TM HYZMAT BILMELI
Dünýä brendlar hakda


Bizi guršap alÿan ähli zatlarda mešhur brendlary görùp bolÿar. Käwagt olaryñ nämäni añladÿandygyny ÿa-da simwolyna düšünmek kyn. Geliñ olaryñ käbirine düšünjek bolalyñ.

Fastfud satyjylaryñ iñ mešhury bolan McDonald's-yñ taryhy - gaplarda, reklamalarda uly M harpy bolup häsiÿetlendirilÿär. Bu belgi arhitektoryñ kärhananyñ girelgesinde iki sany uly arka bolmagyny oÿlanmasyny añladÿar. Müšderiler adresi ÿalñyšmaz ÿaly, reklama bukletinde šol girelgäni suratlandyrypdyrlar. Fastfudyñ eÿeleri wagtyñ geçmegi bilen bu belgiden el çekjek boldular, ÿöne eÿelere ony goÿmagy psiholog maslahat berdi. Wagtyñ geçmegi bilen bu arkalar McDonald's-yñ simwoly boldy.

Koko Šanel ady arzuw edijilik meÿlini añladÿar. Šaneliñ durmuš ÿoluny bilÿän adamlaryñ aÿtmagyna görä, ol iki sany C harpy birigip gidÿän suraty çekmegi onuñ gowy görÿän Nissada dynç alynÿan ÿer bolan Cháteatu Crémat galanyñ bašdaky harplary (CC) bilen baglanyšykly bolupdyr. Ÿöne köpüsiniñ pikirleri, onuñ öz ady Kokonyñ jübüt harplary añladÿar diÿip gabat gelÿär.

Google kompaniÿa öz logotipini dürli reñkler, ÿagny gyzyl, gök we sary reñkler bilen boÿady. Dizaÿneriñ aÿtmagyna görä, bu bellibir logika ugrukÿar, ÿagny ÿašyl öwüšginden çykmagy añladÿar. Beÿle meñzeš reñkleriñ bolmagy ÿaš kompaniÿa birmeñzeš kanuna gidÿän stereotipleri döwmegi añladÿar.

Gillette logotipinde G we I birikdirÿän gyzyl çyzyk geçÿändir. Gowy üns berseñ näme üçin ÿagty oturtma bolmagyny bilip bolÿar. Ol firmanyñ çykarÿan britwanyñ lezwiÿalaryny görkezÿär.

Mitsubishi logitipi oÿlap tapan adamyñ mašgalasynyñ taryhy bilen ysnyšykly baglanyšykly. Olaryñ gerbinde bitewiligi, umydy we üstünligi añladÿan üç sany brilliant ÿerlešendir. Üç sany romb bu gymmatlyklary šöhlelendirÿär. Gyzyl reñk bolsa, ynamy we ukyplylygy, ÿaponiÿa dessurlara görä bolsa, müšderileri özüñe çekmegi añladÿar.

"Garyp adamlara šatlygy getirmek" - mešhur gumanitar birlešmesi bolan Goodwill šygary. Kompaniÿanyñ išgärleri mätäç bolan adamlara egin-ešikleri, nahary toplap berÿärler. Olar her baÿramçylykda etmän, eÿsem her gün edÿärler. Olar hošniÿetliligi her baÿramçylykda däl-de her gün etmeli diÿip hasap edÿärler. Bu logotipde Goodwill-iñ uly G harpy, ÿagny, uzakdan ÿylgyryşa meñzeÿär.

FedEx sözüniñ soñky harplaryñ arasynda gizlenen strelka dizaÿnerleriñ hasap etmegine görä, kurÿerçilik eltip berme gullugyna bolan ynamy añladÿar. Tertipli ibermek, išiñ tizligi, ynamlylyk we eltip bermek ygtybarlylyk - bularyñ hemmesini gyzyl strelkada suratlandyrylÿar. Mundan öñ bu syra üns bermedik adam bilenden soñra, eltip berme firmada diñe šony görer.

Nike firmanyñ Just do it belgisi gadymy grek perizady Nike añladÿar. Ol onuñ ganatlaryna öÿkünmedir. Bu belginiñ oÿlap tapmagyna 1975-nji ÿylda talyp gyzy Carolyn Davidsona 35 dolllar tölendi.

Welosiped ÿaryšy gowy görÿanler üçin Tur-de-Frans belgisi tanalÿan bolsa gerek. Ÿöne hemmesi bu sudura kän bir üns berenoklar. Adaty "Le Tourde France" sözlemde plakatda welosiledçi suratlandyrylan. Ony R harpda tanasañ bolÿar, güne tarap egilmegi bolsa, ol tigirdir. Šonuñ üçin simwol bolan bu ÿazgynyñ nämä laÿyk gelendigi hemme kišä anykdyr.

Oÿunlaryñ simwollary we kompaniÿalaryñ belgileri hakda aÿdanymyzda, olaryñ öndürijileri akyl bilen we reklama manipulÿasiÿa etmek bilen döredÿärler. Mesele üçin pepsiniñ indiki öndürmesi. Fabrigiñ dizaÿnerleri bankalaryñ we çüÿšäniñ baš ašak bolan ÿazgyny ulanypdyrlar. Ÿöne alyjylar muny oÿun ÿa-da ÿalñyš diÿip hasapladylar. Bir görsek ol ÿörite meksikan güni bolan Keramat Güni (ÿatlama güni) bolupdyr. Isded ÿazgyny "ol öldi" diÿip okap bolÿar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 134. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs