TM HYZMAT BILMELI
Arylar hakda gyzykly faktlar!


Arylar – ösümlikleriň wajyp tozgajysydyr. Olaryň ewolýusiýasy parallel ýüze çykandyr, sebäbi ilkinji döwürlerde bular ösümlikler topary bilen aýrylmaz bölekdiler. Prosses döwri arylarda beden emele geldi, ol ýagny gül tozgyjyklary we nektaryny çöplemäge uly mümkinçilik berdi: olar agyz kanalyň kömegi bilen nektary çöpläp bilýärler – ýagny hobotlary, ol ýerden ýörite beden organyna düşýär – arybal aşgazany. Ary ýygyndy prosessi bilen baglanyşykly arylaryň durmuşyndan birnäçe gyzykly faktlar bilen bu makalada tanyşdyrarys.

Ary ketegiň düzümi

Ary maşgalasy ary ketekde ortaça möçberde alsak 60-dan 120 müň arylara çenli ýaşap bilerler. Tomus möwsümi bu möçberdäki arylar 100 kg bal ýygnap bilerler. Gyşda arylar ýatmaýandyklary sebäpli başga pasyllarda maşgalalaryny gyşa eklemek üçin agyr işleri başdan geçirmeli bolýarlar. Gyş paslyň açlyk döwründen soňra arylaryň möçberi 10-30 müňe çenli azalyp biler.

Ene ary

Ary ketegi ene ary dolandyrýandyr. Ol 5 ýyla çenli ýaşap bilýär we köpelmäge bolan üýtgeşik ukyby bardyr. Şonuň ugurtapyjy ukybyna hem ary ketegiň gelejegi bagly bolup durýar, şol sebäpli ene aryny başga maşgalalara garaňda has gowy iýmitlendirýärler we boljak duşmanlardan goraýarlar. Ene aryny tohumlandyrmak prosessi tomusda birnäçe trutlaryň gatnaşmagynda bolup geçýär. Prosses tamamlanandan soň trut ýogalýar, sebäbi onuň tohumy ene arynyň bedeninde galýar. Ortaça ene ary bir güniň dowamynda 2500-e golaý ýumurtgajyklary taşlap bilýär, olardan soňra liçinkalar emele gelýär. Eger-de bir sebäp bilen ene arysy kesellese ýa-da tohumlandyrmak ukybyny ýitirse onuň ýerini ary şagyzlar tutýarlar. Olar ýörite şeýle ýagdaýlar üçin taýýarlanan.

Ýönekeý arynyň durmuş döwri.

Ýönekeý zähmetçi arynyň ömri ýyly pasylda 40 günden ybarat bolýar we 90 gün sowuk pasyllarda. Öz durmuşynyň dowamynda ençeme wajyp meseleleri ýerine ýeitirip ýetişýär: ilkinji günler ol öýjükleri gurýar we arassalaýar, olara soňra ene arysy ýumurtga taşlaýar. 4 günden soňra ary taşlanan ýumurtgalara eneke bolar, öýjüklerde ýylylygy saklap we olarda ýeterlik derejede arassa howanyň bolmagyny üpjün edýär. Ýene-de 4 günden onda enelik süýdi emele gelip başlaýar, onuň bilen ösüp barýan liçinkalary iýmitlendirer. Ondan soňra mum emele getirýän mäzleri emele gelip başlar we ol matematik deňlikde altyburçly ary öýjükleri gurup başlaýar, ketegiň goňşylaryndan nektarlary kabul edip olary tertipleşdirýär we ary baly emele getirýär.
Haçanda täze nesil emele gelende ary öz mümkinçiliklerini kiçi nesle geçirip, ösüp barýan nesile iýmitlik gymmaty bilen üpjün etmek üçin ary ýygynda tarap ugraýar. Müň sany liçinkalary eklemek üçin, ary bally ary müňe golaý gülleri aýlanyp çykmaly, olardan gerek bolan 100 kg ary baly , 500 gramm gül tozgajyklary we 30 gramm suw çöpläp gelmeli.

Tozgajygyň ýygnalşy

Tozgajygyň ýygnalşy nähili bolup geçýändigi gyzykly – olar ilki bedeni gurşap alýan gyldyrganlara düşýärler (şol sanda hem 5 sany gözi gurşap alýan gyldyrganlar – 3-si ýokarky bölekde, 2-si aşakdaky) elektrik meýdanyň kömegi bilen. Haçanda ary güle ýeterlik derejede golaý uçup gelende, tozgajyk gyldyrganlara çekilip alynýar. Ondan soňra güliň zarýady otrisatel bolýar we indiki arylar şol güli ýygyndy üçin dereksiz diýp hasaplaýarlar. Bu usul bilen olar bir-birleriniň wagtlaryny tygşytlaýarlar.

Ary ketekde feýs-kontrol

Gyzykly faktlaryň arasynda arylaryň ys alyş duýgularyň has ýitidigini bellemek gerek. Adamyňka garaňda arylaryňky müňlerçe gezek ýitidir. Mör-möjek ary-güliň ysyny kilometrden duýmaga ukyply. Arylar yslary feýs-kontrol üçin ulanýarlar. Sebäbi her bir ary maşgalasynyň öz aýratyn ysy bolýar. Ol arynyň ýörite beden öýjüginde saklanylýar. Ol ysy gözegçi-arylar duýýar we eger-de ol ys tanalmasa feýs-kontroly ary geçmez. Emma her bir ýerde bolşy ýaly birnäçe geçirimlik edilýär. Ýagny egerde ary azaşan bolsa, onuň ary ketegi daş bolsa ýa-da ol gijä çenli ary bal çöplän bolsa ol keseki ary ketekde düşlemegi haýyşt edip biler. Şol bada aýratyň “duruşda” özüni saklamaly bu ýagny parahatçylykly niýet bilen gelendigiň nyşanydyr. Arylar hakda aýdylanda bärde olaryň ýönekeý däl – eýsem sosial mör-möjekler hökmünde bellemek gerek. Muňa sebäp bolup olaryň hereketleriniň we komunnikasion sistemasynyň ösendigi subut edýär. Mysal üçin, eger-de ary arybal ýygyndysyna has oňaýly gül meýdanyny tapsa ol onuň daşyndan pyrlanyp-aýlanyp başlaýar, ýagny bu hereketleri bilen ol ýygynda goşulmaga çagyrýar.

Arylaryň anyk duşmanlary

Arylar üçin howply haýwanlar we mör-möjekler, guşlar degişli bolýar, olardan:
• Guşlar ( jikjiki, geçiguş, daşdeşen, medogörkezijiler)
• Mör-möjekler ( mum moly, şerşenlar, gysaçlar)
• Süýdemdirijiler (aýylar, ownuk gemiriji)
Demirgazyk ýurtlaryň ýaşaýjylary, mysal üçin Ýaponiýa, ýewropik arylar has köp ýaýradýarlar we wagtal-wagtal şerşenleriň ýewropa ary keteklerine topulmagynyň şaýady bolýarlar. Arylar, özleriniň göwünlerine degdirdenoklar – olar gatlak ýüzük şekili emele getirýärler we myşsalaryň kömegi bilen ýüzügiň içini 47 gradus selsiýa çenli gyzdyrýarlar – şeýle temperaturada şerşenler ölýärler.
Ary baldan datmagy guşlaram gowy görýär – olar ähli ary ketekleriň ýerleşýän ýerlerini 250 km2 aralykda bilýärler, emma mör-möjekleriň ketegine topulmaga çekinýärler. Onuň deregine guşlar ketege barýan ýollary adamlara, haýwanlara we başga uly haýwanlara görkezýärler, sabyr edip olar tarapyndan ýumrulmagyna garaşýarlar. Ýagny ary balyň galyndylaryny öz janlaryna howp salmazdan çöpläp alar ýaly.

Gözleýji-arylar

Arylar hakda gyzykly faktlar öz sanyna olaryň özlerini tebigy we ylym tarapdan ukyplaryny ulanylmagyny gözegne tutýar. Mysal üçin, ABŞ-nyň Montana uniwersitetinde, eýýäm birnäçe ýyl bu peýdaly mör-möjekleri partlaýjy enjamlary yslary boýunça tapmagy öwredýärler. Dogry tapylan enjamlary üçin olar suw we püsek ýaly zatlar bilen sylaglanýarlar. Bu tejribeleriň aýratynlygy, ýagny bir maşgaladan bolan mör-möjekler bütewi organizm ýaly hereket edýärler. Şol sebäpli hem partlaýjy enjamlary bir ary däl, eýsem tutuş ary ketek bolup gözlemäge gidýärler.

Ary bal hakda faktlar

Häzirki zaman öndürijilikli balçylyk bir ary ketekden 40 kg bal almaga mümkinçilik berýär, ol ýokary tehnologiýalaryň kömegi we ary ýaýratmagyň üýgunlaşdyrylmagy bilen amala aşyrylýar. Sowuklama kesellerde ilkinji bilen ary baly gyzgyn çaý bilen içýärler. Emma bal öz ukybyny 50 gradus selsiýada ýitirýändigini az adam bilýändir. Şonuň üçin baly çaý gyrasynda iýmek maslahat berilýär. Şeýlelik bilen baly eti uzak wagt saklamak üçin ulanyp bolar, elbetde marinad hökmünde.


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 276. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs