TM HYZMAT BILMELI
"Durmuş" goşgy


Çöwrüp geýäýmeseň indi dünýäni,
Düzüw ýüzä geýer ýaly bolmady.
Bir gidäýseň umyt bilen ýadaman-
Soň öwrülip geler ýaly bolmady.

Näme bolanyny bilip bolmady,
Jyn urdumy, çüýredimi bu durmuş.
Üç adam gowy bolsa ýedisi erbet-
Kimiň gowydygyn biler ýaly bolmady.

Deňizlerä galkdy, joşdy derýalar,
Kimler saga, kimler sola baryarlar.
Aglasaň gülýärler, gülseň urýarlar-
Aglar ýaly, güler ýaly bolmady.

Bu durmuşda barmyka dokuzy düzüw,
Iň bolmanda bolsady ene-atasy.
Şolaram köp görýän ýaly bu durmuş-
Ene-ata mährinden doýup bolmady.

Dünýäň özem aljyraýar şu günler,
Kine doly, kitüw doly göwünler.
Şeylebir çiglipdir çiglen düwünler-
Çapaýmasaň çözer ýaly bolmady.

Biri ýetimlikde ösüp ulaldy,
Biri ýesirlikde ösüp ulaldy.
Ýene biri yetim-ýesir ulaldy-
Bu durmuşda ýaşar ýaly bolmady.

Bir oglan bar, ýöne adyn aýtmady,
Kaka mährinden ol doýup bilmedi.
Gara daşdan ýaly onuň ýüregi-
Şeýle kakalary söýer ýaly bolmady.

Ol oglan barada gysgaça aýtsam,
Iki hossary bar ýagty jahanda.
Olam ejesidir, hemem jigisi-
Başgalara bil baglar ýaly bolmady.

Derdimiz kän haýsy birin aýdaýyn?!
Eje seňkidenem kyn meň ýagdaýym.
Seni munda goýup gidip arkaýyn
Umyt bilen öler ýaly bolmady...

Bu goşgyň awtory durmuşda ýanan,
Hiç kime miýesser etmesin ýanmak.
Her kime gowydan gowyny diläp-
Umyt bilen ýaşar ýaly bolmady...

Awtor: Käbir sebäplere görä awtor özüni tanatmady.


Makala baha ber:

Reýting: 4.8/5 (9 baha berildi berildi)

Okaldy: 214.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Ahmedik

Hormatly “Real” ýok ol däl
20.03.19 11:17
 Real

Kerim hallymyka awtory
17.03.19 12:52
 Maral

isin ileri dogamyna garasyas
11.03.19 04:09
 jem_l

Bu goshgyñ awtory bolmasa-da yuregimizde uly orun goyanlaryñ biri boldy..
10.03.19 13:25
 M

Galamyn yiti
10.03.19 01:33

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak