TM HYZMAT BILMELI
Futbolyň taryhy hakynda


Futbol – dünýäde iň meşhur we köpçilikleýin sportdyr. Millionlarça janköýerlere şatlyk sowgat berýär, futbol klublaryň girdejileri birnäçe ýurtlaryň býudžetlary bilen deňeşdirilýär, oýunçylaryň meşghurlygy bolsa köp ykdysadyýetçileri we sungat ýyldyzlary haýrana galdyrýar.

Futbolynyň döreýşiniň doly taryhyny aýtmak kyn. Sebäbi her dürli wagtlarda dürli ýurtlarda futbola meňzeş toply oýunlar döräpdir. Emma häzirkizaman futboly kolledjleriň talyplarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp başlan döwürlerinden öz başyny alyp gelýär, ýagn 21 asyrdan. Her bir kolledja öz düzgünleri bar, ol bolsa duşuşyklary geçirmegi diýseň kynlaşdyrýady. Ähliumumy ýeketäk düzgüni goýmak synynanşygy 1846-njy ýylda boldy. Soňra 1855-ji ýylda ilkinji “Şeffild” atly futbol klubyň düýbi tutuldy. 1863-nji ýylda uzak wagtlaýyn ylalaşyklaryň netijesinde Angliýanyň futbol assossiýasynanyň düzgünnamalary kabul edildi, bu bolsa häzirkizaman futbolyň köp wagtlap dörändigine şaýat bolýar.
ş
Iňlis dilli ýurtlaryň köpüsinde futbola “sokker” (soccer) diýlip atlandyrýarlar. Bu at association footbol (“Asossiýasiýanyň düzgünleri boýunça futbol”) atdan üýtgedilip gelip çykandyr. “Sokker” ady esasan futboluň başga görnüşleri bar ýurtlarda has meşhurdyr, mysal üçin: regbilig, amerikan futboly we kanada futboly.

Futbolyň nyşany top. Emma ähli söýüjiler hem bilýän däldir, 80% professional toplaryň Pakistanda öndürilendigini. Bu kän bir futbol tarapyndan ösüşi bolmadyk Hindistan bilen araçäk saklaýan ýurtda Siýalkot atly şäheriň fabrikalarynda dünýäniň iň gowy kožaly toplaryny elde ýasaýalarlar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.0/5 (5 baha berildi berildi)

Okaldy: 212. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Kerim

makalaňyz üçin köp sagboluň ýöne azyrak
27.08.18 18:39

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs