TM HYZMAT BILMELI
12 minutda telefona zarýat beriler


Ykjam aragatnaşyk enjamlaryny öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan “SAMSUNG” gysga wagtda, ýagny 12 minutda telefona zarýad bermegiň usulyny işläp düzdi. Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” kompaniýasy geljegiň materialy hasap edilýän grafenden mobil telefonlary üçin täze akkumulýatory döretdi. Bu barada kompaniýanyň ylmy-barlag düzümi bolan “Samsung Advanced Institute of Technology” (SAIT) habar berdi.

Institutyň alymlary grafendäki üç ölçegli obýektleriň barlagyny geçirip, grafen şariklerini işläp düzdüler. Şonuň hasabyna telefonlara gysga wagtda zarýad bermek mümkinçiligine eýe bolnar. Grafen şariklerinden ybarat bolan akkumulýatorlar şol bir wagtda telefonuň zarýadyny uzak wagtlap saklamaga hem şert döreder. Günorta Koreýanyň “Renhap” agentliginiň hem habar bermegine görä, bu akkumulýatorlar bary-ýogy 12 minutda mobil enjamynyň doly derejede zarýad almagyna şert döreder. Litiý-iondan ýasalan zarýad enjamlary arkaly telefona ortaça 1 sagatda zarýad bermek bolar.

SAIT-iň bellemegine görä, täze enjam 5-60C° temperatura aralygynda ulanmak bolar. “SAMSUNG” onuň patenti üçin ABŞ-a hem-de Günorta Koreýa ýüz tutdy. Grafen uglerodynyň düzümindäki atomyň bir taraply gatlagydyr. Ol ýokary derejedäki çeýeligi hem-de täsin elektrik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Grafeni döretmek babatda 2010-njy ýylda alymlar Konstantin Nowoselow hem-de Andreý Geým Fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdy. Şeýle täsin akkumulýatorly mobil telefonlary ýakyn geljekde köpçülige hödürlener.
Ýöne kompaniýa haçan hödürlenjegi barada anyk maglumat bermedi.

Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 3.3/5 (9 baha berildi berildi)

Okaldy: 437. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Yeke gezyan zato coz

Biza gelmezem
15.07.19 13:01
 Ahmedik

Bu ýerde aýdara zat ýoga entek kompaniýanyň haçan hödürlejegi belli däl diýip ýazylgy dura
10.07.19 04:21
 Anonimus

Dogrudanam hacan geler bize sonam aydynda
27.06.19 14:24
 Akmyrat

Mena ynanamoklay
09.05.19 17:09
 jem_l

bizin yurdumyza hacan gelerka??smile
25.04.19 18:08

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak