TM HYZMAT BILMELI
Dünýädäki wunderkind çagalar


Wunderkindlar – üýtgeşik adamlardyr. Olar öz irki döwürlerinden deňduşlaryndan tapawutlydygyny görkezýärler. Adaty boýunça – intelektual taýdan aňynyň ösmegi bolup durýar. Çaga ýaňy bir 5 ýaşy dolmanka – onda irki döwründen intelektual mümkinçilikleri giňäp başlaýar. 8 ýaşlaryna çenli bolsa öz potensial taraplaryny aýaň edip başlaýarlar. Edil şol wagt hem çagada haýsy ugurdan aňy güýçlidigini bilip bolýar. Häzir biz olaryň birnäçeleri bilen tanyşarys.

Maýkl Kewin Kirni

Maýkl 1984-nji ýylda Amerikada doguldy. Maýkl adaty bolmadyk tizlikde aňy ösüp başlady. 4 aýlyk wagtynda Maýkl gürleşmegi öwrendi. Haçanda Maýkla 10 aý dolanda ene-atasyn ony lukmana äkidip görkezdiler, edil şol wagt Maýkl lukmana gulagynda agyry bardygyny aýtdy, dogrydanda gulagynda agyry bar eken. 10 aýlyk ýaşynda çaga diňe gürlemegi däl, eýsem çalt we çalasyn okamagy öwrendi. Bu ýerde haýran galdyryjy zatlar diňe başlanýar. Kolledjdaky okuw hem kan garaşdyrmady. Maýkl 4 ýyldan soňra ony tamamlady. Ýene bir gyzykly faktlaryň biri 2008-nji ýylda ol meşhur teleýaýlymda çykyş etdi. Emma wajyp zady ol million utuşyňy gazanmagy başardy.

Aelita Andre

Aelita 2007-nji ýylda doguldy. Ilkinji sapar Aelita 9 aýlyk wagtynda özine üns çekdi. Edil şol wagt Aelita surat çekmäge başlady. Birnäçe wagtdan soňra kakasy surata alyp, dostuna görkezdi. Onuň dosty bolsa surat gallereýanyň direktorydy. Dostuna suratlar örän ýarady we ol olary ýakyn günlerde geçirilmeli sergä alyp gitdi. Emma haçanda dosty bu suratlary 2 ýaşly çaga çekenini bilende gaty haýran galdy. Direktor şondada sergä eltip, olary astyrdy, adamlar bolsa bu owadan suratlary synlap, lezzet aldylar.

Andrenyň suratlary gymmat baha bilen satyldy.

Kleopatra Stratan

Kleopatra Stratan dünýäde iň kiçi ýaşly aýdymçy bolup durýar. Bu gyz Kişinewda 2002-nji ýylda doguldy. Onuň kakasynyň ady Pawel. Kleopatranyň kakasy aýdymy halaýan eken. Şonuň üçin günlerde bir gün ony aýdym ýazmaga ýany bilen alyp gitdi. Kleopatra bary ýogy 3 ýaşyndady. Kakasy “Eje” atly aýdymy ýazmakçydy. Emma Kleopatra arasyny kesip, onuň hem bu aýdymy bilýändigini aýtdy. Kleopatra kakasyna aýdymy aýtmaga rugsat bermegi haýyşt etdi we kakasy razy boldy. Haçanda Kleopatra mikrafonyň öňünde aýdymy aýtmaga başlanda herkim haýrana galdy. Onuň ajaýyp sesi bardy. Şondan soňra kakasy aýdymy çykarmagy ýüregine düwdi, emma eýýam Kleopatranyň aýdan kuplety bilen bile.

Bu wakadan soňra kakasy gyzynyň aýdym sungaty bilen işlemegi ýüregine düwdi.
Ilkinji albomy Kleopatraň şol ýaşynda çykdy. 2 ýyldan soňra kiçijik Stratan öz ikinji albomyny çykarýar. Şol aralykda Kleopatrany premiýa bilen sylaglanyş dabarasy hem bolup geçdi.

Akrit Ýaswal

Akrit Hindistanda doguldy. Irki dogulan döwründe çaga özine uly üns çekdi. Kiçijik Akrit öz goňşysynyň eli bişendigini bilip, gaýra goýman oňa kömek etmek çäresini geçirdi we netijede onuň kömegi ýerine bardy. Emma şol wagt ol şeýle ýagdaýlarda nähili ilkinji kömegi bermelidigini hiç hili bilmesede goňşysyna kömek etmegi başarypdyr. Şondan soňra Akrity kolledja ugratdylar we ol ýerde Hindistanda iň ýaş talyp bolup galdy.

Gregory Smit

Meniň pikirimçe, Nobel baýragy barada biziň hemmämiz bilýän bolsak gerek. Onuň nominanty hökmünde 12 ýaşly Gregory Smit boldy. Smit 90-njy ýylda ABŞ-da dogulýar. 2 ýaşynda okamagy öwrendi, 8 ýyldan soňra WUZ-a okuwa girdi, we ony 6 ýyldan soňra üstünlikli tamamlady. Nobel baýraga öz ornuny birnäçe sapar çykaryp görendir. Gynansakda, nobel baýragyny hiç hili alyp bilmändi. Gregory birnäçe ylmy işler bilen gyzyklanýar.

Saul Aaron Kripke

Saul ABŞ-da 1940-njy ýylda dogulýar. Başlangyç mekde birnäçe ylmy işleri öwrenýär. Soňra bolsa algebrany hem üstünlikli öwrenýär. Formal logik häsiýetleri düýbünden üýtgeden oglandyr. Oňa Garwarda işlemegi teklip etdiler, emma bu teklibi Saul ret etdi. Saul üçin ilkinji mekdebi tamamlap, soňra işlemegi maksat edinipdi. Şeýle hem boldy. Oňa köp ýerde iş teklip etdiler, emma ol ýene-de Garwardy saýlady.

Kim Ung-Ýong

1963-nji ýylda Koreýada Kim Ung-Ýong atly çaga dogulýar. Ol dünýäde iň akylly çaga diýlip hasaplanylýar. Wunderkind agyr meseleleri irki çaga döwründe çözmegi öwrendi. Kim 5 ýaşynda wagty birnäçe dilleri bilýärdi. Ung-Ýong Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Onuň dünýäde iň uly IQ derejesi bar, ýagny 210!


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 83. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs