TM HYZMAT BILMELI
"Gabanýan" goşgy


Daşyňa üýşirip joralaryňy
Şolar bilen gürleşeniň Gabanýan
Aýna bakyp daranyňda saçyňy
Saňa bakýan aýnadan men Gabanýan.

Hossarlaryň çaý başynda jem bolsa
Eneň-Ataň saňa guwanyp baksa
Uýalaryň seniň daşyňda dolsa
Ynan seni hossarlaňdan Gabanýan

Içerde otyramda ýeke özüm
Ýadyma düşse söýýän diýen sözüň
Gözöňüme getirip ýumsam gözüm
Ynan seni öz-özümden Gabanýan

Duşyşyga çagyramda özüňi
Tutanymda pamyk ýaly eliňi
Maňa bakyp süzeniňde gözüňi
Däli kimin öz-özümden Gabanýan
Ynan seni ähli zatdan Gabanýan

©Annagurban Annagurbanow


Makala baha ber:

Reýting: 3.8/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 312.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(13)



 SheydA...{Lalisa}

Kop kishi gabanjanlyk gowy dal ol ynamayzlyk diyip dushunyaler. Aslynda gabanjañlyk- söyyan adamyny yitirmezlik; oz söyen yaryny basgalar bilen paylashmazlykdyr. Biz ona sey diyyas 😍SheydAtash😍 Sizi biri gabanyan bolsa onda siz ol adama bir omur boyy gereklisiniz....
20.04.19 21:35
 Graf

Soygi-gabanmak bilen owadanmyka diyan
31.03.19 06:59
 Gülsoltan

Men pikirimce liriki gahrymanyn gabanjanlygy cyn yurekden gelyan söygüsini dayanyar. Beyleki teswircilerinem pikirleri dogry. Yone islendik eserdede tasirliligini ceperciligini artdyrmak un biraz ulaltma bolup bilyar
28.03.19 13:46
 Anonimus

Men pikirimce liriki gahrymanyn gabanjanlygy cyn yurekden gelyan söygüsini dayanyar. Onsonom islendik eserdede tasirliligini ceperciligini artdyrmak un biraz ulaltma bolup bilyar
28.03.19 13:32
 Didar

Gabanmaly yone yerinde her zat ucin gabanyp yormeli dal.
27.03.19 22:35
 Seyda

Menem yoldasym gabanjan mena halamok
22.03.19 21:48
 Ahmedik

S. D. n. dogry belläpdir. Jem_l pikirleriňi jemle, teswirlerden netije çykar. Oýlanyp görmegiňi çynym bilen aýdýaryn
20.03.19 21:17
 Ahmedik

Hormatly jem_l, dogry aýdýaň, gabananda maňa bildirýän zady ýok, prosta pikirimi aýtdym. Onsoňam meniň aýdýanlarym ýalanmy? Sen şeýle gabanjaňlygyň tarapdarymy? Näme üçin medeniýetli gürlemegi başaraňzok? “Saňa näme” diýmek bilen mende aryň bar ýaly ýazypsyňyz...
20.03.19 20:19
 S. D. n.

Gosgy gaty gowy. Soyyan adam gabanar yone asa gabanmak gowy dal.
20.03.19 20:08
 Olika

Gawanjanlyk gowy dal masgalasyndan gabanan adam sony gowy dal!!!
20.03.19 19:36
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 13-4

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak