TM HYZMAT BILMELI
Dünýäde howply haýwanlar


10. Zäherli agaç-geziji gurbaga
Merkezi we Gündogar Amerikada duş gelip bolýar. Öz reňkleri sebäpli iň garaşylmadyk ýerlerde bukulyp bilýärler. Bu gurbaganyň uly bolmadyk zäheri 10 adamy öldürip biler.

9. Afrikan gäwmişi
Bu haýwan daş-töwerege zyýansyz görünýär we şol sanda ot iýýänlerdendir. Ortaça olaryň boýy 1.7 metr, uzynlygy 2.8 metr we agramy 1.5 tonna barabar. Gaharly we gorky duýan wagtlary olar howply bolup biler. Özüniň uzyn we ýiti şahlary bilen öldürip bilerler.

8. Ak aýy
Bu haýwan Demirgazyk polýusda iň howplylaryň biridir. Olar balyklara, morjlara, deňiz pillere we kitlara hem awlanýarlar. Öz territoriýasynda adamy görseler, gaýra goýman oňa topularlar.

7. Afrikan pili
Adaty ýagdaýda bu haýwan özüni dostlykly alyp barýar, käbir halklar pilleri hudaý tarapyn haýwan diýip hasaplaýarlar. Emma, egerde pil howpy duýsa onda ençeme adamlary öz iki sany ýiti gyýaklary bilen heläk edip biler.

6. Krokodil
Krokodillarda gaty güýçli aňleri bar, aňleriň kömegi bilen olar adamy bir minuda ýetmän öldürip bilerler. Olar 100 kg agramly gäwmişleri öldürýärler, delfinlar ýaly hereketleri çalasyn we şol sanda agramy 1.6 tonna barabar. Krokodil hiç haçan adamyň gowy dosty bolup bilmez.

5. Afrikan ýolbarsy
Ýolbarslar adam üçin hakyky howp bolup biler. Haçanda olar ajygan wagtlary, gören islendik diri zady öldürip bilerler. Her ýyl Afrikada 70-den gowrak adam ýolbarslardan ölýärler.

4. Uly ak akula
Akulanyň bu görnüşi okeanda iň ýüzüji haýwandyr, islendik awy tutup bilmäge mümkinçiligi bardyr. Olaryň agramy 5 tonna barýar.

3. Zäherli meduzalar
Meduza okeanyň iň gowy ganhorydyr. Meduzanyň 50 şupalsasy bar, olaryň her biri birnäçe mukdarda zäher saklaýarlar. Bir meduza bir gezekde 50 adam öldürmäge mümkinçiligi bar. 1884-nji ýyldan bäri meduzalar 5.567 adam öldürdiler we onuň sany her ýyl artýar.

2. Aziýat kobrasy
Kobra dünýäde iň gyryjylykly haýwanlaryň biridir, her ýyl kobranyň zäheri zerarly 50.000 golaý adam ölýär. Olar adamlary iýmek üçin öldürenoklar. Olar adamlary gaty gorkan wagtlary topulýarlar. Kobranyň dişläninden soňra az wagtyň içinde derman içmelidir.

1. Aýakçy (Moskit)
Aýakçylar dünýäniň iň howply haýwanlaryň biridir, sebäbi 300 milýon adama golaý gyzdyrma bilen kesseländirler, gyzdyrmanyň geçirijiler hem aýakçylardyr, we takmynan ýylda 1.5 milýon adama golaý ol keselden ölýär. Gyzdyrma keseliň iň uly ýaýramasy 1920 ýylda Russiýada bolup geçdi, 13 million adama golaý gyzdyrma bilen keselläp, olaryň 600 müňi ýogaldy. Alymlaryň aýtmagyna görä, aýakçylar sowuk temperaturalardada ýaşap bilýärler, Antraktidada hem ýaşamaga üýgünlaşyp bilýändirler. Umumy alanymyzda aýakçylardan 50 million adama golaý ölendir.


Makala baha ber:

Reýting: 4.4/5 (12 baha berildi berildi)

Okaldy: 697. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Mergen

Hakyky zatlar yatman okanyna degya sular yaly programma cykaryn size ustunlikler dileyan sag bolun gyzykly zatlarynyz ucin
17.02.19 20:45
 Mahri

Gaty gyzykly men yatman okayan sag bolun goyanyñyz uçin berekella
12.02.19 23:02
 Täçmyrat

Berekella, şeýle dowam ediñ!
30.01.19 20:10
 Rahman

söz ýok
12.01.19 15:25
 Dinara

öran gyzykly
21.09.18 00:16
 Anonimus

Bet seyle Dowam 🙈
06.09.18 07:55

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak