TM HYZMAT BILMELI
Dürli ýurtlarda pissa görnüşleri


Köp ýurtlarda pissanyň öz görnüşleri bardyr. Birnäçe şolar ýaly “milli” pissanyň görnüşleri turistlary haýrana galdyryp, olar üçin ekzotik nahar bolup durýar. Olardan birnäçe mysal getireliň.

Russiýa
Russiýada pissanyň birnäçe görnüşleri bar, esasan ol ýerde pissanyň düzümine balyk goşulýar (sardindan losos çenli, käwagt bolsa losos ikrasy we kakadylan takgaz. Hökmany suratda bolmaly zatlaryň arasynda – sogan.

Yaponiýa
Bu ýurtda iň tanymal pissa pomidorsyz, peýnir bilen deňiz önümlerden ýasalandyr. Pissanyň iň ekzotik zady hem onuň reseptindäki çernillar, ýagny kalmarlardan çykýan çernillar bu iýmiti gara şekile öwürýär.

Swesiýa
Bu ýurtda pissanyn düzümine: towuk,banan,ananas,arahis girýär

Wengriýa
Bu ýerdede pissanyň aýratyn resept boýunça taýýarlaýarlar. Ýerli Langosz atly görnüş üçin (Langosz dünýände meşhur strip-food) fritýurda gyzdyrylyp, drojda garylýan hamyr ulanylýar. Ýokarsyndan gaýmak we arassalanan peýnir bilen ýapýarlar.

Liwan
Pissanyň ýerli görnüşiniň hem ady bar, ýagny “manakish”. Bu nahar adaty boýunça sowuk görnüşde ertirlige berilýär. Ol öz gezeginde döwlen ete dolanan we her dürli spesiýa goşulan nan bolup durýar.

Tursiýa we Armeniýa
Bu ýurtlarda pissanyň bir görnüşi “Lahmacun” bolup durýar. Düzüminde: çörek dänejikleri, dogralan et, gök önümler, gök ösümlikler, sogan we hökmany suratda pomidorlar.

Braziliýa
Bu ýurduň milli pissasyna ýaşyl nohut dänejigi goşulýar (ony Braziliýada gowy görýärler), şeýlelik bilen käşirli şugundur we üzümli bedene ýumurtgalar. Nany bolsa adata garaňda, has inçe.

Kosta-Rika
Bärde kokosly pissalary gowy görýärler. Şeýlelikde krewetkaly pissa hem bu ýerlerde meşhurdyr.

Fransiýa
Elsazda döredilen milli naharlaryň biri, ýagny “tart flambe” pissasydyr. Bekon, sogan we tworogly peýnirli ýogynlygy kiçeldilen nan üsti gaýmakly sously we agaçly peçde (hökmany şert) bişirilýär.

Angliýa
Düzüminde: pomidorlar, kartoşka, sosiska, kösük, bekon we towuk ýumurtgalar. Angliçanlar arasynda ertirlik hökmünde meşhur nahar. Gaty gymmat däl we koloriýaly.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (12 baha berildi berildi)

Okaldy: 605.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(4)



 Suray

Bet
10.10.18 16:07
 Anonimus

Beet
03.08.18 18:24
 Şasoltan

Mlds gati gowi üstünlik!!
14.07.18 11:54
 Nury

Ine munin interesting fackt
09.07.18 23:49

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak