TM HYZMAT BILMELI
"Bolmady" goşgy


Hemmäňe ýüzlenip içimi dökýän,
Bir nurana kakamyzam bolmady.
Ojak ody öçse täzeden ýakýan-
Aladaçyl kakamyzam bolmady.

Işe gidip maşgalany ekleýän,
Daşa gitse bize sowgat getirýän,
Kyn ýagdaýda işimizi bitirýän-
Jogapkärli kakamyzam bolmady.

Uly kiçilere görelde bolýan,
Agy hem garany saýgaryp bilýän,
Eger toýa gitse içmäni gelýän-
Gözleri dok kakamyzam bolmady.

Bar kakamyz duşmanlary güldirýän,
Ejem janyň güler ýüzün soldyrýan,
Şeýtanyň ýoluna özün aldyrýan,
Towa edýän kakamyzam bolmady.

Şeýle alsaň erbedem däl häsiýeti,
Çaý başynda berýär ençe wesýeti,
Içmen diýer içen günüň ertesi,
Sözün haklan kakamyzam bolmady.

Ajy şerap däldir saňa saýawan,
Köpräk içseň pikirleňi zaýalar,
Şoň derdinden ençe adam nalaýar,
Düşünjeli kakamyzam bolmady...

Awtor: Belli däl


Makala baha ber:

Reýting: 4.8/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 93.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Maral

Galamyn yiti dogam!
14.03.19 20:54
 S. D. n.

Awtor nabeli hem bolsa ussat sozleri yerbe yer goymany basarypdyr. Gosgyny goyup bize yetirenin ucin minnetdar eline saglyk.
10.03.19 20:14
 S. D. n.

Awtor nabeli hem bolsa ussat sozleri yerbe yer goymany basarypdyr. Gosgyny goyup bize yetirenin ucin minnetdar eline saglyl.
10.03.19 20:11
 jem_l

Gaty gowy gosgy eken..
10.03.19 13:19
 M

Seyle kakalara nalet
10.03.19 01:28

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak