TM HYZMAT BILMELI
Ajaýyp Dubai


Birleşen Arap Emirlikleri – Arap ýarymadanyň gündogaryndaky ýurt dünýäniň iň baý ýurtlaryň sanawyna girýär. Bu haýran galdyryjy ýurt çalt depgin bilen ösýär, binalar tä asmana çenli göterilip, adanyň we çölüň orta arasyndaky deňiz arasynda dörän garlar. BAE – federatiw döwlet bolup, ol 1971-nji ýylda 7 arap emirlikleriň ýagny: Abu-Dabi, Dubaý, Şardja, Adjman, Umm-el-Kaýwaýn, El-Fudjeýra we Rasel-Haýma birleşmekleriniň netijesinde dörändir. BAE merkezi paýtagty – Abu-Dabi.

Burdj Khalifa binasy
Dünýäniň iň uzyn binasy – Burdj Khalifa, beýikligi 828 metr, 163 gatdan ybarat. Bina 4 ýylyň dowamynda ýokary tizlikde – hepdede 2 gatdan guruldy. Binanyň açylyşy 2010-njy ýylyň 4 ýanwarynda bolup geçdi. Bu adamyň beýik döreden zadydyr. Bu binanyň içinde metjid, seýilgäh, bulwarlar, myhmanhana, ofislar, söwda merkezler, türgenleşik meýdançalary, uçar meýdançasy we dünýäniň iň gymmat “Atmosfera” atly 122-nji gatda ýerleşýän restorany. 40 sany gat ýaşaýyş öýler tutýandyr.
Binanyň lifti ýokaryk 65 km/s tizlik bilen galdyrýar, takmynan gözegçilik meýdança çenli 1 minudyň dowamynda eltýär. Binanyň düzüminde 57 lift bar. Ýokary gözegçilik meýdançadan haýran galdyryjy şäher görünýär, gowy howada 100 kilometr aralyk görüp bolýar.

Dubaýyň aýdym aýdýan fontany
Binanyň öňüsyrasynda ýasama kölüň içinde aýdym aýdýan fontan ýerleşendir. Suwuň klassik aýdymlaryň aşagynda görkezýän haýran galdyryjy oýunlary 19:00 – 20:00 aralyk agşamky Dubaýy bezeýär. Suwuň görkezmelere her ýarym sagatdan 1 minut dowam edýär we her sapar suw dürli aýdymlara dürli hereketler edýär.

Burdj Al Arab myhmanhanasy

Arap binasy dünýäde iň meşhur myhmanhanasy hökmünde bellendir we ondan daşary dünýäde iň beýik myhmanhana hökmünde hem tanalýar. 7 ýyldyzly baha eýe bolan ýeketäk myhmanhanadyr. Ol uly bolmadyk adada gurulan we ýelken şekilli formasy bardyr. Myhmanhananyň açylyşy 1995-nji ýylda bolup geçdi.
Her bir myhmanyň ýanyna öz hyzmatkäri berkidilýär. Myhmanhananyň içinde äpet akwarium we fontan bar. Oformleniýasynda diňe gymmat bahaly materiallar ulanylandyr: tebigy daş, agajyň gymmatly tohumlary, altyn we gyzyllar. Umuman myhmanhanada 202 nomer bar we olaryň ählisi lýuks derejeli.

“Dubai Mall” Söwda merkezi
Äpet söwda merkezi, myhmanlar bu ýerde harytlary satyn alyp bilerler, gümenje ýerleri we iýip içmek üçin niýetlenen bölümçeleri seýil edip bilýärler. Söwda merkeziň içinde dünýäniň meşhur brendlarynyň harytlary hödürlenilýär. Şeýle hem haýran galdyryjy asma fontany we katok ýerleşendir. Ondan hem daşary dünýäde iň äpet akwarium bardyr.

Onuň içinde dürli deňiz balyklary ýüzýär: 33.000 balyk görüp bolýar, akulalar we skatlar hem bar. Akwariumyň ortasyndan tunnel geçýär, nirede balyklara has golaýdan syn edip bolar. Söwda merkez gowy ýerde ýerleşýär we onuň içinden metro geçýär. “Dubai Mall” dünýäde iň uly söwda we dynç alyş merkezi diýlip bellenildi, ol 2008-nji ýylda açylandy.

Palma Jumeýra adasy
Jumeýranyň kenarýaka çyzygynyň dowamynda BAE hökümediniň karary boýunça 2001-nji ýylda palma görnüşindäki 17 şahaly ýasama adanyň gurluşygy başlanyldy. 2006-njy ýylda ada myhmanlar üçin açyldy we halk ol adany dünýäniň 8-nji täsinligi diýen at berdi Adanyň meýdany 5 kilometr uzynlygyna we inine. Adanyň üýtgeşik gurluşy esasynda kenarýaka plýajlaryň we Pers aýlagyna çykyşlaryň sany köpeldi.

Adanyň içinde myhmanhanalar we willalar guruldy. Bu owadan we dynç alyş üçin elitny ýer diýlip hasaplanylýar. BAE hökümedi bu üstünliginde hem durman, häzirki wagtda şular ýany ýene 2 sany adanyň gurlyşygy alnyp barylýar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (25 baha berildi berildi)

Okaldy: 1106.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(10)



 Muhammet

👍
20.08.18 11:43
 Arzuw

Gaty owadan yurt
19.08.18 20:17
 Maksat

Gaty gowy sagja bol
06.08.18 21:01
 Sona

Basga yurtlar baradada taze maglumat goysanyz gowy boljak
27.07.18 19:33
 Ronaldo

Boljak bet
18.07.18 08:51
 yagmyr

govy maglumat
17.07.18 22:06
 Anonimus

Gowy
10.07.18 20:57
 🇹🇲

Boljak yone tazerak zat goyayyn
08.07.18 16:41
 🇹🇲

Boljak yone tazerak zat goyayyn
08.07.18 16:40
 Mahri

Dubaya gidip gordim oran gowy yer
05.07.18 21:43

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs