Gymmat bahaly superkarlar - TM HYZMAT BILMELI

TM HYZMAT BILMELI
Gymmat bahaly superkarlar


Lambogrhini Sesto Elemento – 2.2 million dollar
Bary ýogy 20 sany Lamborghini Sesto Elemento çykaryldy, olaryň her birisi 2.2 million dollar bahadan. Iň gyzyklandyrýan ýeri, bu awtoulaglar köçeler üçin döredilmedik ýaly, sebäbi howpsyzlyk ýastyklar we beýleki howpsyzlygy üpjün ediş gurallar bilen gurnalmadyk.

Aston Martin Vulcan – 2.3 million dollar
800 at güýçli V12 hereketlendirjili Aston Martiniň bahasy 2.3 million dollara barabar boldy. Bu awtoulagy dolandyrmak üçin, ýörite köp wagt aljak taýýarlyk işlerini geçirmeilidir

McLaren BP23 – 2.5 million dollar
McLaren BP23 bahasy 2.5 million dollar we görnüşine görä bahasyna degýär. Hemme meýilnamalaşdyrylan modellar konweýerdan çykmazdan öňürti satylyp gutarandyr

Ferrari F60 America – 2.5 million dollar
Italýan öňdürijiniň aýtmagyna görä Ferrari F60 100 km/s tizlige 3.1 sekuntda galyp bilýär. Elbetde baý adamlar bu modeli öz islegleriniň we arzuwlarynyň iň ýokarsy hasap edip, hemme çykarylan 10 awtoulagyny hersini 2.5 million dollardan satyn aldylar.

Pagani Huayra BC – 2.6 million dollar
Pagani Huayra BC agramy bary ýogy 1.218 kg (takmynan “Lada Kalina” ýaly) Ýöne oňa garamazdan 6-litrly V-12 hereketlendiriji bilen gurnalandyr. Bary ýogy 20 model çykaryldy, olaryň ählisi 2.6 million dollardan satyn alyndy.

LaFerrari FXX K – 2.7 million dollar
6.3-litrly 1.035 at güýçli V12 hereketlendirijiniň bolmagy we bary ýogy 32 modelyň çykarylmagy LaFerrari FXX K bahasyny 2.7 million dollar. Emma bu awtoulagy ýolda we islendik ýaryşlarda ulanyp bolmaz.

Bugatti Chiron – 2.9 million dollar
Chiron – ady belli Veyron modeliň neslidir. 2.9 million dollar bahasy bolan awtoulag 8 litlry 16 silindrly 1.500 at güýçli hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. Awtoulag 420 km/s çenli bat alyp bilýär.

Ferrari Pininfarina Sergio – 3 million dollar
Ferrari Pininfarina Sergio – gaty seýrek modeldyr, dünýäde bary ýogy 6 modeli çykaryldy. Bu hem awtoulagyň 3 million dollara bahalandyrmagyň sebäbi bolup biler.


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 342. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs