TM HYZMAT BILMELI
Dünýäniň iň sowuk mekany


Dünýäniň iň sowuk mekany

Gyş paslynyň dowam edýän döwründe, megerem, dünýäniň iň sowuk ýeriniň nirededigi, köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ol Russiýanyň Ýakutiýa Respublikasydyr. Başgaça aýdylanda, Saha Respublikasydyr. Bu ýerde howanyň sowuklygy -65 gradusa ýetýär. Şeýle sowuk howada okuwçylar dynç alyşda bolýarlar. Raýatlaryň aşa sowuk howada kynçylyk çekmezligi üçin ähli şertler döredilmäge çalşylýar. Bu ýer demirgazyk ýarym şaryň iň sowuk mekanydyr. Şeýle hem şu wagta çenli howanyň iň sowuk derejesi 1933-nji ýylda Oýmýakon obasynda bolup geçdi. Şol ýyl howanyň temperaturasy -67,8 derejä ýetdi. Şeýle sowuk howada daşaryk çykýan adamlaryň, hatda kirpikleriniň hem doňýan pursatlarynyň suratlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görmek bolýar.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.8/5 (5 baha berildi berildi)

Okaldy: 160.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Jennet

Gyzykly sps
25.04.19 07:52

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak