TM HYZMAT BILMELI
Gymmat bahaly superkarlar


Aston Martin Valkyrie – 3.2 million dollar
Aston Martin Valkyrie atly gibrid awtoulagda 6.5 litrly V12 atly elektrik transmissiýa bilen bile işleýän 1.000 at güýjinden gowrak bolan hereketlendiriji işleýär. Ylmy-fantastik filminden gelen ýaly bu awtoulag 3.2 million dollara düşer.

W Motors Lykan Hypersport – 3.4 million dollar
2013-nji ýylyn Kataryň Motor-şowynda hödürlenen W Motors Lykan Hypersport “ilkinji arab giperkary” diýlip atlandyryldy. Bellenen tizligi 394 km/s, 100 km/s çenli bolsa “arap giperkary” 2.8 sekuntda bat alýar.

Limited Edition Bugatti Veyron Mansory Vivere-dan – 3.4 million dollar
Limited Edition Bugatti Veyron ady belli Mansory Vivere atelýe tarapyndan ýasalandyr, şol sebäpli hem onuň bahasy asmana çenli göterildir. 1200 at güýçli 8 litrly W16 hereketlendirijili awtoulag 3.4 million dollar bahasy bardyr.

McLaren P1 GTR – 4.3 million dollar
Bu awtoulag Niderlandda köçelerde sürmäge rugsat berildir. McLaren P1 GTR – örän güýçli awtoulag bolup durýandyr. Ýeketäk modely 4.3 million dollara satyldy.

Lamborghini Veneno Roadster – 4.5 million dollar
Aerdinamika we howpsyzlyga üns berlip düzülen dizaýnly Lamborghini Veneno bahasy 4.5 million dollardan başlaýar. 355 km/s tizlige bat alyp bilýän awtoulag köçelerde sürmäge doly rugsat berilendir.

Koenigsegg CCXR Trevita – 4.8 million dollar
Habarlara görä Floýd Maýwezer Koenigsegg CCXR Trevita 4.5 million dollara satyn aldy. Bary ýogy 2 model çykaryldy.

Mercedes-Benz Maybach Exelero – 8 million dollar
Braýan Williams atly reper, esasan Birdman lakam bilen tanalýan reper 8 million dollara Mercedes-Benz Maybach Exelero satyn aldy. Degýärmi öz pulyna – bu soragda hemmekişi dogry jogap berip bilmezmika diýýän. Ýöne awtoulagda iki turbonaduwly V12 hereketlendirji gurnalan, ol Maybach ulagy 350 km/s çenli bat aldyryp bilýär, 100 km/s çenli bolsa 4.4 sekuntda bat alýar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 446.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(2)



 ORIGINAL MEDIA

Very Good
21.06.18 10:49
 ORIGINAL MEDIA

Very Good
21.06.18 10:49

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak