TM HYZMAT BILMELI
Dünÿäde iñ mešgur we gymmat altyn - kümüš šaÿ-sepleri!


Gymmat altyn - kümüš šaÿ-sepleri özüniñ amatlylygy bilen tapawutlananok, ÿöne olar esasy orun eÿeleÿär. Bu jemgyÿetde statusyñ, adamlara agalyk bolmagyñ, söÿgüniñ alamatynyñ we tagzym etmegiñ simwolydyr. Ine birnäçe iñ mešhur we gymmat altyn-kümüš šaÿ-sepleri.

Brilliant "Witselsbah"
Hödür edilenlerden iñ gymmat we dawaly . Bašda bu dašyñ agramy 35, 56 karat. Granlama edilende ondan 4 karat agramyny aÿyrdylar, munuñ esasynda hem zergärleriñ arasynda dawa döredi. Beÿle gymmat we gadymy daša kast edip, onuñ agramyny alan zergära ekspertler negatiw häsiÿetde boldular. Brilliant öz döwründe ilki Awastraliÿa täjini, soñra Bawar täjini bezedi. Soñky sapar almazy 2011 ÿylda 80 million dollara satyldy.

"Gül-güne reñkli ÿyldyz" atly ÿüzük.
Bu ajaÿyp dašly brilliant ÿüzük. Onuñ agramy 59,6 karat. Bahasy - 72 million dollar. Bu "Gül-güne reñkli ÿyldyz" ÿüzügiñ esasy alamaty onuñ optiki durylygydyr. .Beÿle häsiÿetli topara šaÿ-sepleriñ diñe 2% girÿär.

"Deñsiz - taÿsyz" atly monjuk.
Öz adyna eÿe bolan brilliant monjugy. Šaÿ-sepleriñ arasynda bahasy boÿunça dünÿäde birinji orna mynasyp bolmakdan dašary, ol dizaÿny bilen hem tapawutlanÿar. Oña dünÿäde iñ uly, dury arassa bolan sary daš goÿlan. Dašyñ agramy - 407,48 karat. Mundan bašga-da monjuga ownuk brilliant hem salnandyr. Brilliantlaryñ umumy agramy - 203 karat. Monjugyñ bahasy - 55 million dollar. Sary dašyñ täsin taryhy. Išlenilmedik, 890 karatly almazy bir gyzjagaz 1980-nji ÿylda birtopar dašyñ arasynda tapypdyr. Bu hadysa Kongo šäherinde bolupdyr.

Çopard sagady.
Zergärçilik we tehniki ajaÿyplylyk. Bu hakyky, elitnyÿ sagady, köp sanly we dürli agramly brilliant bilen birlešidirilen. Sagadyñ täsin mehanizmi sagady görmek üçin üç sany iri mineraly süÿšürÿär. Dašlaryñ umumy agramy 201 karat üçin 25 million dollar.

"Gök Winston" atly ÿüzük.
Auksionda ony nika ÿüzük diÿip bellediler. Onda öñ beÿle gök dašly ÿüzük seÿrekdi. Dašyñ agramy - 13,22 karat. 24 million dollar bahaly iñ gymmat dašlaryñ hataryna girmekden bašga, bu gizlin daš. Bu dašyñ nirden gelip çykandygy belli bolmasa-da onuñ owadanlygy gačanok.

"Okeanyñ ÿüregi" atly monjuk.
Bu šaÿ-sep "Titanik" kinodaky esasy rol oÿnaÿan gyzdan kopiÿa edilip alnan. Bu önüm tanymal bolup, beÿik bahasyna eÿe - 17 million dollar. Onuñ merkezinde agramy 15 karat bolan gök brilliant ÿerlešdirilen. Ÿönekeÿlenigine garamazdan, kolÿeniñ kopiÿasy hem 3 million dollar.

"Šalygyñ ÿüregi" atly lagyl gašly monjuk.
Jadylaÿjy ÿürek hilde lagyl gaš, agramy 40,63 karat, dašyna arassa almaz bilen aÿlawly bolup, monjuga birikdirilen. Šlaygyñ šaÿ-sepi diÿilmegi, monjuk añsatlyk bilen täjä öwrülÿär.

Zümerret bilen brilliantdan bolan täj.
Bu kellä geÿilÿän zat 11 sany armyt görnüšli zümerretden bolup agramy 500 karatly, 11 sany iri we ownuk almazly täj - šalara eÿedir. Bu önüm 1900 ÿylda döredilip, šazadanyñ gyzy bolan Katarina fon Donnersmarka degišlidir. Hakyky patyšalyk šaÿ-sepiñ bahasy 13 million dollar.

Pantera formaly Uollis Simpson bilezigi.
Öz döwrùnde Angliÿanyñ patyšasy bolan Eduard VIII bu šaÿ-sepi gersogyñ gyzy bolan Uollis Simpsona söÿÿänligi üçin sowgat beripdir. Eduard VIII söÿdüsi üçin 1930 tagtdan el göterdi. Bu šaÿ-sepiñ bahasy 12.4 million dollar. Üÿtgešik bilezik oniks (agat mineralynyñ bir görnüši) bilen bezelen, gözleri zümerret bilen edilen.

"Vivid Pink" atly brilliant.
Açyk gülgüne, 5 karatly, ÿassyk görnüšli, ÿokary hilli bezeme. Onuñ iki tarapynda dury almaz ÿerlešdirilen, platina we altyn bilen instruktirlenen.


Makala baha ber:

Reýting: 4.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 346. Şü gün okaldy: 3


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs