekspedisiýaly ýahta, ol ýahta 2017-nji ýylda Polýar kodeksi esasynda kabul edilen düzgünler boýunça guruldy. Ýokarky palubada birnäçe açyk meýdançalar gurnalan, ol ýerde myhmanlar erkinlikde dynç alyp bilerler. SeaXplorer şeýle hem tropik adalary seýil etmek üçin hem gabat gelýändir. Sebäbi ýahta 40 günläp porta girmän ýüzüp bilýär we onuň içinde suwasty gaýygy, daýwing üçin gurallary saklamaga ýeterlik bolan ýer bardyr.

Gäminiň interýery häzirkizaman kadalary boýunça gurnalandyr, arassa liniýalar we uly aýnalar bilen üpjün edilendir. Gözegçilik üçin niýetlenilen salondan daş-töwerekdäki tebigata haýran galdyryjy görnüş açylýar. SeaXplorer ýahtasy 3 görnüşde elýeterdir, iň ulysynyň uzynlygy 100 metr bolup durýar.

100 metrlyk ýahtasynda 30 sany myhman we 50 sany ekipaj işgärleriniň ýatmagy üçin ýeterlik ýer bardyr. Ýahtanyň burnunda uçarlar üçin ýörite meýdança bar.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 215. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs