TM HYZMAT BILMELI
Adamlar hakda 10 sany haýran galdyryjy
gyzykly faktlar


Barmaklar käwagt gös-göni bolmaýarlar.
Adaty bolşy ýaly süýem barmak, ogulhajat barmak we külembike barmak birnäçe orta barmaga tarap gyşarlandyr, şol wagtyň özinde orta barmak bolsa dürli taraplara gyşarlan bolup bilýär.

Ýadan beýni bölekläp ýatýar.
Alymlar subut etdiler, adamyň beýnisi çendenaşa işlenilen ýagdaýynda bölekläp ýatýar. Bu zady barlamak gaty aňsat – birnäçe gün ýatman geçiriň we siz öziňizde bolup geçýän käbir zatlary bilersiňiz, mysal üçin siz açary ýa wajyp kagyzlary nirä goýandygyňyz ýadyňyza düşmez, käsa çaý guýanyňyzda hata goýberip başlarsyňyz (ýalňyş guýarsyňyz, dökersiňiz), maşyn süreniňizde öziňizi ynamly duýup bilmersiňiz we ş.m. Bularyň sebäbi ýönekeý – siziň beýniňiziň bir bölegi öçürlen, ýagny ýatýar.

Biz günüň dowamynda 15.000 sapar gözimizi gyrpýas.
Ortaça adam 15.000 sapar günüň dowamynda gözini gyrpýar. Gözimiz gyrpanymyzda göz almasy suwlanýar we bakteriýalardan arassalanýar. Şeýle köp göziňizi gyrpýanyňyza ynanmaýan bolsaňyz, sanap göräýiň!!!

Haýsy dişler bilen siz çeýneýäňiz?
Eger siz ähli zady sag eliňiz, sag aýagyňyz bilen köp edýän bolsaňyz, onda adaty bolşy ýaly nahary siz sag dişleriňizde çeýneýärsiňiz, eger-de çepbekeý bolsaňyz onda çep tarapdaky dişleriňizde.

Gülki siziň ýüregiňizi sagaldar. Gülki gan damarlaryny giňeltýär we ýürekdäki agyryny azaltýar diýip alymlar pikir edýär.

Ýylgyryş nähili derejede hakykydygyny nädip bilmeli?
Hakyky, aldawsyz, ýürekden gelýän ýylgyryş wagty adamyň gözlerinde kiçiräjik tegmiller döreýär, ýalan ýylgyryşda bolsa diňe ýaňaklar giňeýändir. Bilesiňiz gelse, onda size ýylgyrýan wagty adamyň gözlerine serediň!

Düýşde wagtymyz biz ysmazdyr.
Biziň bedenimiz düýşde wagty doly ysmaz diýip bolar, esasan munyň sebäbi düýşmizide görýän zatlarymyzy beden gaýtalamaz ýaly. Muny barlamak aňsat – ýatan adamyň hereketlerine syn edip göriň, onuň bedeni diňe ýüzleý düýşde herekete gelip başlaýar, başgaça aýdanymyzda oýanyp başlan wagtlary.

Asgyrmagy duzuryp bolmaýar. Asgyrmak – bu awtomatik refleks bolup durýar,eger ol başlasa ony hiç hili duruzyp bolmaýar.

Nähili ýygylykda biz ýuwudýas?
Naharlanmagyň dowamynda adam 300 sapara golaý ýuwudýar. Ynanmasaňyz barlap bilersiňiz!

Ýatýan otagyňyz näçe sowuk bolsa, şonçada ýaramaz düýş görmek ähtimallygy artýandyr. Barlamak hökmän däl, gowsy ýyly ýerde ýatyň.


Makala baha ber:

Reýting: 4.1/5 (59 baha berildi berildi)

Okaldy: 2389.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(48)



 Mekan

Dine gyzlar okoyan ekenahouu
13.04.19 21:31
 Anonimus

Oran gowy
10.04.19 19:30
 Dunya

Gaty govy yenede bolsa uly hoves bilen okardyk sagbolun.
09.04.19 03:14
 Guljahan

gaty gyzykly sag boluñ
29.03.19 21:21
 crazy wolf

bar bolanmy
29.03.19 13:48
 aysa

basgada gyzykly zadynyz yokmy
27.03.19 18:52
 Hatyja

Gaty gowy
06.03.19 19:18
 Dilnaza M

Gyzykly maña ýarady
28.02.19 16:00
 Dinara

Normalno
26.02.19 11:02
 Arzuw

Sagbolun
26.02.19 07:50
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 48-39

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak