Futbol äleminden gyzykly faktlar - TM HYZMAT BILMELI

TM HYZMAT BILMELI
Futbol äleminden gyzykly faktlar


Bir duşuşykda iň köp gol salan

Bir oýunçy bir duşuşykda näçe gol salyp biler? Bu nominasiýada Stefan Santis rekord goýdy. Bu waka 1942 ýylyň 13-nji dekabrynda Fransiýanyň kubogynda “Lans” we “Obri-Astýuri” duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşygyň netijesi 32:0 bolup Santis 16 gol saldy. Görenleriň aýtmagyna, garşydaşyň goragy pes bolup, Stefanyň her urgysy diýen ýaly ştrafnoýdan amala aşyryldy. Gyzykly ýeri, uruş döwründe futbolistlara oýun üçin pul tölenmeýär ekeni, olar nahar üçin ýa-da öz islegleri boýunça oýnaýardylar. Albert Ýüs “Lans” toparynyň treneri öz toparyna her bir salynan gol üçin balyk bermegi söz beripdi. Ynha-da oýunçylar, şol wagtlar ajaýyp naharlaryň birini gazanmak üçin tijendiler.

Iň agyr we gödek futbol duşuşygy

Her bir futbol söýüjiniň ýadynda hökmany suratda gyzyl we sary kartlar köp bolan oýun saklanyp galandyr. Esasy zatlaryň biri, bu “köplük” düzgün bozulanlygy üçin iki toparyňam başyna kartlar düşýärdi. A siz taryhda iň gödek we gaty bolany duşuşygy bilýärsiňizmi?

Şeýlelikde 1969-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň çäginde sport diýlip atlandyrmak kyn bolan futbol duşuşygy geçirildi. Oýun “Tonghem atly ýaş Sureý” klub bilen “Hauli” atly topary arasynda geçirildi. Oýunuň dowamynda toparlar 22 sany gyzyl kart aldylar. Bu nämäni aňladýanyna düşünýäňizmi? Her oýunçy düzgün bozma üçin meýdançadan çykarylypdy. Şol sanda gyraky sudýa hem oýunçylaryň çözgüdine goşulandygy üçin çykaryldy. Belli däl ýa arbitryň keýpi gowy däl bolmaly ýa-da oýunçylar beter çyzykdan çykan bolmaly, nähili bolsada meýdançadan hemme oýunçylar çykaryldy we oýnamaga adam galmady.

Iň çalt golkiper

Djo Hart atly derweze goragçy iň çalt golkiper adyna eýe boldy. Bu waka “Mançester Siti” – “Mançester Unaýted” toparlarynyň duşuşygynda bolup geçdi. “Mançester Siti” topary 0-1 hasap bilen utulyp gelýärdiler. Duşuşygyň soňky minutlary gidip başlanda oýunçylar derweze goragçy bilen bile hüjüme geçip, gury utulmazlygy ýüregine düwdiler. Emma wakalar garaşylmadyk ýagdaýa öwrüldi, topy garşydaşlar alyp kontrataka geçdiler. Hart atly derwezeçi hemme hüjüme gelýän oýunçylardan geçip, derweza urulan topy çykarýar, netijede öz toparyny ýene bir goldan halas edýär.

Indi bolsa sanap göreli: meýdanyň uzynlygy 106 metr. Golkiper meýdançanyň ikinji böleginden ýörap başlady, diýmek ondan derwezä çenli 86 metr galýar. Djo Hart bu aralygy 11 sekuntda ylgap geçdi. Eger hasaplasak, onda 100 metri derwezeçi 12.8 sekuntda geçip bilerdi. Netije elbetde iň gowsy däl, emma garşydaşlaryň tizligi bilen deňeşdirilende bu netije gaty gowydyr.

Futbolyň taryhynda iň çalt gol

Ginnes rekordlar kitabynda iň çalt gol salynan duşuşyk bellige alynypdyr. Duşuşyk başlanyndan soňra 2.8 sekuntda gol salyndy. Elbetde 2.8-denem irräk salynan duşuşyk bar.

Mysal üçin: Angliýanyň söýüjiler liganyň oýunçysy Mark Berrouzy alsak (ol wagt 2004-nji ýyl) “Kouz” toparynyň ätiýaçlyk toparçada oýnaýardy. Grafstfanyň futbol çempionaty başlady. Bir zat bilen tapawutlanmak maksady forwarda duşuşyk başlap, eminiň sigyrmagyndan soňra ähli güýji bilen garşydaşyň derwezesine topy depip göýberdi. Top derweza barmak üçin 2 sekunt wagt gerek boldy. Marka howa şertleri kömek etdi diýlip hem aýdylýar, emma fakt fakt bolup galýar.

Kimbir biriňizi geň galdyrýan bolsa, ynha ýenede professional duşuşykda bellige alynan fakt. “Al Hilal” bilen “Al Şoalah” – atly toparlaryň arasynda duşuşyk geçirilende, 21-ýaşly Nawaf Al Abed atly oýunça Mark Berrouzyň üstünligini gaýtalap bildi we oýun başlanyndan soňra topy 2 sekuntda derwezä salmagy başardy. Elbetde salynan goly derwezeçiň ünsüzligine çekip bolar, emma fakt ýene-de fakt bolup galýar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 94. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs