TM HYZMAT BILMELI
"Dursun" goşgy


Bir gyz gördüm, 65-iň ilinde,
Ony söýdüm nädeýin men dostlarym?!
Şo bolmasa ýaşaýyşa höwes ýok-
Söýenimi almasam ýüregim DURSUN...

Ol gözeliň adyn biler bolsaňyz,
Gözelleň gözeli owadan DURSUN.
Dünýäde ýeke-täk dogulan ýaly-
Bu dünýäde baky "DURSUN" ady bar...

Ýüzleri owadan periler kimin,
Gözleri owadan bägüller kimin,
Sözleri ýakymly ähli sözlerden-
Söýenimi almasam ýüregim DURSUN...

Dursun janym her bir aýdan sözleriň,
Ýüregimde ýaňlanýar saz-owaz bolup.
Bilbilleriň owazy dek seň sesiň -
Ömrümiň dermany owadan DURSUN...

Ahmet diýer meleje gözleriňe bakyp,
Ähli gözellerden seni saýladym.
Goýsalar saňa derek ýüz milliard gyzy-
Diňe seni saýlaryn owadan DURSUN...

Bellik: Şu goşgy kursdaşym Dursunyň haýyşy boýunça düzüldi hem-de TM HYZMAT portalynda goýuldy. 17 minut 49 sekuntda düzülen iň çalt ýeke-täk goşgym.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.6/5 (21 baha berildi berildi)

Okaldy: 267.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Begenç

Gowy goşgy eken. Dowamyna garaşýarys.
14.07.19 23:03
 Maral

Gaty govyy
20.03.19 17:43
 Maral

Dovam
18.03.19 17:06
 Maral

🙋
17.03.19 19:35
 Love

Molodes sen👍
16.03.19 20:48
 Ronaldo

Tüweleme gaty gowy
16.03.19 18:34
 Maral

Tuveleme dine one
15.03.19 23:48

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak