TM HYZMAT BILMELI
Ýagşydan 8 mart goşgysy


Mähriban gelin-gyzlar! Sizi ýetip gelen 8-nji mart baýramçylygyňyz bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Hemişe ýylgyryp ýaşaň!.... Durmuşda, maşgalada, işde, okuwda näme aladaňyz bolsa, özüňiz çözüň! Ine, edil şu wagt ýylgyrdyňyz, hemişede şular ýaly gülkiler ýaňaklarňyzda dolup dursun!

8-nji mart güni

Bu - baharyň gelýän güni,
Garyň ereýän güni,
Ýok ýerden çykdajyň-
Bergiň döreýän güni.

Keýpiň açylýan güni,
Gülleň daşalýan güni,
Gaýrat ediň oglanlar-
Gapjyk boşalýan güni.

Oglanlaň dymýan güni,
Gyzlaryň gülýän güni,
Öň seni söýýän bolsa-
Bu gün oň soýýan güni.

Telefonuň öçýän güni,
Zarýadyň çökýän güni,
Görüşeli-dä diýip ýazýanlaň-
Wažny iş çykýan güni.

Şemleň ýakylýan güni,
Sowgat dökülýän güni,
Ýardan öýkeli gyzlaň-
Wah diýip ökünýän güni.

Aşyklaň duşýan güni,
Kafeda üýşýän güni,
Şýot tölemek gezegi-
Oglana düşýän güni.

Dilleň süýjeýän güni,
Başyň gijeýän güni,
Eli gelen gül satýan-
Söwdaň güýjeýän güni.

Selfiň köpelýän güni,
Lenta atylýan güni,
Durmuşa çykarmyň diýip-
Ýüzük dakylýan güni,
Ertirem ökünýän güni...

Fewral ýatlanýan güni,
Jogap oklanýan güni,
Sowgat bermedik gyzlaň-
Tama-tut bolýan güni.

Dostlaň daşlaşýan güni,
Gyzlaň bäsleşýän güni,
Gymmat sowgat alanlaň-
Bir aýlap çişýän güni.

8-nji mart güni,
Gelin-gyzlaň bagt güni,
Ahmediň işi ýylgyrtmak-
Goý ýylgyrtsyn bagt sizi!

Uýa dünýäň ýary siz,
Ene ömrüň bary siz,
Gelin gyzlar baş egýän-
Gül sözüniň manysy siz!

Mähriban gelin-gyzlar! Sizi agalarymyň adyndan, inilerimiň, dost-ýarlarymyň adyndan, hemem Türkmenistandaky iň uly web saýtlaryň biri bolan TM HYZMAT-yň adyndan tüýs ýüregimden gutlaýan! Biz ýigitleriň adyndan bir zady boýun alýarys, durmuşda siz bolmasaňyz biz ýokdurys. Ýöne sizem bir zady ýadyňyzdan çykarmaň, biz bolmasagam siz ýokdursyňyz! Gutly bolsun baýramlaryňyz!

Awtor: Ýagşy Goşunow
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet.


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (13 baha berildi berildi)

Okaldy: 251. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Atamyrat

Sagbol Yagşy bagtly bol dos
09.03.19 16:50
 Serdar

Hahahha Yagsy sag bol men hemme gelin gyzlarmyzy ayal doganjyklarmyzy jigi gyzjagazlarmyzy tuýs yűregimden gutlayary Šolaryn jany sag bolsyn GUTLAYAN
08.03.19 19:40
 jem_l

Ilki bn gutlagyñyz un sagboluñ. dünýâdâki ahli gelin-gyzlaryñ halkara baýramyny gutlaýan
05.03.19 10:12
 M

Savgal gutlagynyza. Menem oz adymdan butun dunyan gelin gyzlarny halkara bahar bayramy bn gutlayaryn
05.03.19 04:08
 s

Gutlagyz hemde makalanyz ucin sag bolun. Men hem oz adymdan ahli ak sacly Enelermlzi Baydakkemin gelinleri seyle hem dunyani bezeyan gozel gyzlar halkara zenanlar guniniz gutly bolsun mahrbanlar.
04.03.19 21:28

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak