TM HYZMAT BILMELI
Dünýäniň iň baý adamlary hakda


Nädip üstünlige ýetmeli we material taýdan ýeterlikde ýaşamaly, öz erkine seýil etmek we peýda getirmeli? Şeýle soragy hemme adamlar berýärler, kimler käwagt kimler bolsa köp. Dünýäde iň baý adamlaryň hataryna girýän şahsyýetler bar. Şol hatarda hem ady belli adamlar bar we tanalmaýan adamlarymyz hem bardyr.

Biziň hatarymyzy Fil Naýt açar – 18-ýaşly telekeçi, hasabynda 5 milliard dollar. Ol Nike atly sport aýak-gaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy hökmünde tanalýar. Ilkinji önümçilik 60-njy ýyllarda girizildi. Häzirki wagtda her dürli aýakgaplaryň satylyşygyndan gelýän girdeýji her ýyl takmynan 1 milliard artýar.

Djrodj Soros 86 ýaş. Hedj-fondy esaslandyryjynyň hasabynda 25 milliard dollar bar. Üstünlikli inwestor, Djordj iňlis funtynyň 1992-nji hümmeti düşen pursadynda 1 günde 1 milliard britan pul birligini gazandy.

Geň zat däl, iň baý adamlaryň hataryna Mars kärhananyň eýeleri Djon we Žaklin Mars girdiler. Zawodaly we söwda nokatlary tutuş dünýä boýunça bardyr. 2 eýesiniň hersinde kärhananyň aksiýalary bardyr, hersiniň hasaby 32 milliard dollar barýar. Uoltonyň maşgalasy (Walton) – hususanda Elis we Djima – Kakasy tarapyndan esaslandyrylan Walmart söwda nokartlaryň ýarty aksiýalary degişlidir. Elis – haýsy hiç haçan kärhanaň işleri bilen meşgul bolmadyk adam, hasabynda 34 milliard, Djim bolsa kärhanaň müdiri bolup işleýär – hasabynda 33 milliard dollar.

Çalt depginler bilen ösýän önümçiligiň arasynda Jek Ma hem bardyr – telekeçi, “AliExpress” atly internet üsti bilen işini dolandyrýan söwda kärhanasynyň esaslandyryjysy. Onuň gapjygy elmydama dolup durýar we häzirki wagt hasaby 36 milliard dollar.
Otuz ýedi milliardyň eýesi L’Oreal atly internet marketingly kärhanaň esaslandyryjysy. Bu dünýäde iň baý aýal – Lilian Betankur – iş alyp baranok, öz pullaryny garyp-gasarlara kömege iberýär we sungat döredijiliginiň kolleksiýasyny ýygnaýar.
18-ýaşynda Ingwar Kamprad Şwesiýadan mebel satýan “IKEA” atly kärhanany esaslandyrdy. Häzirki wagt hemmämize belli atdyr. Ingwar Kampradyň hasabynda 43 milliard dollar.
Oracly atly programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan korporasiýanyň eýesi Larri Ellisona – 45 milliard dollar möçberde girdeýji getirdi. Ynha 7 ýyllap ol 1 dollar aýlyk alýar, onuň ekleýji bolsa aksiýalaryň göterimlerinden gelýän puldyr.

KochIndustries – öz eýelerine Kox maşgalasyna – az bolmadyk girdeýji getirýär. Mysal üçin Dewid Koxa, ýagny energetika industriýanyň esasnlandyryjysynyň ogullarynyň biriniň hasabynda 48 milliard.

60 milliarda barabar pul Mark Sukerbergyň hasabyndadyr. Bu at internet bilen sähelçe baglanşygy bolan adamlaryň gulagynda galandyr. 32 ýaşly Mark we onuň Facebook atly sosial ulgamy we biznesi dünýäde iň meşhurlaryň biridir.

Zara brendy, Inditex imperiýasynyň modasyny satýan kärhana, esasy girdeýji bölegi bilen öz ispan eýesini – telekeçi Omansio Ortegany üpjün edýär. Onuň hasaby 68 milliard.

Amazon kompaniýasy, eýesi, dolandyryjysy we girdeýjileriň eýesi Djeff Bezos. Bu kompanýa oňa 73 milliard getirdi.

Dünýäde iň baý adam hökmünde Bill Geýts hasaplanylýar. Onuň hasabynda 85 milliard dollar, haýsylary ol köp bölegini kömek pul hökmünde berýär. Şol sanda ol diňe bir dünýäde iň baý adam däl, eýsem jomart görkezýär.


Makala baha ber:

4

Okaldy: 158. Şü gün okaldy: 5


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

comments powered by HyperComments

Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs