TM HYZMAT BILMELI
Dünýäde iň uly deşikler


Bu makalada biz adam tarapyndan ýa-da tebigat tarapyndan döredilen ýer içindäki deşikler we çuňluklar hakda gürrüň ederis.

1.Russiýada Ýakutiýanyň Mirny şäherinde ýerleşýär Kimberlit turba “Mir” karýery
Karýeryň çuňlugy 525 m we diametri 1.2 km. Dünýäniň iň uly karýerlaryndan kimberlit almazon magdanyň gazylyp alnyşy 2001-nji ýylda tamamlanyldy. Häzirki wagt karýeryň bortynda galyndylary gazyp almak üçin ýerasty kän gurulýar.

2.Äpet merkezde ýerleşýän gök deşigi
Beliz barýer rifiň düzümindäki Laýthaus-Rifa. Deşik öz gezeginde uly, diametri 305 metr, çuňlugy 120 metr bolan guýguçy şekillendirýär. Bu geologik gurluşy ilki başda ilkinji buzluk döwründe hek daşyndan emele gelen gowaklaryň sistemasydy. Şol wagt deňiz derejesi pesdi, emma okean ýokary galanda we gark bolan gowagyň toplumy ýumrulanda şeýle guýguç emele geldi.

3.Kenneccot Bingham Canyon Mine atly ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti-dan günorta-günbatada ýerleşýän kanýon.
Dünýäde iň uly antropogen döreýiş bolyp, özinden kän (rudnik) bolup durýar, döredilişi açyk görnüşde amala aşyrylýar. 2008-nji ýylyň ýagdaýyna görä karýeryň göwrümi: çuňlugy – 1.2 km, ini – 4 km, meýdany – 1900 akr (7.7 kw.m). Ilkinji ol 1850-nji ýylda tapyldy, 1863-nji ýyldan başlap karýeryň üstünde işler geçirilip başlady, ol häzirki wagt hem dowam edýär.

4.Kanadada ýerlýeşýän “Dýawik” karýerda almaz alýarlar.
Ol adalarda ýerleşýär we ýolagçyly Boinglary kabul edip biljek aeroport şekilli gurluşy bardyr.

5.Demiragyz Kaliforniýada, Monticello Dam’s bent rezerwuaryndaky salmanyň deşigi.
Bu turba öz içinden sekuntda 1370 kub metr suw geçirmäge ukyplydyr. Guýgujyň konus şekilli formasy bar, onuň diametri 21.6 metr barabar, aşaklygyna 8.4 metra çenli gysgalýar. Howdandaky suwyň artykmaçlaryny aýyrmak üçin ýasalandyr.

6.“Uly deşik” atly kimebrlit turbasy (GAR) – äpet hereket etmeýän almaz magdany.
Adam tarapyndan tehnika ulanmazdan döredilen iň uly karýer hasaplanylýar. “Äpet deşigiň” meýdany 17 gektar. Perimetri 1.6 km, ini – 463 metr. Häzirki wagtda Kimberli şäheriniň esasy gözellikleriň biri hasaplanylýar.

7.Gwatemaladyk kwarst çökmesi öz gezeginde 150 metr çuňlugy we 20 metr diametrli äpet guýgujy emele getirýär.
Ýerasty suwlaryň we ýagyşlaryň netijesinde çökmäniň dörän wagtlary birnäçe adam wepat bolup, onlarça öýler ýumuryldy. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, fewralyň başlarynda gelejekki çökmäniň dörejek ýerinde topragyň gymyldylary duýulýardy, ýeriň aşagyndan bolsa boguk ses gelýärdi.


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (16 baha berildi berildi)

Okaldy: 1034.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(12)



 alihan

Betekenay DESIKLERA
15.06.19 13:50
 maral

Gorkunc hem gyzykly sag bolun elleriniz agyrmasyn
06.05.19 11:57
 Ronaldo

Örän täsin deşikler.
16.03.19 18:54
 Leyli

Gyzykly hem täsin eken.
19.02.19 18:03
 Balkanly

Berekella, ýenede gyzykly maglumatlara garaşýarys.
02.02.19 16:49
 A.S

gyzykly makala, yenede garasyas
23.01.19 11:21
 PIRMYRAT

Gowy makala taýynlapsyňyz ýenede täsin makalalarňyza garaşýan
20.01.19 18:16
 sohbet

Oran gyzykly eken
23.12.18 15:59
 Akja

gaty gyzykly .
29.07.18 11:12
 Yhlas

Gaty gowy eken
18.07.18 09:04
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 12-3

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak