TM HYZMAT BILMELI
2018-nji ýylda asmana göterilen uçar 2017-nji ýylda ýere gondy


2018-nji ýyly ilkinjileriñ hatarynda garşylan Täze Zelandiýadan asmana göterilen uçar Gawaýi adasynyñ paýtagty Gonolulu şäherine 2017-nji ýylda gondy. Täze Zelandiýada ýerli sagat bilen 01.01.2018 ýyl, 00:05 sagatda amala aşyrylan uçar gatnawy ABŞ-nyñ Gawaýi ştatynyñ paýtagty Gonolulu şäherine baryp gonan wagty 31.12.2017-nji ýyl, sagat 22:16 wagty görkezdi.

Täze ýyly garşy alan ýurtdan ony garşylamaga taýýarlanýan ýurda täsin bir uçar gatnawy amala aşyryldy. Ýolagçylar muny öz internet sahypalary arkaly dünýä köpçüligine ýetirdiler. Olar 2018-nji ýyly iki gezek garşy almagyñ şatlygyna eýe boldular. Täze Zelandiýa bilen Gawaýiniñ arasyndaky wagt tapawudy 23 sagada deñdir. Iki ýurduñ arasyndaky uçuş wagty 9,5 sagada barabardyr.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet.


Makala baha ber:

Reýting: 4.8/5 (8 baha berildi berildi)

Okaldy: 111.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(2)



 jem_l

Ilki okamda dusunmedim.yone gyzykly makala eken..
02.03.19 09:44
 Daýanç Ataýew

Gaty gyzykly makala eken. Dowamly bolsun. Sag boluň!
01.03.19 21:21

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak