TM HYZMAT BILMELI
Älem giňişliginde ekin ekip bolarmy?


Şweýsariýaly alymlar geçiren tejribeleriniň netijesinde käbir ösümlikleriň ýeriň dartyş güýji bolmasa-da, ösüp biljegini subut etdiler. Bu açyş älem (kosmos) giňişliginde ekerançylygyň, has dogrusy, ynsan ýaşaýşynyň mümkindigini görkezýär. Geçirilen tejribeler we subutnama Sýurih uniwersitetiniň alymlaryna degişlidir. Olaryň aýtmagyna görä, «strigolakton» diýlip atlandyrylýan ösdüriji serişdäniň topraga goşulmagy bilen, edil dünýäde bolşy ýaly, älem giňişliginde hem ekin ösdürip, hasyl almak mümkin.

Bu ösdüriji serişde ekiniň köki bilen baldagynyň arasyndaky ýaşaýyş üçin zerur bolan sazlaşygy üpjün edýär. Bu sazlaşyk bolsa ekiniň ösmeginde we hasyl bermeginde uly orun eýeleýär. Adamzadyň «örüsini giňeltmek» baradaky işler eýýäm onlarça ýyldan bäri alnyp barylýar. Munuň üçin iň amatly ýer bolsa Mars planetasydyr. Eýýäm alymlaryň Marsda ekin ösdürip ýetişdirmek babatynda belli bir sepgitlereýetendigini hem ýokarda aýdanlarymyzyň üstüne goşmak gerek.

Ýöne henize çenli älem giňişliginde Ýeriň dartyş güýjüniň bolmazlygy alymlar üçin uly kynçylyk döredip gelýärdi. Dartyş güýji, edil adam ýaly, ekin üçin hem esasy zerurlyklaryň biridir. Täze serişde — strigolakton bu meseläniň oňyn çözgüdine meňzeýär. Ähli zat ýakyn geljekde aýdyňlaşar.

Awtor: Şaguly Çaryýew, TDÝÇM-niň mugallymy
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)

Okaldy: 137.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(2)



 Oguljeren

Şol geljek günlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys...
22.04.19 10:35
 Maral

Gen hem tasin
31.03.19 21:41

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak