TM HYZMAT BILMELI
Çarli Çaplin biografiýasy


1. Çarli Çaplin – hakykatdan hem legendarny şahsyýet. Lal kino biziň üçin indi köne döwür, emma Çarli Çaplinyň oýnan sergezdanyň şekilini çagada tanap biler. Dünýäbelli meşhurlyk aktýory hökümet tarapyndan yzarlamaklaryň bes edilmegine getirip bilmedi.

2. Çarli Çaplin öz ösüş ýoluny garyplykda başlandygy hakda bilýänimiz azdyr. Kakasy Çarli kiçi wagty maşgalasyny terk edip gitdi (Çarli dogulanyndan soň). Çaplinyň ejesi aýdymçy bolupdy, mertebesi belende galaň wagty sesi ýitip, ähli işlerini taşlamaly bolupdy. Çarli we onuň dogany Sid ýetimler öýüne gitmeli boldular. Çarli Çapliň okamagy öz ilkinji rolyny almagyna garaňda gaty giç öwrenendigi bildirýär. Çarli sahnalardaky bolup geçýän wakalary okap, gürrüň bermekden elmydama gaça durýardy, ol özine sowatsyz diýdirtmekden gorkardy. Ol ähli zady öýünde ýat tutýardy, munda onuň dogany kömek ederdi.

3. Çaphanada agyr işlerde işlemegi, gazet paýlajy we lukmanyň kömekçisi – bular ýaly işler Çarli diňe pul gerek bolany üçin çekýärdi. Emma ol hiç haçan öz söýýän käriniň üsti bilen pul gazanmagy umyt edip, umydyndan dönmezdi.

4. Onuň arzuwlary hem hasyl boldy. Çarli Çaplin aktýor hökmünde tanaldy we onuň girdeýjiler gün-günden artyp başlady. Bu diňe Çapliniň öz gazanan abraýydyr. Ilki bilen Çapli gaty zehinli bolypdyr, birnäçe filmleriň döredilmegine režissýor hökmünde çykyş edipdir we düzüpdir. Başdan aýak režissýorlyk işlerini ýerine ýetirip gelýän Çapli öz çeper filmleriniň üstünde işläp başlaýardy. Ikinjilik bilen öz asly “komediýa” žanrly filmlerden çekipilip, lirik filmlarda oýnap başlamagy pikirlenipdir. Bu pikire esasan Çapliniň oýnan “Ssuda berilýän kassa” atly kinonyň tomaşaçylary çekipdir, haçanda Çapli öz hereketleri bilen kanselýariýanyň işgärine, öziniň birnäçe çagalarynyň bardygy hakda we eger-de ol işläp, pul gazanmasa ol çagalara iýere zat bolmajagyny düşündirjek bolýan epizodlary tomaşaçylara uly täsir edipdir. Käbirleri aktýoryň ýagdaýyna gaty gynanypdyrlar, käbirleriň bolsa gözlerine ýaş dolardy.

5. Çapliniň durmuşynda köp aýal bolan, Çaplin 11 çaganyň kakasy. Oňa ssud üsti bilen 12-nji çagasyny hem bellejek boldylar, emma lukman barlaglar ol çaga Çaplinyňky däldigini subut edendir. Hökümet Çaplini kommunistik pikirlere bolan garaýşy üçin halanokdylar (häzirki wagt Çapliniň kommunizme bolan söýgüsi ýöne myş-myşdygy belli). ABŞ ony antiamerikan hereketlerde aýyplaýardy we elmydama Çaplina päsgelçilik, kynçylyk döretmek üçin sebäp gözleýärdiler. Onuň girdeýjilerine salgyt goýmakdan başlap, ssud üsti bilen Çaplina 12-nji çagasyna aliment töletmekden ybarat bolan kynçylyklar döredilipdir.

6. Çarli Çaplin häzirki wagt hem meşhurdyr. Iň gyzykly zat, häzirki aktýorlar Çarli Çaplinyň dessurlarynda eýerýärler. Mysal üçin, onuň tarapdary diýlip Jeki Çan hasaplanýar, sebäbi käbir kinolarda uruşly sahnalarda Jeki Çan sözsiz hereket bilen düşündirýän ýerleri lal kinony ýatladýandyr.


Makala baha ber:

Reýting: 3.8/5 (23 baha berildi berildi)

Okaldy: 1334.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 Mergen

Hakykatdanda carlin caplin utgesik bir adam bolup gecen onu hic kim yatdan cykaryp bilmez
17.04.19 20:13
 amandurdy

Carli haysy yurtda yasandygyny hem yazsañ gowy bolardy yone soz yok berekella zahmediñe sag boluñ
16.03.19 17:23
 Selbish

bet
27.02.19 08:15
 Mergen

Gowy berekella. Sular yaly zatlary kan cykaryn. Tuweleme
18.02.19 20:49
 Bet

Bet
13.02.19 13:55
 Yuska

hacan doglanyny yazsanyz gowy bolardy
23.12.18 19:23
 Sxaтlyk

Bet....
21.11.18 14:39
 Sahet

Haçan doglan haçan ölen
02.09.18 19:09

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak