TM HYZMAT BILMELI
Gippersesly uçar 2 sagatda Pekindan
Nýu-Ýorka ýolgaçylary
eltmek mümkinçiligini döreder.


Hytaýda çalt depginde täze gipersesli uçaryň üstünde işler alnyp barylýar. Aýtmyşlara görä, uçaryň bady 8500 km/s bolmaly, bu bolsa sesiň tizliginden 6.5 esse çaltdyr.

Hytaý ylymlar akademiýasynyň alymlary bu uçaryň proektlaryny çyzyp, üstünde işleýärler. Uçar Pekindan Nýu-Ýorka birnäçe sagadyň dowamynda ýolagçylary we ýükleri daşamak üçin niýetlenilýär. Häzirki wagtda bu aralygy geçmek üçin 14 sagada golaý wagt gerek bolup durýar.

Kiçeldilen kopiýasyny eýýämden aerodinamik turbada test edildi. Döredijileriň aýtmagyna görä, test edilende uçar 6115 km/s-dan 8500 km/s aralykdaky tizlige çenli bat alyp bilipdir, diýmek tejribe üstünlikli geçdi.

Uçara at hem dakyldy – I-Plany. Emma ilkinji modeliň haçan çykjagy hakda, hiç hili maglumat aýdylmady.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (4 baha berildi berildi)

Okaldy: 349. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs